Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 697
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň ýanwar aýyndaky netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň guramalarynda we bank edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň birinji aýynyň deslapky netijeleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň, hususan-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” üstünlikli ilerledilmegi ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

2012-nji ýylyň ahyrky netijeleri boýunça halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda gazanylan ýokary netijeleriň hasabyna jemi içerki önümiň ösüş depgini 111,1 göterim üpjün edildi. Daşary söwda dolanyşygy 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21,4 göterim artdy. Hasabat döwründe özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 38 göterim ýokarlandy.

2013-nji ýylyň ýanwar aýynda 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 112, 2 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirilip, onuň girdejileriniň meýilnamasy 112,2 göterim, çykdajylar boýunça bolsa meýilnama 94,8 göterim berjaý edildi.

Hasabatda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda alnyp barylýan gurluşyklary öz wagtynda üstünlikli amala aşyrmak babatda guramaçylyk işleriniň güýçlendirilendigi bellenildi.

Ýanwar aýynyň jemleri boýunça býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary hem-de pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi.

Sarp ediş bazarlaryň harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, “Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda işlenip taýýarlanylan kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Şu resminama laýyklykda, biziň ýurdumyzda ulanylmagyna rugsat berlen ululyklaryň ölçeg birlikleriniň sanawyny tassyklamak göz öňünde tutulýar. Şol ýedi sany esasy ululyklaryň ölçeg birlikleriniň hataryna Ölçegler we agramlar boýunça halkara Baş maslahaty tarapyndan kabul edilen uzynlyk, agram, wagt, elektrik togunyň güýji, termodinamiki temperatura, jisimiň mukdary, ýagtylygyň güýji girýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň depginine kanagatlanma bildirip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileri gazanmak üçin mundan beýläk hem ähli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Bu iş toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ulanylmagyna rugsat berlen ululyklaryň ölçeg birlikleriniň sanawyny tassyklamak hakyndaky resminamanyň taslamasy barada durup geçip, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň öňünde durýan weipeleri öz wagtynda çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz hödürlenen resminamany, umuman, makullap degişli karara gol çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şonda bölek söwdanyň möçberi 7,9 göterim, lomaý söwdanyň möçberi bolsa 21,4 göterim ýokarlandy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça şu ýylyň birinji aýy üçin önümçilik meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýerlenen önümleriň möçberiniň ösüş depgini 147,7 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýynda haly önümleriniň 3 müň inedördül metrden gowragy öndürildi. Ösüş depgini 123,6 göterime deň boldy. Harytlyk önümleri ýerlemegiň möçberi 31 göterim artdy. Haly önümleriniň eksportunyň ösüş depgini 105,1 göterime deň boldy. Korporasiýa boýunça girdejiniň derejesi şol döwürde 11,4 göterim ýokarlandy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar aýynda alnan girdejiniň möçberi 109,9 göterime deň boldy. Ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin alnan girdejiniň ösüş depgini 158,6 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde senagat önümleri 44 göterim köp öndürildi. Oba hojalyk önümleri 12 göterim artyp, ilata edilen hyzmatlaryň möçberi 20 göterim ýokarlandy. Umumy haryt dolanyşygy bir aýda 10 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn maksatnamalarda bellenilen ösüş sepgitlerini gazanmak üçin önümçilik düzümini yzygiderli kämilleşdirmek we bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýmak zerur bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işewür halkara gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmegiň we maýa goýumlaryny çekmegiň hem-de ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary döwletlere iberilişini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz şol wezipeleri çözmegiň toplumlaýyn häsiýeti ýurdumyzyň söwda we dokma pudaklarynyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly amala aşyrmaga, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge mümkinçilik berer diýip belledi.

Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýeňil senagatyny, önümçilik söwda ulgamyny we hyzmatlar ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçen aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Bitarap Türkmenistan döwletara derejesinde bolşy ýaly, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýulýan söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky gatnaşyklaryň ösüşi okgunly häsiýete eýedir. Ýanwar aýynda Türkmenistana daşary ýurtly wekiliýetleriň onlarçasynyň gelendigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde biziň ýurdumyzyň wekiliýetleriniň köp sanlysy daşary ýurtlarda boldy. Şeýle hem özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegi ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. Hususan-da, hasabat döwründe söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hindi toparynyň 4-nji mejlisi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar Hökümetara toparynyň bilelikdäki birinji mejlisi, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain hökümetara toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Bu çäreler degişlilikde Nýu-Delide we Aşgabatda guraldy. Geçen aýda birnäçe halkara resminamalaryna gol çekildi. Olar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýolla goýulýan hyzmatdaşlyk hem okgunly häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan-BMG” Strategik maslahat geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň işi soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilendir diýip, wise-premýer belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirjekdigini hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň diplomatik korpusynyň öňünde goýlan dünýä bileleşigine agza ýurtlar hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen wezipeleriň uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli Liderimiziň 14-nji ýanwarda Mejlisiň deputatlary bilen bolan duşuşykda milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan ilkinji nobatdaky wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly parlament tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen işler hakynda döwlet Baştutanymyza habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen, ýurdumyzda geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýän ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň aýratyn möhüm ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini nazarda tutup, kanunçykaryjylyk işiniň birnäçe ugurlary boýunça täzeçillikleri girizmegi işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa öz gözegçilik edýän ulgamlarynda ýanwar aýynda geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi 3275 medeni çäreleriň, şol sanda halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň topary Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli guralan çärelere gatnaşmak üçin Minsk şäherinde boldy. Bu çäre Türkmenistanyň bu dostlukly ýurtdaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Ýanwar aýynda şeýle hem ýurdumyzyň Döwlet sirkiniň wekilleriniň Monako döwletine iş sapary boldy. Aşgabatda we Daşoguz, Lebap, Mary hem-de Balkan welaýatlarynyň merkezlerinde geçirilen amerikan kinofilmleriniň görkezilişi hem halkara çäreleriň arasynda agzalyp geçildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri nazara almak bilen, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milletiň Lideri ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent döredijilik ruhuna laýyk gelmelidigini belläp, täze taryhy döwrüň ideologiýasyny durmuşa geçirijiler bolan döredijilik intelligensiýasynyň goşýan goşandynyň halkymyzy ahlak we ruhy taýdan terbiýelemegiň kuwwatly esasy bolup durýandygyny hem-de häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünliginiň köp babatda olara bagly bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow şu ýylyň birinji aýynda gözegçilik edýän pudaklarynyň işiniň netijeleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, obasenagat toplumynyň ähli düzüm birliklerinde ýokary tehniki-ykdysady görkezijiler gazanyldy. 2012-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, önüm öndürmegiň, şeýle hem ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depginleri Oba hojalyk ministrligi boýunça 108,2 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 103,8 göterime, “Türkmengallaönümleri” assosiasiaýasy boýunça 141,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasy boýunça 102 göterime, Azyk senagaty assosiasiýasy boýunça 100 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 123,5 göterime barabar boldy.

Häzirki wagtda ähli welaýatlarda gowaçanyň ýazky ekişine gyzgalaňly taýýarlyk görülýär. Şu güne çenli munuň üçin bellenen ýerleriň 80 göterimden gowragy şüdügärlenildi. Agrotehniki kadalara laýyklykda, şüdügärlenen meýdanlar organiki we mineral dökünler bilen gurplandyrylýar, tekizleýiş işleri geçirilýär. Güýzlük däne ekinlerine hem ideg edilýär, olar goşmaça iýmitlendirilýär we ösüş suwy tutulýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, “Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda birnäçe ýyllaryň dowamynda dörän meseleleriň häzirki döwürde özüniň täzeçe, döwrebap çözülmegini talap edýändigini nygtap, ilkinji nobatda, daýhan birleşiklerini dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegiň, olara maliýe meselelerini çözmekde özbaşdaklyk we erkinlik bermegiň möhümdigini aýtdy. Şu maksat bilen oba hojalyk pudagynyň dolandyryş ulgamynda ähmiýeti uly bolmadyk käbir edaralary, ýagny welaýatlaryň we etraplaryň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini ýapmak maksadalaýyk bolar. Bu çäre oba hojalygyk pudagynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmäge we onuň işini netijeli guramaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi.

