Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 655
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem olaryň geçirýän işlerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy hem-de ozal berlen tabşyryklaryň we görkezmeleriň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik hasabat berdiler.

Mejlisde ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini ilerletmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny, agzybirligini we jebisligini saklamak maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işlerine möhüm ornuň degişlidigini belläp, asudalygyň, abadançylygyň, halkymyzyň mundan beýläk-de jebisliginiň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň rowaç durmuşynyň baş kepilidigini aýtdy. Bu bolsa ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen okgunly öňe gitmegini şertlendirýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, giň gerimli harby özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şol özgertmeler özüne möhüm ugurlaryň birnäçesini, şol sanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegini we kämilleşdirilmegini, hünärli harby işgärleriň taýýarlanylmagyny, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň oňaýly gulluk etmegi we ýaşamagy üçin amatly şertleriň döredilmegini öz içine alýar.

Ýurdumyzyň goranyş ukybyny, milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmak we onuň düzümlerini kämilleşdirmek arkaly has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, türkmen halkynyň rahat we döredijilikli durmuşyny ygtybarly goramak maksady bilen, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamagyň, şeýle hem Watanymyzyň goragçylary üçin döwrebap derejedäki gulluk hem-de dynç alyş şertlerini döretmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm talapydygyny belledi.

Soňra çykyş eden Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew geçirilýän toplumlaýyn işler, ilkinji nobatda biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşulary we wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlarynyň arasyndaky dostluk serhetleriniň ygtybarlylygyny we mäkämliligini üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň düzümlerinde gulluk edýän serhetçileriň gullugy hem-de göwnejaý ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýdyp, düzüme degişli ähli desgalaryň gurluşygynyň barşyna we hiline, şeýle hem olary ulanmaga bermegiň möhleti boýunça tassyklanan iş tertibiniň ýerine ýetirilmegine gözegçiligiň yzygiderli üpjün edilmelidigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow ýurdumyzda kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegine berk gözegçilik edýän prokuratura edaralarynyň işleri hakynda hasabat bilen çykyş etdi.

Döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň hem-de tertip-düzgüniň göwnejaý ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekde prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleriniň möhüm häsiýete eýedigini aýtmak bilen, milli Liderimiz eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň işine yzygiderli gözegçilik etmek we her bir işe jogapkärçilikli çemeleşmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol geçen aýda IIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak we dürli düzgün bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki eýýamyň ruhuna laýyk gelýän jemgyýetçilik düzgünini üpjün etmekde, raýatlaryň kanuny hukuklaryny goramagy baş maksat edinýän Içeri işler ministrliginiň durmuşa geçirýän çäreleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz ministre ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine yzygiderli gözegçilik etmegiň derwaýysdygyny belledi.

Ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, onuň işini umumy ykrar edilen dünýä standartlaryna gabat getirmek boýunça alnyp barylýan köp ugurly işler barada milli Liderimize Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýew habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz öňlerinde durýan möhüm wezipeleri çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmeklerini üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň yzygiderli geçirilmelidigini tabşyrdy.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýew öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we berkitmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şol işler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze sepgitlerine tarap üstünlikli ilerletmek üçin binýat bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy düýpli seljerip we ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Geçen ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde gullugyň işgärleriniň ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän ýüklere bolan gümrük gözegçiligini döwrüň talaplaryna laýyk derejede alyp barmagy barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, gullugyň işgärleri üçin has amatly iş hem-de durmuş şertleriniň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow ýurdumyzyň hukuk goraýjy we saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde, ýurdumyzda neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna we sarp edilmegine garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işler hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz gullugyň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, olaryň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen ysnyşykly işlemegini, şeýle hem öňüni alyş çärelerini giňden guramagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz adamlaryň saglygyna we abadançylygyna ýaramaz täsirini ýetirýän endikleriň zyýany barada düşündiriş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işine kanagatlanma bildirdi we nobatdaky gezek Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni olara berlen tabşyryklaryň takyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine hem-de diňe goranyş, parahatçylykly häsiýete eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde giň gerimli özgertmeleriň geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyna çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň tehniki taýdan üpjünçiliginiň harby gullukçylar barada edilýän alada bilen bir hatarda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdigini bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiz geljekde hem ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny ýokarlandyrmak, tutanýerli zähmeti bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sütünlerini berkidýän türkmen halkynyň asuda, döredijilikli durmuşynyň kepili bolup durýan milli goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny berkitmek meselelerine aýratyn üns berer diýip aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň arasynda düzgün-tertibi güýçlendirmegiň, olaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, ýaş nesli watançylyk hem-de öz mukaddes harby borjuna birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine öňde goýlan maksatlary çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýol ugra Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli düzümleriň edara binalarynyň göwnejaý derejede saklanmagy, olarda durmuşa geçirilýän çäreleriň has-da kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.