Ï Türkmenistanyň Prezidenti we Ukrainanyň Prezidenti möhüm desgalaryň açylyşyna we düýbüniň tutulyşyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti we Ukrainanyň Prezidenti möhüm desgalaryň açylyşyna we düýbüniň tutulyşyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdylar

view-icon 788
Türkmenistanyň Prezidenti we Ukrainanyň Prezidenti möhüm desgalaryň açylyşyna we düýbüniň tutulyşyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdylar

Şu gün Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de biziň ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň gatnaşmagynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň senagat we durmuş-aragatnaşyk ulgamynyň täze desgalaryny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Düýn paýtagtymyzda taraplaryň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygyny görkezýän türkmen-ukrain gepleşikleri geçirildi. Şol gepleşikler taraplaryň döwletara gepleşigini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga we sazlaşykly ösdürmäge çalyşýandygyny we muňa taýyndygyny aýdyň tassyklady.

Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň bähbidine laýyklykda, bilelikdäki iri taslamalary, hususan-da, Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk düzümindäki taslamalaryny ara alyp maslahatlyşdylar. Şol hyzmatdaşlygy ösdürmäge ukrainaly hyzmatdaşlar uly goşant goşýarlar.

Şu gün Lebap welaýatynda örän ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Häzirki wagtda şol ýerde ähli babatda geljegi uly bolan bu sebitiň örän baý çig mal we üstaşyr kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän köp ugurly iri senagat merkezi döredilýär.

Irden hormatly Prezidentimiziň “Boing” uçary Türkmenabadyň howa menzilinde gondy. Bu ýerde ýygnananlaryň arasynda Mejlsiiň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bar.

Gyzlar döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, milli Liderimize gül desselerini gowşurdylar, welaýatyň hormatly ýaşululary ýurdumyzyň Prezidentini duz-çörek bilen garşyladylar. Milli Liderimiz hormatly ýaşulular bilen söhbetdeş bolup, häzirki wagtda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýan, strategiki ähmiýete eýe bolan desgalar gurulýan we olaryň düýbi tutulýan sebiti mundan beýläk-de ösdürmek barada gürrüň etdi.

Şondan biraz wagt geçenden soň, Türkmenabadyň howa menziline Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň münen uçary gondy. Uçaryň golaýynda belent mertebeli myhmany milli lybasdaky oglan we gyz gül desseleri, dz-çörek we ukrain dilindäki mübärek sözler bilen garşyladylar. Ukrain dilindäki gutlaglar şol gün bolup geçen dabaralaryň ählisinde ýaňlandy.

Türkmen döwletiniň Baştutany öz kärdeşini mähirli garşylady. Dabaraly waka mynasybetli iki ýurduň Liderleriniň öňünde döredijilik toparlary aýdym-saz bilen çykyş etdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç olaryň sungatyna minnetdarlyk bildirip, özlerine garaşýan dikuçara tarap ugradylar we Köýtendag etrabynyň merkezinden 45 kilometrlikde hem-de Türkmenabat şäherinden 350 kilometrlikde ýerleşýän Garlyk şäherçesiniň golaýyndaky sement zawodynyň açylýan ýerine uçdular.

Şondan biraz wagt geçenden soň, dikuçar zawodyň golaýyndaky meýdançasynda gonýar. Täze iri senagat desgasynyň çägi baýramçylyk lybasyna beslenipdir, onuň girelgesinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň suratlary goýlupdyr.

Çagalar belent mertebeli myhmanlara gül desselerini gowşurýarlar, edebi-aýdym saz çäresi ýaýbaňlandyrylýar. Tutuş sebit hem-de ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan bu şanly waka gününde bu ýere ýaşuly nesilleriň köp sanly wekilleri ýygnandylar. Iki döwletiň Liderleri olaryň her biri bilen görşüp, ýygnananlary mähirli mübärekleýärler.

Dabaraly pursat gelip ýetýär – döwlet Baştutanlary bilelikde toý bagyny kesip, täze “Lebap” sement zawodyny açýarlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç elektromobilde kärhananyň çägi bilen tanşyp, onuň binalaryny gözden geçirýärler. Iki ýurduň Liderleriniň barýan ýol ugrunda olary täze önümçiligiň işgärleri baýdaklar bilen mübärekleýärler.

Garlykdaky sement zawodynyň we beýleki möhüm desgalaryň gurluşygyna 2009-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berlendigini bellemelidiris.

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça bu desganyň taslama we gurluşyk işlerini “Polimeks” kompaniýasy amala aşyrdy.

Täze taslamada esasy üç meselä: sementiň hili, tagşytlylyk we önümçiligiň ekologiýa üpjünçiligi baradaky meselelere aýratyn üns berilýär. Kärhanada häzirki zaman tehnologiýalary boýunça öndürilýän sement çykarylar. Şol önümleriň hatarynda nebit we gaz pudagy üçin zerur bolan ýokary berkligi bilen tapawutlanýan portland-sement, tamponaž sementi, şeýle hem gidrotehniki desgalarda ulanýan sement bar.

