Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 626
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdan daşary mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Ukrainanyň wise-premýer - ministri Ýuriý Boýkony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, ukrain tarapynyň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da ösdürmäge çalyşýandygyny beýan eden Prezident Wiktor Ýanukowiçiň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz ukrainaly kärdeşine salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkmenistanyň birnäçe esasy ugurlarda däbe öwrülen köpýyllyk hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň özygtyýarly ösüşiniň ýyllarynda milli ykdysadyýetleriniň ýakyn we netijeli gatnaşyklaryna tarap alan ugurlaryny doly derejede şöhlelendirýän kuwwatly şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döredendigini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklarynyň uly geljegi barada aýdylyp, Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ýakyn wagtda Türkmenistana boljak döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze, goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Ikitaraplaýyn ylalaşyklary, şol sanda milli we sebit ähmiýetli möhüm bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmak iki ýurduň maksady bolup durýandygynyň tassyknamasydyr. Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginini bellemek bilen, möhüm milli taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Jenap Ýuriý Boýko berlen ýokary baha we bildirilýän uly ynam üçin hoşallyk bildirip, Ukrainanyň döwlet we işewürlik düzümleriniň, şol sanda dürli ugurlarda ýöriteleşen birnäçe iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat bolan toparyň wekilçilikli düzümi türkmen hyzmatdaşlary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ukrain tarapynyň uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar diýip belledi. Deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgam, metallurgiýa, ulaglar, şäher gurluşygy, obasenagat toplumy we özara gyzyklanma döredýän beýleki möhüm pudaklar görkezildi. Taraplaryň ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmäge bolan özara islegleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz we myhman söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini gözläp tapmagyň, hususan-da, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryny, ýöriteleşdirilen ýarmarkalary we sergileri guramagyň möhümdigini bellediler.

Döwletara gatnaşyklarynyň aýratyn ugry hasaplanýan gumanitar ulgamda iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurda özara gatnaşyklar ylym, bilim we medeniýet babatda gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat edýär, netijede, iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna, dostluk we doganlyk däpleriniň berkemegine ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň wise-premýer-ministri Ýuriý Boýko biri-birine ähli gowulyklary arzuw edip, iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň täze taryhy döwürde gyşarnyksyz giňeljekdigine we gerime eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow gatnaşdy.

* * *

Şu gün şeýle hem wise-premýer-ministr Ýuriý Boýkonyň ýolbaşçylygyndaky Ukrainanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşdy. Şonda köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda nebitgaz, ulag we gurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.