Ï Milli Liderimiziň eserleriniň täze daşary ýurt neşirleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimiziň eserleriniň täze daşary ýurt neşirleri

view-icon 748
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çeh we iňlis dillerinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu çärä gatnaşmak üçin Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ginek Peýhanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyza geldi.


Tanyşdyryş dabarasyna hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny çeh we iňlis dillerine terjime etmäge gatnaşan esasy çeh alymlary bar.

Çärä gatnaşyjylara türkmen döwletiniň Baştutanynyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli işiniň ilkinji iki kitabynyň hem-de suratlar bilen bezelen “Ganatly bedewler” atly neşiriniň çeh we iňlis dillerindäki nusgalary hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi , lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleriniň dünýäniň halklarynyň köp dillerine terjime edilmegi netijesinde olar daşary ýurtlarda giň meşhurlyga eýe boldy we ýurdumyzda hem-de onuň çäginden daşarda alymlarda we hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi. Mysal üçin, türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň we halk fitoterapiýasynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitap derman senagaty ulgamyndaky alymlar we hünärmenler üçin uly ähmiýete eýedir. “Ganatly bedewler” atly kitap bolsa atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy we ylmy- populýar eserleriniň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi olaryň daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasy üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär, olara täsin tebigaty we ägirt uly baýlyklary, gadymy taryhy we medeiýeti bolan, häzirki döwürde ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan dünýewi, demokratik döwlet bolan Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ginek Peýha iki ýurduň arasyndaky dotsluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde täze neşirleriň möhüm ornuny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary okyjylary häzirki türkmen döwletiniň milli medeni mirasy aýawly saklamak we baýlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän syýasaty bilen tanyşdyrýar diýip, ilçi aýtdy. Lukmançylyk we atçylyk ulgamyndaky ajaýyp däpler bolsa şol mirasyň möhüm bölegi bolup durýar. Olar halkara ylmy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýäniň halklarynyň özara düşünişmegini berkitmek işine Türkmenistanyň mynasyp goşant goşmagyna ýardam edýär.



Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen döwletiniň Baştutanynyň çeh we iňlis dillerine terjime edilen neşirleriniň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň ylmy taýdan örän derwaýysdygyny hem-de örän gymmatlydygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli neşirde hödürlenýän maglumatlar Çehiýanyň derman senagatynyň işgärleri üçin örän peýdalydyr we ösümlik çig malynyň esasynda netijeli serişdeleri bilelikde işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitabynyň çeh dilindäki täze neşirleri türkmen halkynyň we bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna öwrülen “ganatly bedewleriň” dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder. Tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, bu kitap aýratyn hem atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenler üçin peýdaly bolar. Mälim bolşy ýaly, Çehiýa Respublikasynda ahalteke bedewleri bilen meşgullanýan atçylyk zawodlarynyň milli birleşigi hereket edýär. Onuň başlygy her ýyl Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanyp geçirilýän halkara maslahatyna yzygiderli gatnaşýar.

Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eseriniň ilkinji iki kitabynyň we “Ganatly bedewler” atly kitabynyň çeh we iňlis dillerine terjime edilen täze neşirleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylmy kitaphanasyna berildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň giň eýwanynda Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Serginiň esasy bölegini häzirki Türkmenistanda ägirt uly özgertmeleriň başyny başlan ajaýyp syýasatçy we täzeçe pikirlenýän alymyň -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eserleri düzdi.

* * *

Şol gün Çehiýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.