Ï Türkmenistanyň Prezidenti täze guruljak möhüm desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti täze guruljak möhüm desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 595
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň durmuş we beýleki maksatly täze desgalaryň iri toplumyny gurmagy göz öňünde tutýan taslamasy bilen, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn edaralary, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan taýýarlanan beýleki gurluşyk taslamalarynyň birnäçesi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüne geldi, onuň eýwanynda taslamalaryň tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Tanyşdyrylyş çäresine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.

Geljekki täze desgalar hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän çyzgylar we maketler bolan planşetler Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlendi.

Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda döwlet Baştutanymyza häzirki wagtda türkmen paýtagtynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler hakynda we hususan-da, Aşgabat şäherini gurmagyň 13-nji nobatdakysy barada gürrüň berýän wideogörnüşler hödürlendi.

Aşgabady gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň taslamasy bilen Türkmenistanyň Prezidentini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew jikme-jik tanyşdyrdy. Şu taslama laýyklykda şäheriň günorta böleginde, Oguzhan köçesiniň ugrunda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň we dolandyryş binalarynyň täze iri toplumyny gurmak bellenildi.

Bu ýerde has oňaýly, ak mermere örtülen belent jaýlardan ybarat bolan özboluşly toplum gurlar, olar ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň buýurmasy boýunça bina ediler, şeýle hem dolandyryş we beýleki maksatly desgalar gurlar. Mysal üçin, şäheriň bu böleginde daşary işler, dokma, nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk toplumlarynyň, ulaglar we aragatnaşyk toplumlarynyň, ykdysady hem-de bank ulgamlarynyň, ylym, bilim we medeniýet ugurlarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin 12 gatly jaýlary gurmak meýilleşdirilýär. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň biri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça gurlar.

Bu ýerde her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň ikisi, her biri 160 orunlyk çagalar bagynyň ikisi, Çagalar döredijilik merkezi gurlar, paýtagtymyzyň bu künjeginde şeýle hem täze abadanlaşdyrylan seýilgäh hem peýda bolar.

13-nji nobatdaky meýilnama şäheriň bu böleginde ýaşaýan 40 müň ýaşaýja hyzmat etmek üçin niýetlenilen 4 gatly Saglyk öýüniň gurluşygyny hem özünde jemleýär. Bu ýerde müşderilere halkara ülňüleriniň derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty kepillendiriler. Täze Saglyk öýi dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Onda maşgala lukmanlary, ýörite ugurly hünärmenler bölümleri, tiz kömek, zenanlar üçin maslahat beriş bölümi, şeýle hem beýleki bölümleriň birnäçesi: maslahat beriş—keselleri anyklaýyş, hirurgiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, dikeldiş, sagaldyş, barlaghana bölümleri ýerleşer. Gündizki ýatylýan otaglar, dermanhana we naharhana hem göz öňünde tutuldy. Täze sagaldyş öýünde fitobar açylar, oňa barýanlara biziň ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlaryň esasynda taýýarlanylan otly çaýlar hödürlener, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki işini şol dermanlyk ösümliklere bagyşlady. Mundan başga hem bu ýerde 100 we 50 orunlyk mejlisler zaly, kitaphana, internet-kafe, şeýle hem awtoduralga ýerleşer.

Mundan başga hem paýtagtymyzy gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň taslamasy dükanlar bilen bilelikde, söwda we hyzmatlar ulgamynyň degişli düzümlerini döretmegi göz öňünde tutýar, olar ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatlarynda ýerleşer, şeýle hem Söwda merkezini, şol sanda 200 orunlyk üç derejeli iki sany awtomobil duralgasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň awtorlary adamlaryň boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin, şol sanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin şertler barada hem aladalandylar. Töwerekdäki abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen çäklerde çagalar üçin oýun oýnalýan we sport meýdançalary ýerleşer, şeýle hem jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýerler dörediler.

