Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Kotam” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Kotam” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 766
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylary - prezidenti Muammer Agymy we wise-prezidenti hanym Seda Genguruny kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen görşüp, geçen ýyllarda ýola goýlan üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtlaryň, şol sanda türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmaga hemişe şatdygyny aýtdy. Olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Bellenilişi ýaly, “Kotam” türk kompaniýasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny, şol sanda dokma senagatyny we oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysallarynyň biri bolup durýar.

--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň we Türkiýäniň doganlyk gatnaşyklary täze itergä eýe boldy. Netijede, döwletara hyzmatdaşlygynyň çäkleri ep-esli giňeldi. Türk hyzmatdaşlarymyzyň gatnaşmagynda tutuş ýurdumyz boýunça gurlup ulanmaga berlen senagat, durmuş, medeni we önümçilik maksatly desgalaryň ençemesi munuň aýdyň subutnamasydyr - diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Myhmanlar uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň türkmen Lideriniň başyny başlan özgertmeler maksatnamalaryny, şol sanda welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassykladylar. Şol maksatnama häzir döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň çäklerinde “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Baştutanyna ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we bellenilen möhletinden öň tabşyrmak meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berdiler, şeýle hem özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlyk barada täze teklipler bilen tanyşdyrdylar.

Kompaniýa ynanylan taslamalary amala aşyrmakda döwlet Baştutanymyzyň belliklerini we maslahatlaryny hemişe nazara aljakdygyna ynandyrmak bilen myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, tutuş türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.