Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 665
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny we möhüm milli maksatnamalaryny mundan beýläk-de amala aşyrmak bilen bagly ileri tutulýan meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol welaýatda işleriň barşy, oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Häkim şeýle hem ekin meýdanlarynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de welaýatda Halkara Nowruz baýramyny geçirmäge görülýän taýýarlyk boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bu çäreleri agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda alyp barmagyň, haşal otlara garşy göreşmek, aýratyn-da bugdaý ekilen meýdanlarda himiki serişdeleri netijeli ulanmagyň, şeýle hem oba hojalyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen netijeli gurplandyrmak üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz häkimden bu işe aýratyn üns bermegi talap etdi. Häzir howanyň amatly günlerinden ýerlikli peýdalanyp, ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleri geçirmegiň depginini has-da güýçlendirmek hem-de gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini bellenen möhletlerde ekmek üçin häzirden göwnejaý taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Etrap häkimleri adamlaryň arasynda, hojalyklarda, daýhan birleşiklerinde köpräk bolup, ekinlere nähili ideg edilýändigini baryp ýerinde görsünler diýip, döwlet Baştutanymyz munuň üçin etrap häkimleriniň iş tertibini kesgitlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz halkara Nowruz baýramyny bellemäge görülýän taýýarlyk işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Baýramçylygyň esasy çäreleri Ahal welaýatynyň gözel ýaýlasynda geçiriler.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalygynda işleriň netijeli ýerine ýetirilişini üpjün etmegiň, agrotehniki çäreleriň, şol sanda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça işleriň depginini artdyrmagyň möhümdigini belledi. Welaýatda kärendeçilere gowaça ekmek üçin ýerleriň bölünip berlişine gözegçilik etmegi tabşyryp, döwlet Baştutanymyz bu babatda etrap häkimleriniň şu işlere hem-de ýerlerde alnyp barylýan beýleki işlere hut özleriniň jogap bermelidigi barada häkime görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine degişli derejede taýýarlamagy häkimden talap etdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk boýunça Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew geçirilýän oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatyň obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekin meýdanlarynda gündelik işleri, şol sanda meýdanlary mineral dökünleri bilen öz wagtynda iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, şeýle hem oba hojalyk tehnikasyny gowaça ekişine degişli derejede taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz etrap häkimleriniň iş tertibini kesgitlemegi tabşyrdy. Olar hojalyklarda we daýhan birleşiklerinde geçirilýän ähli oba hojalyk işlerini hemişe gözegçilikde saklap, ýüze çykýan meseleleri öz wagtynda çözmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny gowaça ekişine taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda gurlan möhüm durmuş-ykdysady desgalarynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hem jikme-jik habar berdi.

Gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça welaýatda alnyp barylýan agrotehniki işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz haşal otlara garşy göreşmek we oba hojalyk meýdanlaryny mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek boýunça işleri netijeli geçirmegi, şeýle hem gowaça ekişine we galla oragyna tehnikanyň degişli derejede taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermegi talap etdi.

