Ï Ukraninayň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ukraninayň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

view-icon 557
Şu gün Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi.

Ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşyk Türkmenistanyň we Ukrainanyň soňky ýyllarda ähli möhüm ugurlar, ilkinji nobatda bolsa ykdysady we medeni-gumanitar pudaklarda üstünlikli ösdürilýän köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine çuňňur gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösüşi döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak häsiýetini kesgitleýär. Dürli derejedäki wekiliýetleriň saparlarynyň alşylmagy şol gatnaşyklaryň pugtalanmagyny şertlendirýär. Iki dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da jebisleşmegine kuwwatly itergi berýär.

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 20 ýyldan gowrak munda ozal biziň ýurtlarymyz netijeli syýasy gatnaşyklaryň we milli ykdysadyýetleriň kuwwatlanmagyna täsiri bolan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisinde bellenilişi ýaly, Ukrainanyň milli Lideriniň bilelikdäki iş üçin ygtybarly binýady emele getirjek bu saparyna ykjam taýýarlyk görülmelidir. Şonda iki ýurduň arasynda döwletara, hökümetara we pudagara derejede 120-den gowrak resminamalara gol çekilendigi bellenildi. Ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň netijesinde iki ýurduň ilçihanalary üstünlikli hereket edýär, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain Hökümetara topary döredildi, möhüm bilelikdäki taslamalar, şol sanda derwaýys we düzümleýin desgalaryň gurluşygy durmuşa geçirilýär.

Özara peýdaly hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa edilmegine ýardam berjek ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşikleriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan hyzmatdaşlygyň diňe bir bilelikdäki işiň netijesinde toplanylan oňyn tejribelere daýanmak bilen çäklenmän, eýsem iki ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän köpugurly mümkinçilikleriň doly durmuşa geçirilmegini ugur edinýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetine Lebap welaýatynda ulag we aragatnaşyk düzümin degişli birnäçe desgalar, şol sanda Türkmenabatd şäherindäki halkara howa menziliniň, şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurluşygy ynanyldy.

Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşiklere taýýarlygyň çäklerinde iki tarapyň deslapky iş toparlaryna gatnaşyjylar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wiktor Ýanukowiçiň arasynda boljak bu duşuşygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň, düzümleriniň, şol sanda 2013-nji ýylda Ukrainanyň başlyklyk edýän Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryna mundan beýläk-de kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Bu gezekki Aşgabat duşuşygynda iki dostlukly ýurduň Baştutanlary özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm meselelerini we birnäçe kesgitleýji ýagdaýlary, şol sanda bar bolan ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçiliklerini, döwlet ösüşiniň umumy ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem asyrlar aşyp gelýän taryhy w medeni gatnaşyklary nazara almak bien ýola goýulýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň köp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.