Ikinjiden bolsa, welaýat we etrap häkimliklerinde häzirki hereket edýän oba hojalyk toplumy bölümlerini oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliklerine we bölümlerine öwürmek gerek, munuň özi olaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bu müdirlikleriň we bölümleriň wezipesi hojalygy netijeli ýöretmegiň, suwy tygşytly peýdalanmagyň, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň häzirki zaman usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr. Mundan başga hem, şol müdirlikler we bölümler oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakyndaky” karara gol çekip, bu resminamada bellenilen çäreler oba hojalygynda düýpli özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegi, innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işlerini ylmy esasda ýola goýmagy maksat edinýär diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere bu kararyň sazlaşlykly ýerine ýetirilmegine, şeýle hem ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk çärelerine degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler we birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe awtomobil, demir ýol we howa ulaglary kärhanalarynda esasy görkezijiler boýunça ýokary ösüş depginine eýe bolundy. Hususan-da, demir ýol pudagynda ýük daşamagyň ösüş depgini 115 göterime, ýolagçy gatnatmak boýunça bolsa 109,7 göterime barabar boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hem görkezijiler degişlilikde 101,1 we 100,6 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda aragatnaşyk ulgamy boýunça telefon nokatlaryny oturtmak işi 175 göterim ýerine ýetirildi. Howa ulaglary pudagynda ýük daşamagyň ösüş depgini 139,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 104,4 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösüşiniň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr, serişde mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Döwletimiziň bu pudaklaryň tehnologik taýdan enjamlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn üns berýändigini aýratyn nygtamak bilen, milli Liderimiz wise-premýere toplumyň kärhanalarynyň işiniň hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy we ýokary dünýä ölçeglerine çykmak üçin innowasion çemeleşmeleriň, iş meýilnamalarynyň anyk berjaý edilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şu jähetden, döwlet Baştutanymyz ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata edilýän hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak toplumyň öňünde durýan möhüm wezipedir diýip belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy A.Ataýewe söz berdi. Ol garamagyndaky düzümiň alyp barýan işleri, milli hemra ulgamynyň taslamasyny ilerletmek we şunuň bilen bagly meseleler boýunça 20-25-nji ýanwarda Fransiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmek, milli ykdysadyýetimizi we ylmy-tehniki ösüşi senagatlaşdyrmak nukdaýnazaryndan türkmen döwletiniň kosmos işini ösdürmäge uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny gurmak we älem giňişligine çykarmak bilen bagly bolan ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, kosmos tehnologiýalary bilen iş alyp barmagyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, bu ulgamy kemala getirmek üçin uly ähmiýeti bolup, ylmy we amaly işleriň täze ugruny ösdürmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz bu agentligiň üstüne ýüklenen wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berip, kosmos işi üçin inžener-tehniki we ylmy işgärleri hünär taýdan taýýarlamagyň, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň we gaýtadan taýýarlamagyň ulgamyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki döwürde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş hem-de senagat düzümini ösdürmek babatda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda, dürli maksatly möhüm desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynyň ösüşini häsiýetlendirýän görkezijiler barada durup geçdi. Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça önümçilik işleriniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100 göterime barabar boldy.

Senagat ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda ösüş depgini 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106 göterime deň boldy. Sement önümçiligi babatda bu görkeziji 137,4 göterime, magdan däl materiallarynyň önümçiliginde 100,1 göterime, sozulan metal önümçiliginde 100,8 göterime barabar boldy.

Energetika ministrliginde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemi boýunça ösüş depgini 100,3 göterim boldy. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça bolsa bu görkeziji 101,3 göterime barabar boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça görkezilen döwürde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 113,6 göterim ösüş gazanyldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça iş önümçiliginiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104 göterime, hususan-da, ýol gurluşygy boýunça bu görkeziji 101,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk ulgamynyň hil taýdan täze derejä ynamly çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Köp sanly desgalary gurmagyň ýokary depginleri we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has pugtalandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz gurluşygyň hilini ýokarlandyrmak, iň täze ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar esasynda ýerli gurluşyk materiallarynyň önümçiligini mundan beýläk-de giňeltmek, gurluşykda bellenen möhletleri berk berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ýol gurluşygynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly şäheriň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, ýollaryň yşyklandyrylmagy, zerur bolan durmuş ulgamlarynyň çekilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oýlanyşykly çözülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalarda ýokary depginiň we döwrebap hiliň üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol 2013-nji ýylyň ýanwarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilen işleriň jemleri, döwlet durmuş syýasatyny hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatyň barşynda şu ýylyň birinji aýynda çagalar baglarynyň 2-siniň ulanmaga berlendigi bellenildi. Gyşky dynç alyş möwsüminiň barşynda Gökderedäki çagalar-sagaldyş merkezinde çagalaryň 6800-e golaýynyň dynç almagy guraldy.

