Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Nobatdaky iş maslahatynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, giň gerimde ýaýbaňlandyrylan Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi.
Hormatly Prezidentimizi nobatdaky iş maslahatyny açmak bilen, oňa öňi bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim öz çykyşynda welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasyny üstünlikli berjaý etmegiň çäklerinde sebitiň senagat we medeni-durmuş düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň kada laýyk amala aşyrylmagynyň bag nahallaryny ekmek möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekip, meýdan işleriniň öz wagtynda we göwnejaý derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň senagat hem-de durmuş-medeni düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlkili ýerine ýetirilmelidigini, ýurdumyzda giň gerimden belleniljek Halkara Nowruz baýramy mynasybetli işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň çäklerinde zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini häkime tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow häzirki döwürde ak ekinlere edilýän ideg işleri, gowaça ekiljek meýdanlary tekizlemek, çil çekmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler, oba hojalyk tehnikasyny ýazky möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, sebitde oba milli maksatnamasynda meýilleşdirilen möhüm desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, ekinlere ideg etmek işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny we sebitiň durmuş ulgamynda alnyp barylýan işleriň hemişe berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, olarda ýokary hiliň üpjün edilmegini gazanmagyň hem-de desgalary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmagyň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol häzirki döwürde hem-de bag nahallaryny oturtmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň degişli kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini, gurulýan desgalarda ýokary hiliň üpjün edilmelidigini we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmelidigini belläp, sebitde Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, iň jogapkärli günlerde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, gowaça ekişine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy we gurluşygy tamamlanan möhüm desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleriň netijeli we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, bu çäreleriň Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertidigini nygtady. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş ulgamyna degişli ähli çäreleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda milli Liderimiz welaýaty bilen bagly guramaçylyk meselelerine garap, degişli resminamalara gol çekdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen A.Jomartow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkimi, G.Bazarow bolsa Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkimi wezipelerine bellenildiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary D.Polatowa Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary J.Rozmuradow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldylar we N.Joraýew Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary, E.Nebiýewa bolsa Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildiler.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sebitde gurlup gutarylan we milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow hasabat bilen çykyş etdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, dänelik ekinlere ideg etmek, ýaz ekişine taýýarlyk görmek, bag nahallaryny ekmek, oba Milli maksatnamasynyň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim “Maryşeker” paýdarlar jemgyýetinde önümi gaýtadan işlemek we onuň kuwwatlygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda ak ekinlere ideg etmegiň möhüm çäredigini belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmagynyň derwaýysdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz sebitde gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda gurlup, ulanmaga berilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny möwsüme taýýarlamak, kärendeçileri mineral dökünler bilen ýeterlik derejede üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň başlygy W.Weliýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we öňde goýlan wezipeleri, häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, önümçiligi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Azyk senagaty assosiasiýasynyň önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, ýokary hilli azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak we onuň önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça maksada laýyk işleriň dowam etdirilmeginiň derwaýysdygyny belledi. Şu jähetden milli Liderimiz pudagyň kärhanalarynyň, hususan-da, “Maryşeker” paýdarlar jemgyýetiniň ähli kuwwatynyň doly güýjünde herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ähli meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň Oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlary jemgyýetleriniň “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýew çagyryldy. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaz ekişinde ulanyljak dürli görnüşli tehnikalary taýýarlyk hataryna öz wagtynda çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bar bolan oba hojalyk tehnikalarynyň degişli derejede saklanylmagyny hem-de mydama netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işleri hemişe gözegçilikde saklamagy berk talap etdi. Milli Liderimiz ekiş möwsümi döwründe, şeýle hem dänelik we beýleki oba hojalyk ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilýän döwründe tehnikalara zerur hyzmaty ýola goýmak bilen baglanyşykly işleri üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramow milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda gök zolaklary döretmek we ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ol täze tokaý we seýilgäh zolaklaryny döretmek, ýöriteleşdirilen hojalyklarda saýaly hem-de pürli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirilýän çäreler babatda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamanyň çäklerinde ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugur bolup durýar diýip belledi. Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, gök zolaklar döredilende agaçlaryň dürli görnüşlerini netijeli ulanmagyň derwaýysdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatlarda hem-de Aşgabat şäheriniň töwereklerinde ekilen bag nahallaryna degişli idegi üpjün etmek işine berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny belledi.
Ekologiýa abadançlygyny üpjün etmek ulgamynda Türkmenistan nusgalyk orunda bolmalydygyny milli Liderimiz tebigaty goramak ulgamynda ylmy işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Balakaýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda ekinleriň we ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň girewi bolan uly isleg bildirilýän mineral dökünleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak hem-de oba hojalygynyň dökünleriň dürli görnüşlerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi üçin mineral dökünleriniň önümçiligini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu wezipeler bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şu gün geçirilen iş maslahatynda gozgalan meseleleriň jemini jemläp, milli Liderimiz oňa gatnaşyjylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri häsiýetlendirmek bilen möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur mümkinçilikleriň bardygyny, bu ýerde göwnejaý guramaçylyk işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.