Ï Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň wekiliýetiniň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň wekiliýetiniň baştutanyny kabul etdi

view-icon 673
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň birinji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Katar Döwletiniň edara ediş gözegçiligi we aýanlygy boýunça gullugynyň Başlygy jenap Abdylla ben Hamad Al-Atiýany kabul etdi.

Wagyt tapyp kabul edendigi we ýüzbe-ýüz duşuşykda, döwletara hyzmatdaşlygynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman Katar Döwletiniň Emiri Hamad bin Halifa Al-Taniniň hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň halkyna ýollan mähirli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz öz gezeginde dostlukly Katar Döwletiniň Emiri Hamad bin Halifa Al-Tana özüniň iň gowy arzuwlaryny iberdi hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyga we iki halky dostluk däplerine daýanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen belledi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de Katar Döwletiniň hökümet toparynyň baştutany deňhukuklylyk, özara peýdaly we milli bähbitleri nazarda tutmak esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Şeýle hem duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň oktýabrynda Katar Döwletine bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyk esasynda döredilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm orny eýeleýändigi bellenildi.

Bilelikdäki topara Katar tarapyndan başlyklyk ediji Abdulla ben Hamad Al-Atiýa iki döwletleriň milli liderleriniň arasyndaky birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary hem-de söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ýola goýulýan işjeň aragatnaşyklar Türkmenistan bilen Kataryň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň özenini düzýär diýip belledi. Iki döwletiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, onuň ösuşlere gönükdirilendigini nazara almak bilen, söwda-ykdysady pudagy, ýangyç-energetika toplumy, ulag ulgamy, oba hojalygy, dokma senagaty, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Kataryň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanmalaryny bellemek bilen, belent mertebeli myhman Türkmenistanda daşary ýurt işewürligi üçin döredilýän oňaýly şertler, şol sanda ýurduň ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwaty, dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwürde ykdysady ösüşiň ýokary depginleri, şeýle hem amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de pugta kanunçylyk binýady daşary ýurtlar tarapyndan bildirilýän gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýändigini nygtady.

Türkmen döwletiniň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny aýtmak bilen, myhman türkmen paýtagtynda durmuşa geçirilen köp sanly iri desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr diyip belledi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz we Kataryň hökümet toparynyň baştutany hoşlaşanlarynda, iki dostlukly ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildrdiler.

Duşuşyga Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ibragim ben Abdul Rahman Al-Megaýsib gatnaşdy.