Ï Türkmenistanyň DIM-nde bolan duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde bolan duşuşyk

view-icon 579
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Antonio Dzanardi Landinyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen italýan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň köpugurly mümkinçiliklerini we durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Italiýa Respublikasy Türkmen döwleti bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hem, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugurlary boýunça, şol sanda soňky ýyllarda emele gelen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky oňyn gepleşikleriň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagy ileri tutulýan ugur hökmünde alyp barýan syýasatyna ýokary baha berip, jenap Antonio Dzanardi Landi türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar däp bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanmany beýan edip, özal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny, şeýle hem esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri baradaky pikir alyşmalar dowam etdirildi. Olaryň barşynda durmuş-ykdysady ösüşiň birsyhly ýokary depginlerini saklaýan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýygjamlaşdyrmaga Italiýa Respublikasynyň uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtap, jenap Antonio Dzanardi Landi türkmen we italýan halklarynyň barha depginli ösüş häsiýetine eýe bolýan dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy.

Ertir wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Hökümetde we pudak edaralarynyň birnäçesinde duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.