Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 740
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparyny dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, myhman Türkiýäniň kompaniýalarynyň maýa goýum ýagdaýy üçin oňaýly şertler döredilen we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin ähli şertler bolan geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Duşuşygyň barşynda işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa energetikada, saglygy goraýyşda, şeýle hem beýleki ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilişi, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň alyp barýan gurluşyklaryndaky işleriň ýaglaýy barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzy şertnamalaýyn borçnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň özüniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barmak üçin hemişe açykdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda dürli maksatly täze desgalary gurmak boýunça giň möçberli meýilnamalaryň ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň hem-de innowasiýalaryň nazara alynmagynda durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi biziň ýurdumyzda iş alyp barýan potratçy kompaniýalara bildirilýän baş talap bolup durýar.

Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary hakynda pikir alyşmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň baştutany biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasyny nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir ýola hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlyk esaslaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.