Şäheriň bu böleginde dolandyryş maksatly desgalaryň birnäçesini gurmak hem meýilleşdirildýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, şeýle hem beýleki guramalaryň hem-de edaralaryň täze edara binalary bar. Şäheriň bu böleginde “Aşgabathyzmat” önümçilik birleşiginiň “Owadan” durmuş hyzmaty öýüniň täze binasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, Aşgabady gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň taslamasy häzirki zaman ölçegleriniň ählisine we paýtagtymyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleri döretmegi maksat edinen toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge bildirilýän ýokary talaplara doly derejede laýyk gelýär. Aşgabadyň keşbini düýpli özgerden bu uly möçberli maksatnama netijesinde eýýäm şäherlileriň müňlerçe maşgalalary amatlylyklaryň doly toplumy bolan täze has oňaýly öýleriň eýeleri boldular. Şunda häzirki wagtda şäherlerde hem, obalarda hem häzirki zaman talaplaryna, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ülňülerine laýyk gelýän täze öýler bilen üpjün edip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda amala aşyrylýandygyny belläp geçmeli.

Garamagyndaky desgalaryň gurluşygynyň taslamalary hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew, Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekekçiler birleşmesiniň müdüriýetiniň başlygy A.Dadaýew döwlet Baştutanymyza hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň taslamasy, täze desgalaryň hödürlenen maketleri we çyzgylary hem-de olaryň ýerleşýän ýeri bilen jikme-jik tanşyp, geljekki täze desgalar babatda anyk bellikleriň hem-de maslahatlaryň birnäçesini aýtdy. Şu babatda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara garamagyndaky desgalary gurmaga, töweregindäki çäkleri abadanlaşdyrmaga hem-de şunuň bilen baglanyşykly ähli meseleleri çözmäge toplumlaýyn, utgaşykly çemeleşmäge degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, täze desgalaryň keşbinde häzirki zaman binagärlik pikiriniň öňdebaryjy üstünlikleri hem-de milli binagärligimiziň iň oňat däpleri sazlaşykly utgaşmalydyr diýip belledi. Geljekki täze desgalar ak mermere örtülen türkmen paýtagtynyň özboluşly binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam etdirip, binalaryň we desgalaryň içki hem-de daşky bezegine degişli meselelere oýlanyşykly, döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekip, milli bezegimizi şolarda işjeň peýdalanmagy maslahat berdi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurulýan täze desgalaryň ählisinde iň ýokary talaplara laýyk gelýän, şol sanda ekologiýa we estetika nukdaýnazaryndan ýokary hilli häzirki zaman gurluşyk serişdeleri ulanylmalydyr diýip, aýratyn belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany paýtagtymyzy ösdürmek we abadanlaşdyrmak, şäher düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine geljekde hem çynlakaý üns beriljekdigini nygtamak bilen, innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy üstünliklerini hem-de bu ulgamda iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagyň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy çelgileri bolup durýandygyny belledi.

Adamlaryň durmuşy, döredijilikli zähmeti, has oňat ýaşaýşy we dynç alşy üçin has amatly şertleri üpjün etmek üçin taslamalar işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirilen mahaly her bir ownuk zady hem eserdeň oýlanyşmak, şeýle hem abadançylygy we ygtybarly arassaçylyk kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmegi berk gözegçilikde saklamak gerekdir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol talaplar deň derejede paýtagtymyzda hem, tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem alnyp barylýan gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerine degişlidir diýip nygtady.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň maslahatlaryny we tekliplerini nazara almak bilen taýýarlanylan täze Abadan şäheriniň taslamasy hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlendi.

