Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 751
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, söwda-ykdysady toplumy ösdürmegiň pudaklaýyn maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, döwlet edara ediş guramasynyň işiniň netijelliligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän guramaçylyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda geçirilmegi meýiilleşdirilýän Halkara maýa goýum maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýurdumyzyň degişli düzümlerinde we pudaklaýyn edaralarynda ýaýbaňlandyrylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň we dolandyryşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy, şol sanda häzirki döwürde döwletiň we jemgyýetiň oňyn ösüşiniň derwaýys guraly bolup durýan kompýuter tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň derwaýysdygyna ünsi çekdi. Söwda we dokma senagatynyň pudaklarynda döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmagyň baş şerti bolup durýan önümçilik düzümlerini kämilleşdirmek hem-de öndürilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şu jähetden döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolan daşary ýurt işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda Halkara maýa goýum maslahatynyň geçirilmegi daşary ýurt işewür toparlarynyň wekillerine Türkmenistanyň ägirt uly maýa goýum mümkinçilikleri barada has doly we anyk maglumat almagyna şert döreder.

Hyzmatdaşlygyň strategik we wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda, maslahatda geljegi uly maýa goýum taslamalary babatda anyk ädimleriň ädiljekdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde biziň ýurdumyzda türkmen döwletiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde we BMG-niň “Rio+20” durnukly ösüş boýunça maslahatynda öňe süren hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa mynasyp bolan işjeň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler alnyp barylýar.

Daşky gurşawy goramak ulgamynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, şeýle hem “Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň esasy düzgünleri hem-de Müňýyllygyň ösüş maksatlary esasynda hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasynyň guralyny kesgitleýän kararyň hem-de resminamalar toplumynyň taslamasy taýýarlandy. Şu resminamada ätiýaçlandyryş ulgamyna gabat gelýän pudaklar, kärhanalar anyklandy. Mundan başga-da, kararyň taslamasyna birnäçe resminamalar, şol sanda ätiýaçlandyryşyň tertibi hem-de şertleri beýan edilen düzgünnama goşulýar. Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyryşynyň girizilmegi daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, şeýle hem ekologiýa heläkçiliginiň zyýanlaryny çaklamak, öňüni almak we aradan aýyrmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça duýduryjy çäreler üçin maliýe serişdeleriniň kemala getirilmegine ýardam berer.

Daşky gurşawy goramak, biologik dürlüligi we tebigy serişdeleri göwnejaý saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Tebigaty goramak işini durmuşa geçirmek boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Görkezilen resiminalaryň taslamasyny umuman oňlap we karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz resminamanyň ähli düzgünleriniň göwnejaý derejede ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow indiki hepdede Ukrainanyň

Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ýurdumyza döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylda ýola goýlandygy bellenildi. Geçen döwürde iki ýurduň arasynda dürli derejelerde – döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde resminamalaryň 121-sine gol çekildi. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy, munuň özi netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degerli badalga berýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän belli ukrain kompaniýalary bilen bilelikde uly möçberli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işleri amala aşyrmak dowam etdirilýär. Soňky ýyllarda gumanitar-medeni ugur, şol sanda bilim ulgamy boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyna täzeden badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ähli wajyp ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, ýokary derejedäki türkmen –ukrain gepleşikleriniň möhüm ähmiýetlidigini belledi hem-de deňhukuklylyga, özara hormat goýulmagyna we özara bähbitlilige mahsus ýörelgelere esaslanyp, däbe öwrülen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dostlukly häsiýetlidigini nygtady. Milli Liderimiz türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda bilelikde işleşmek arkaly toplanan baý we oňyn tejribä hem-de dürli ugurlara degişli amatly mümkinçiliklere eýedigini hem-de şol ýagdaýlardan dolulygyna peýdalanmagyň iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ukrainanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy hem-de ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara badalga berip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň kanun çykaryjylyk işi we ýurdumyzyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk hem-de onuň gün tertibine girizilen birnäçe kanunçylyk resminamalary barada habar berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde kanunçylygy pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanda oňyn özgertmeleri durmuşa geçirýär hem-de giň möçberli işleri alyp barýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demkokratiýalaşdyrmak, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleri alyp barmak, halk häkimiýetlilik esaslaryny pugtalandyrmak ýolunda sazlaşykly ösüşi ugur edinýän wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde Mejlisiň maksada laýyk hem-de yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmeginiň zerurdygyny belledi.

