Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Muhammed Ben Saad Ben Haled Al Saudy kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Saud Arabystanynyň Patyşasy Abdalla ben Abdel Aziz Al-Saudyň we ýurduň mirasdüşer şazadasynyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny gowşurdy. Muhammed Ben Saad Ben Haled Al Saudyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistan bilen ýola goýlan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ýolunda türkmen halkynyň ýeten derejeleri uly ruhubelentlik bilen kabul edilýär.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de patyşa maşgalasynyň agzalaryna tüýs ýürekden çykýan mähirli sözlerini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ilki başdan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini belledi. Iki ýurduň arasynda soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň täze hile we many-mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy gyzyklanmalara jogap bolup durýan özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatynyň bardygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn gatnaşygyň ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Şunlukda, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky taraplaryň üýtgewsiz erkine we netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn meýillere daýanýan döwletara gatnaşyklaryna ýokary derejä eýedigi bellenildi.
Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Muhammed Ben Saad Ben Haled Al Saud Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň okgunly ösüşini we onuň halkara giňişligindäki belent abraýyny şertlendirýän döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri emele getirýär diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi hoşlaşanlarynda, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilip, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Turki Ben Haled Ben Faýsal Al Haşr gatnaşdy.