Gowaça ekişi bilen bagly bolan ähli agrotehniki işleriň öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini welaýat häkiminden talap edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda etrap häkimleriniň ýerlerde geçirilýän işlere hut özleriniň gatnaşyp, oba hojalyk möwsüminiň derwaýys işleriniň guramaçylykly ýola goýulmagyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz welaýatda gurlan, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ähmiýeti uly bolan desgalaryň açylyş dabarasyna düýpli taýýarlyk görmegi hem tabşyrdy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabatyny diňledi, ol welaýatyň oba hojalyk pudagynda işleriň barşy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlanan şugundyr ekmek we gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerine oňat hilli ideg etmek bol hasyl almagyň möhüm şerti bolup durýar diýip belläp, häzirki zaman talaplaryna we bellenilen agrotehniki kadalara laýyklykda göwnejaý işleri geçirmegiň zerurdygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ekilen şugundyra ideg etmek, bu oba hojalyk ekininiň bol hasylyny almak boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra milli Liderimiz welaýatyň häkimine obasenagat toplumyny ösdürmegiň maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklaryň birnäçesini berip, ýerlerde geçirilýän işler üçin etraplaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi, ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, guramaçylyk çäreleri, ýerleri, tehnikany we tohumy gowaça ekişine taýýarlamak babatda görülýän çäreler hem-de güýzlük dänelik ekinlere ideg etmek hakynda, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we oňat hilli ýerine ýetirilmeginiň bol hasyl ösdürip ýetişdirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, ylmyň gazananlaryny obasenagat toplumyna giňden ornaşdyrmagyň, pudagy yzygiderli ösdürmegiň, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda we ilkinji nobatda oba ýerlerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriniň döredilmegi ýaly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna ünsi çekmek bilen, wise-premýere bu ulgamda geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow hasabat bilen çykyş etdi. Paýtagtymyzyň häkimi şähergurluşyk maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, şäheri mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak maksady bilen täze binagärlik taslamalaryny işläp taýýarlamak, ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi gowulandyrmak hem-de şäher ýollaryny döwrebaplaşdyrmak barada görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşygyň ýokary hilini we gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ýaşaýyş jaý-durmuş düzümlerini ösdürmek we şäheriň durmuş ulgamynyň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça geçirilýän işleriň netijeliligini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda degişli inženerçilik we energetiki ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini, şäher ilaty üçin häzirki zaman amatlylyklaryny döretmegi häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýola goýmagy birsyhly gözegçilikde saklamak barada şäher häkimine anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Döwlet Baştutanymyz baş şäherimizde köçeleriň birkemsiz arassalygyny, ýaşaýyş jaýlarynyň we ýollaryň abadançylygyny saklamagyň, arassaçylyk kadalaryny we düzgün-tertibi gyşarnyksyz berjaý etmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekip, türkmen paýtagty gürrüňsiz suratda bütin dünýäde nusgalyk şäherleriň biri bolmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyda gurluşyk işleriniň barşy, gurluşyk serişdelerini öndürmegiň hilini gowulandyrmak we möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gurluşyk, senagat ulgamlaryny we energetika pudagyny ösdürmegiň ýokary depginlerini saklap galmak ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar, bellenilen meýilnamalaryň hem-de uzak möhletli milli maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi şoňa baglydyr diýip nygtady. Bu babatda döwlet Baştutanymyz gurluşygyň depginlerini, gurluşyk serişdelerini öndürmegi mundan beýläk-de artdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady, olar iň ýokary talaplara we häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikany has giňden peýdalanmak wezipesini öňde goýdy.

Hormatly Prezidentimiz bu meseläni dowam etdip, ulag–aragatnaşyk düzüminiň Aşgabadyň durmuşyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýändigini nazara almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda we ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň geljegi göz öňünde tutulyp, amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz çylşyrymly inžener-tehniki desgalary gurulýan döwrebap ýolar ak mermere örtülen paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň gözelligini we özboluşlylygyny baýlaşdyryp, binagärlik sungatynyň bir parçasy hökmünde şäherimiziň ajaýyp keşbi bilen utgaşmalydyr diýip belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi, ol ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet durmuş syýasatynyň we milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, ýurdumyzyň bilim edaralaryny häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we ylym, bilim, saglygy goraýyş sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlaryň ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan ähmiýetiniň bardygyny, şol pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönüden-göni ýardam etmelidigini nygtap, bu ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda biziň ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belläp, şu maksat bilen hemme ýerde täze häzirki zaman sport desgalary gurulýar we ulanylmaga berilýär diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylary bedenterbiýe we sport hereketine has giňden çekmegiň hasabyna bu işi işjeňleşdirmek zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, durmuş ugruna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, onuň raýatlarynyň abadan hem-de bagtly durmuşyny üpjün etmäge ýardam eder diýip ýene-de bir gezek nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine işde we olaryň öňünde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.