Saýlawçylaryň ynamyna mynasyp bolan deputatlaryň öňünde uly jogapkärçiligiň durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz olaryň jemgyýetiň durmuşyna has işjeň gatnaşmagynyň, türkmen halkynyň abadançylygyny kepillendirýän oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini şertlendirýän kanunçylyk resminamalaryň amala aşyrylmagyna gözegçiligi alyp barmagynyň derwaýysdygyny nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa ýüzlenip, ata Watanymyzda giňden belleniljek toý-baýramlar mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk meseleleriniň üstünde durup geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Baýdak baýramy mynasybetli geçiriljek dabarlaryň ýokary derejede bolmalydygyny nygtap, geçiriljek çäreleriň meýilnamasy bilen Ministrler Kabinetiniň gelgek hepdede boljak mejlisinde çykyş etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Milletiň ruhy, ahlak we medeni taýdan ösüşinde medeniýet hem-de habar beriş serişdeleri ulgamlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn özgertmelere bolan döredijilikli çemeleşmeleri üpjün etmek, onuň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini hemmetaraplaýyn, öz wagtynda beýan etmek üçin milli medeniýetimiziň, habar beriş serideleriniň işini kämilleşdirmek meseleleriniň bir pursat hem ünsden düşürilmeli däldigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we gurlup ulanylmaga berilýän desgalar mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan çäreleriň ýagdaýy hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde sebitlerde gowaça ekişine taýýarlyk işleri netijeli we gyzgalaňly alnyp barylýar. Şu güne çenli gowaça ekmek üçin meýilleşdirilen meýdanlaryň 90 göterimine golaýynda şüdügär sürümi geçirildi. Agrotehniki kadalara laýyklykda, sürlen meýdanlar mineral dökünler bilen gurplandyrylýar, tekizleýiş işleri geçirilýär. Şeýle hem ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalaryň we ýokary hilli tohumlaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gowaça tohumlary her sebitiň toprak - howa şertlerine laýyklykda seçilip alynýar. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda ak ekinlere ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Olar goşmaça iýmitlendirilýär we ösüş suwy tutulýar.

Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna “2013-2020-njy ýyllar üçin biologik dürlüligi goramak boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň” taslamasy hödürlendi. Bu taslamany Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Bütindünýä ekologik gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň çäkerinde “Biologik dürlülik hakynda” halkara Konwensiýasynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen tebigaty goramagyň netijeli çäreler toplumy işlenip taýýarlanylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlerde, umuman aýdanyňda, obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäräniň möhüm ugry bolup durýan ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmakda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegine üns bermegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz möhüm wezipeleriň hatarynda ýagyn möwsumleri döwründe suwlaryň howdanlarda ýygnalmagynyň hasabyna ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş suwy bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz ýazky ekiş işlerine, hususan-da, gowaça we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “2013-2020-nji ýyllar üçin biologik dürlüligi goramak boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň” taslamasyny umuman oňlap, tebigaty goramagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ykdysady we durmuş ulgamynda alnyp barylýan ähli giň möçberli milli özgertmeler maksatnamasy adamlaryň durmuşynyň hemme ulgamlarynda möhüm şert bolan ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşyklydyr.

BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy konwensiýalaryny tassyklandygy, biziň ýurdumyzyň ekologiýa meseleleriniň giň toplumynyň çözgüdine gönükdirilen hereketlere işjeň gatnaşmaga taýýardygyny, şunlukda, öz üstüne alan borçnamalaryna çynlakaý hem-de jogapkärçilikli çemeleşýändigini äşgär etdi diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýroda Birleşen Milletler Guramasynyň “Rio+20” durnukly ösüş boýunça maslahatynda öňe süren halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bien durmuşa geçirilýän çäreler hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenabatda täze halkara howa menziliniň we Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsiniň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ähli kärhanalarynda täze işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň ulanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwletimiziň bu pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine hemişe goldaw berýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara howa hem-de demir ýol ulaglary kärhanalarynyň sazlaşykly işiniň we olaryň has netijeli hereket etmeginiň ýola goýulmagyna gönükdirilen zerur çäreleri alyp barmagy tabşyrdy.

