Ï Türkmenistan-BMG Bilelikdäki işçi toparyň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMG Bilelikdäki işçi toparyň duşuşygy

view-icon 679
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça Milli geňeşmeler meýilnamasyny taýýarlamak boýunça Bilelikdäki işçi toparyň ikinji duşuşygy geçirildi.

Milli geňeşmeleri utgaşdyrmak boýunça bu işçi topar şu ýylyň 9-njy ýanwarynda döredildi. Onuň birinji duşuşygy 17-nji ýanwarda geçirildi. Ady agzalan toparyň çäklerinde bilermenler toparynyň hem döredilendigini bellemek gerek. Onuň düzümine Türkmenistanyň DIM-niň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň wekilleri girýärler.

Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen Bitarap Türkmenistan adamzady biynjalyk edýän möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp düzmekde uly orny eýeleýär. BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine täzeçil we ýokary jogapkärçilikli çemeleşmek bilen biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbitlerine kybap gelýän halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işine uly goşant goşýar.

Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. “Türkmenistan-BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň işi däbe öwrülen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam etmelidir.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýöredýän oňyn özgertmeler syýasaty BMG-niň jar eden Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna doly gabat gelýär. Bu Maksatlar 2015-nji ýyla çenli dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, geljek döwür üçin ählumumy ösüş maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek zerurlygy ýüze çykdy. Geçen ýylyň iýun aýyndan BMG-niň howandarlygynda tutuş dünýäde degişli geňeşmeler öz işine başlady. Şeýlelikde, Türkmenistan 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOCOC) düzümine saýlanmak bilen, degişli mesele boýunça Milli geňeşmeleri geçirmäge taýýarlyk görmäge girişdi we meýletinçi ýurtlaryň düzümine girdi. Olaryň hatarynda häzir döwletleriň 60-dan gowragy bar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar—BMG-niň degişli düzümleriniň, işçi toparyň düzümine girýän Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri Milli geňeşmeler meýilnamasynyň ähli bölümlerini ylalaşdylar, şeýle hem ilatyň dürli gatlaklaryndan ybarat bolan üns berilýän toparlaryň düzümini we geňeşmeleri geçirmegiň usulyýetini tassykladylar. Meýilnama laýyklykda, Milli geňeşmeleri geçirmek 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlanar we iýun aýynda tamamlanar.

Bilelikdäki işçi toparyň nobatdaky duşuşygy şu ýylyň mart aýynda geçiriler. Onda 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy ösüşiň esasy maksatlary we wezipeleri boýunça Türkmenistanda Milli geňeşmeleri geçirmek üçin milli we halkara geňeşçileriň düzümini tassyklamak wezipesi durýar.