Soňra milli Liderimiz tanyşdyrylyş çäresine hödürlenen beýleki taslamalaryň birnäçesi bilen tanyşdy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew ulag-aragatnaşyk düzüminiň täze desgalaryny, şol sanda Amyderýanyň üstünden Türkmenabat-Farap demir ýol hem-de awtomobil köprülerini, Türkmenabat şäherinde Halkara howa menzilini gurmak boýunça taslamalaryň birnäçesini, şeýle hem Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilini ösdürmek we özgertmek boýunça taslamany döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan desgalaryň möhümdigini nygtap, welaýatlaryň we tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşi, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Türkmenistanyň amatly geografiki ýagdaýy bilen şertlenen üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek babatda olaryň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Amyderýanyň üstünden Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprülerini hem-de Türkmenabatda täze aerowokzal toplumyny gurmagyň taslamalaryna käbir düzedişleri girizip, tutuşlygyna alnanda olary makullady hem-de olary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Türkmenistanyň Prezidentini Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň täze Metbugat öýüni gurmagyň taslamasy we ýerleşýän ýeri bilen tanyşdyrdy. Ahal welaýatynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän çyzgylar bilen taslamalar hem milli Liderimiziň garamagyna hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti öňde boljak ählihalk tarapyndan söýülýän bahar baýramyna degişli meselä ünsi çekip, Nowruz baýramyna bagyşlanylan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün etmegi tabşyrdy, ol adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk, döredijilik hem-de ynsanperwerlik ýaly üýtgewsiz gymmatlyklary beýan edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň desgalarynyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi, olaryň gurluşygyna şu ýylda başlamak bellenildi. Wise-premýer “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça teklipleri we hususan-da, Dynç alyş merkezi bilen akwaparkyň baş meýilnamasyny hem-de täze has oňaýly 12 gatly myhmanhananyň taslamasyny hem milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Oba hojalyk pudagynyň önümçilik desgalaryny, hususan-da, Aşgabat şäherinde ýyllyk kuwwaty 14 müň tonna çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhanany hem-de Ahal we Mary welaýatlarynda bir ýylda 40 müň tonna kuwwaty bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanalaryny gurmaga degişli taslamalar bilen Türkmenistanyň Prezidentini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow tanyşdyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyza Daşoguz welaýatynda işläp gelýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň çäginde täze önümçilik bölümini gurmagyň taslamalary hödürlendi.

Öz nobatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Aşgabat şäherinde halkara uniwersitetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşiginiň täze ammar toplumynyň taslamalaryny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi, şol toplum Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk geler.

Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda wise-premýer A.Goçyýew ýokary derejeli kottežler toplumyny, Söwda merkezini we Dynç alyş merkezini gurmagyň taslamalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi, olary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurmak meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdüriýetiniň başlygy A.Dadaýew Söwda-dynç alyş merkeziniň taslamasy bilen döwlet Baştutanymyzy tanyşdyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki Ilçihanalarynyň binalarynyň taslamalaryny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hödürledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedow türkmen paýtagtynyň merkezinde gurulýan Hökümet binasynyň daşky we içki bezeginiň taslamalaryny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze nusgadaky döwrebap şäherçeleri gurmagyň taslamalary hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz olary tutuşlygyna makullamak bilen, bu babatda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän degişli häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki we ýol-ulag düzümleriniň ählisini döretmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti tanyşdyryş dabarasynda hödürlenen taslamalar bilen üns berip tanşyp hem-de olar barada birnäçe bellikleri we teklipleri aýdyp, her bir desganyň ýerleşdirilişi eserdeň oýlanyşylmalydyr hem-de onuň bellenilen maksadyna laýyk gelmelidir diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda şäherçeleriň häzirki zaman nusgalaryny gurmagyň taslamalarynyň üstünde durup geçmek bilen, bu babatda adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýokary ülüňlerini üpjün etmek möhüm ölçeg bolup durýar diýip belledi. Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň gurýan hem-de döredýän zatlarymyzyň hemmesi iň ýokary talaplara laýyk gelmelidir, sebäbi olar diňe bir häzirki nesillere däl, eýsem, Türkmenistanyň geljekki nesillerine hem hyzmat etmelidir diýip, milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, aýratyn nygtady. Innowasion ösüş we uzak geljegiň göz öňünde tutulmagy sazlaşyklylyk we has oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmek paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda daýanmagymyz zerur bolan çelgilerimiz, ine, şulardan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşiniň, türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň täze taryhy eýýamda Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň möhüm maksatlary bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtamak bilen, bu ýerde bolýan ýolbaşçylara işde we öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşyp, Ruhyýet köşgünden ugrady.