“Türkmenabat şäherinde täze halkara howa menzilini gurmak hakynda” hem-de “Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini gurmak hakynda” kararlary makullap we olara gol çekip, döwlet Baştutanymyz halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady hem-de serişde kuwwatyny durmuşa geçirmekde möhüm şert bolup durýandygyny aýtdy. Şu jähetlen milli Liderimiz Türkmenistanyň çäginden geçýän we täze taryhy eýýamda sebitiň ähli ýurtlary bilen özara peýdaly söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdiilen demir ýol köprüsiniň gurluşygynyň halkara ugrunuň möhüm bölegidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam etmek bilen, täze howa menziliniň gurulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyny we ýük hem-de ýolagçy gatnawlary amala aşyrylanda hyzmatyň derejesiniň has-da ösüşini şertlendirer diýip belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynyň işi, bu pudaklary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer gurluşyk ulgamynda uly möçberli maksatnamalary amala aşyrmagyň, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsini gurmak boýunça taslamalary taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Lebap welaýatyny senagat taýdan ösdürmek hem-de obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamany amala aşyrmak bilen baglylykda, awtomobil köprüsiniň wajyp ähmiýetlidigini aýratyn belledi. Köpriniň ulanmaga berilmegi netijesinde ýolagçylaryň gatnawy gowulanar, hereketiň tizligi artar, ýurdumyzyň halk hojalygy üçin niýetlenen ýükleriň daşalýan möçberi has-da köpeler, iki kenardaky ilatyň ulag arkaly gatnawy üçin oňaýly şertler dörediler.

Döwlet Baştutanymyz şu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda binalaryň ýokary hilli derejede gurulmagynyň we bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň Türkmenistanda işleýän ähli gurluşyk kompaniýalaryna bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny aýtdy. Umuman alanyňda, awtoulag ýollarynyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalar ugur edinilmeldir, şol sanda degişli döwrebap düzümler döredilip, ýol hereketiniň howpsuzlygyna aýratyn üns berilmelidir. Amala aşyrylýan işleriň ählisiniň hili barada aýdylanda bolsa, munuň özi iň ýokary ölçeglere laýyk gelmelidir. Türkmenistanyň Prezidenti “Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsini gurmak hakynda” hödürlenen karary, umuman oňlap, oňa gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça alnyp barylýan igşler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammaryny gurmak hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi. Taslama laýyklykda, toplumyň düzümine umumy meýdany 10400 inedördül metre barabar bolan hem-de dürli derman we lukmançylyk serişdelerini saklamak üçin niýetlenen ammar girer, şonda himiki we mikrobiologiki derňewleri geçirmek boýunça barlaghana ýerleşer. Şeýle hem toplumyň düzüminde ýöriteleşdirilen kiçeňräk ammarlaryň bäşisi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ätiýaçlyk döwlet gorunyň ammary bolar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň, strategiki taýdan möhüm ähmiýetli täze derman serişdeleriniň işlenip çykarylmagyny özleşdirmegiň, şu ugra degişli ylmy-tehniki we innowasion mümkinçilikleri ösdürmegiň, ulgamy daşary ýurtlardan satyn alynýan dermanlary öndürmäge gönükdirmegiň we onuň eksporta degişli kuwwatyny artdyrmagyň derman senagatyny ösdürmek boýunça ýöredilýän döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu pudakda täze desgalaryň gurulmagyna we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine ileri tutulýan derejede üns beriljekdigini hem-de munuň pudagy hil taýdan täze sepgitlere ýetirmäge, ýurdumyzyň derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga we ilatymyzy özümizde öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermahana birleşiginiň döwrebap ammaryny gurmak hakyndaky” karara gol çekip, şeýle düzümli desganyň ýurdumyzyň derman senagatynyň kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de ýerli çig maldan derman we beýleki lukmançylyk serişdeleriniň taýýarlanýan möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam berjekdigini nygtady. Milli Liderimiz bu ammar enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilen mahalynda, ýurdumyzyň lukmançylyk bilen bagly maksatlar üçin niýetlenen serişdelerini, şeýle hem daşary ýurtlardan import boýunça getirilýän derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny aýawly saklamak üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ülňülerine laýyk gelýän ähli zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de şol taslamanyň amala aşyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz gezeginde “2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni üçin ýüküni özi düşürýän wagonlary satyn almak hakyndaky“ kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, düzümi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny belledi we bu ulgamda durmuşa geçirilýän çäreler ýutdumyzyň uglewodorod ýangyjynyň we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň giň görnüşleriniň möçberleriniň artmagyny şertlendirmelidigini aýtdy.

“Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni üçin ýüküni özi düşürýän wagonlary satyn almak hakyndaky” karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz onuň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän ulgamlarynyň işine we ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degişli meseleler barada hasabat berdi.

Hasabatda häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini doly möçberde özleşdirmegiň, ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümini düýpgöter döwrebaplaşdyrmagyň, nebitgaz çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, şu ugur boýunça öňde goýlan ähli wezipeleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň baý tejribä we kämil tehnologiýalara eýe bolup durýan öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmegiň möhümdigini belläp, munuň ýurdumyzyň türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köp ugurly ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen energetika strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.