Şu gün Türkmenistanyň hökümetinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary hanym Linn Treýsi bilen geçirilen duşuşyklaryň gün tertibine ikitaraplaýyn türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri girizildi. Myhman türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi.
Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatanaşyk, ynsanperwer ugurlarda we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Hanym Linn Treýsiniň aýtmagyna görä, türkmen döwletiniň energetika strategiýasy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli oňyn başlangyçlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda giňden ykrar edildi. Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, Türkmenistanyň durnukly artýan ykdysady kuwwaty, biziň ýurdumyzda işewürligi ösdürmek üçin döredilen amatly mümkinçilikler, şeýle hem türkmen topragynyň ägirt uly baýlyklary dünýäniň esasy kompaniýalarynyň wekilleriniň köp sanlysynyň, şol sanda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň gyzyklanmasyny artdyrýar.
Duşuşyklara gatnaşyjylar netijeli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, özara gyzyklanma bildirilýän dürli meseleler boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýtdylar.