Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň Russiýa Federasiýasy tarapyndan başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Topara başlyklyk ediji A.W.Dworkowiçi kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny hem-de milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny gowşurdy.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de Russiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine özara peýdaly işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ozaly bilen bolsa abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kesgitlemegi hem-de ýokary we hökümet derejelerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginde has netijeli usullary işläp taýýarlamagy ugur edinýän bilelikdäki hökümetara toparyna aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy.
Döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de myhman iki döwletiň we dostlukly halklaryň bähbitlerini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşykary yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Duşuşykda haryt dolanyşygynyň yzygiderli artdyrylmagyny, öňi bilen bolsa ýokary tehnologiýaly önümleriň iberilýän möçberleriniň ýokarlandyrylmagyny, bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, şeýle hem gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, bilim, ylym ulgamlaryndaky ýygjam gatnaşyklaryň berkidilmegini ugur edinýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydygy aýratyn nygtaldy.
Russiýa Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýär we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidir diýip, jenap A.Dworkowiç milli Liderimiziň garamagyna Russiýa tarapyndan däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de onuň üstüniň ýetirilmegine gönükdirilen täze teklipleri hödürledi.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi hökmünde ýangyç-energetika toplumy, maşyn gurluşygy, oba hojalygy we başga-da birnäçe pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary görkezildi we bu ugurlaryň geljegi uludygy aýdyldy. Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň sazlaşykly ösýän türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri, söwda hem-de käbir taslamalara maýa goýmak üçin bar bolan mümkinçilikleri içgin öwrenýändikleri bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigi we ägirt uly goşant goşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmenistanlylary ýakynlaşyp gelýän ählihalk baýramçylygy bolan Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady hem-de parahatçylyk, rowaçlyk we döwlet ösüşiniň ägirt uly meýilnamalarynyň durmuşa geçirmegiň ýolunda täze üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin gatnaşdy.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparyna başlyklyk edijileriň duşuşygy boldy. Onuň çäklerinde Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleriniň azgalary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetrilişini ara alyp maslahatlşadylar we iki ýurduň birnäçe möhüm ugurlar bounça özara peýdaly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

* * *