Şu ýylyň 13-19-njy ýanwary aralygynda türkmen mekdep okuwçylary Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde matematika, fizika we informatika boýunça 9-njy halkara olimpiadasyna gatnaşdylar, şol ýerde kümüş medallaryň 2-sine we bürünç medallaryň 6-syna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkezini we Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini gurmak boýunça, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky halkara lukmançylyk merkeziniň durkuny täzelemek boýunça taýýarlyk işleri geçirildi.

Milli Liderimiz ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, sportuň we syýahatçylygyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini nygtap, şu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň bolsa, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönüden-göni ýardam etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljekde-de bu ulgamlarda ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milletiň saglygyny goramagyň döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan meýilnamalaýyn çäreleriň köp keselleriň öňüni almagyň we olary öňünden duýdurmagyň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berendigini, munuň näsaglygyň derejesini düýpli peseltmegi üpjün edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu ugurlar boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow şu ýylyň ýanwar aýynda nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa pudaklarynyň, şeýle hem balyk hojalygynyň kärhanalarynda alnyp barlan işleriniň jemleri baraha hasabat berdi.

Wise-premýer ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda döwlet Baştutanymyza habar berip, Garabogaz aýlagynda gidromineral serişdeleri gaýtadan işlemek arkaly taýýar önümleri öndürýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmaga degişli taslamalaryň taýýarlanylyşynyň barşy we bu ýerde dürli görnüşli himiýa önümleriniň önümçiliginiň ýola goýluşy barada hem aýtdy.

Milli Liderimiziň garamagyna “Nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan hem-de ugradýan terminaly gurmak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamany” mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berjek wezipeleri çözmäge ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak we tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, geljegi uly bolan uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan depginli özleşdirmek, täze desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tutuşlygyna alnanda, bularyň ählisi ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan uglewodorod ýangyjynyň çykyrylyşynyň möçberlerini gyşarnyksyz artdyrmagy, nebit önümleriniň giň önümçiligini tizleşdirmegi üpjün etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz himiýa senagaty barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň eýe bolan ägirt uly mineral serişdeleriniň, şol sanda Garabogaz aýlagynyň haýran galdyryjy tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn we netijeli peýdalanmagyň häzirki günüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi. Sulfat senagatynyň ösdürilmegi, mineral dökünleri öndürmekde öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän täze önümçilikleriň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny has-da pugtalandyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan hem-de ugradýan terminaly gurmak hakyndaky” karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümleriniň hasabat döwründe geçiren işleriniň netijeleri hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň sazlaşykly ösmegini şertlendirýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz ýataklaryny işlemek üçin daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini göz öňünde tutýan bu öňdengörüjilikli strategiýa laýyklykda, bu ýerde gazylyp alýnýan nebitiň we gazyň möçberleri yzygiderli artýar.

Wise-premýer nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat bermek bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda şertnamalaryň 64-si esasynda iş geçirmek bellenilip, olaryň 39-sy täze mowzuklar bolup durýar. Şol ylmy-barlag işleriniň jemleri boýunça edaralara we kärhanalara önümçilige ornaşdyrmak üçin degişli teklipler berler. Şonuň bilen birlikde, geofizikada, guýulary burawlamakda we ýataklary işlemekde öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmak maksady bilen, ylmy işler alnyp barylýar.

Şu ýyl “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty tarapyndan möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça ylmy-barlag işleriniň 27-sini geçirmek meýilleşdirildi. Işleriň uly möçberi “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag geologiýa-gözleg instituty tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Ýokarda aýdylanlar bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlary tarapyndan degişli pudak üçin ylmy işgärleri taýýarlamak babatda maksada gönükdirilen çäreler görülýär diýlip bellenildi.

Önümçilige innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy gazanylanlary işjeň ornaşdyrmak ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pudaklaýyn ylmyny hemmetaraplaýyn höweslendirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Milli energetika strategiýamyz ozaly bilen, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyny has-da döwrebaplaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak we onuň esasynda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary hilli taýýar önümleri çykarmak meselelerine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy hem-de olar boýunça wajyp çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň derwaýysdygyny ýene bir ýola belledi hem-de mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.