Kärhananyň taslamalaýyn kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna semente barabardyr. Munuň üçin zerur bolan çig mal zawodyň golaýynda ýerleşýän karýerden alnar. Onuň tehnologik ulgamlaryna 1 müňe golaý adam hyzmat eder.

Zawodyň özi 60 gektar meýdany eýeleýär. Onuň çäginde dolandyryş binasy we önümçiligi dolandyrmak binalary, sementi öndürmek üçin zerur bolan sehleriň, ammarlaryň we beýleki desgalaryň birnäçesi ýerleşýär. Bu ýerde esasy önümçiligiň hem-de dolandyryş edarasynyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmeti hem-de oňaýly durmuşy üçin ähli şertler döredildi.

Soňra döwlet Baştutanlary dolandyryş edarasynyň içine girýärler, şol ýerde birinji gatda ýerleşen ýöriteleşdirilen barlaghanalara baryp gördüler. Şol ýerde himiki, spektral, fiziki-tehnologiki barlaglary geçirmek üçin enjamlar bilen üpjün edilen üç sany barlaghana bar. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleri barlaghanalaryň işi, olarda amala aşyrylýan çäreler, synaglaryň we ölçegleriň usullary, zawodyň önümleriniň hiline gözegçilik edilişi bilen jikme-jik tanyşdylar.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç üçünji gata galýarlar hem-de önümçiligi dolandyrmagyň merkezi nokadyna barýarlar. Şol ýerden çig malyň gelip gowuşmagyndan başlap, täze önümiň çykyşyna çenli tutuş tehnologiki işler kadalaşdyrylýar we seljerilýär. Şol nokat bitewi kompýuter ulgamy arkaly sement öndürmegiň ähli işlerine gözegçilik edýän awtomatlaşdyrylan ulgam bilen üpjün edilendir. Ähli görkezijiler boýunça maglumatlar merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyna berilýär. Munuň özi ähli önümleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanlary tehnologiki ulgamlar we önümçiligiň usullary bilen jikme-jik tanyşýarlar. Şondan soňra kärhananyň işgärleriniň haýyşy boýunça dolandyryş düwmesine basmak bilen kärhanany işe girizýärler.

Işe girizilen kärhananyň esasy görkezijileri monitorlaryň ekranlarynda peýda boldy. Şol maglumatlar sementiň öndürilişiniň ähli pursatlaryna syn etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle tehniki taýdan gözegçilik etmek ulgamy kärhananyň ähli bölümleriniň işini ilerletmäge, onuň netijeli işlemegine hem-de tehnologik işlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Ekologiýa nukdaýnazaryndan hem täze önümçilik daşky gurşawy goramagyň ähli talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýerde işlejek adamlar üçin ähli şertler döredildi. 350 orunlyk naharhana, lukmançylyk otagy, zawodyň işgärleriniň işden boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin sport meýdançalary, awtoulaglar üçin duralgalar göz öňünde tutuldy. Desganyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, bagy-bossanlyga öwrüldi, pyýadalar üçin ýodajyklar guruldy we yşyklandyryş enjamlary gurnaldy.

Zawodyň şäherçesinde kärhananyň işgärler üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary hem bar. Olaryň hatarynda üç sany 16 öýli, 4 gatly binalar hem-de umumy meýdany 2500-den gowrak inedördül metre barabar bolan aýratyn iki sany bina girýär.

Umuman, sement zawody ýurdumyzy özümizde öndürilýän gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmen döwletiniň Baştutany hut şeýle wezipeleri goýýar. Täze iri önümçilik täze iş orunlaryny döretdi hem-de etrabyň, welaýatyň we tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam eder.

Sement senagatynyň ýurdumyzda gurluşyk işjeňligi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bellemelidiris. Bu pudak häzirki wagtda ýurdumyzda okgunly ösýär hem-de orta geljek üçin gurluşygyň ýokary depginlerine garaşylýar. Mundan başga-da, sement önümçiliginiň netijeli bolmagy üçin çig malyň golaý bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. “Lebap” zawodynyň ýerleşişi babatda bu meseleler oňyn çözüldi. Ol zerur bolan çig mallaryň esasy görnüşleriniň gorlarynyň (hek, toýun, kwars topragy we gips) golaýynda guruldy. Täze kärhana geljekki ägirt uly dag-magdan senagaty kärhanasynyň golaýynda ýerleşip, onuň semende bolan islegleri kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Zawoda demir ýol çekildi, uly ähmiýete eýe bolan awtomobil ýoly gurulýar.

Mundan başga-da, zawod daşary inženerçilik üpjünçiliginiň esasy energiýa we ulag ýollarynyň golaýynda ýerleşýär. Munuň özi onuň taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlyklaryna çykmaga, kärhananyň girdejiligini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, täze sement zawodynyň açylmagy ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň ösdürilmegine saldamly goşant bolar we Lebap welaýatynyň ýaşaýyş jaý hem-de beýleki desgalaryň gurluşygyna kuwwatly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawod bilen tanyşlygyny tamamlandan soň, Hormaitly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Iki döwletiň Baştutanlary desgadan çykyp hem-de ýygnananlar bilen hoşlaşyp, özlerine garaşýan dikuçara tarap ugradylar. Dikuçar asmana galyp, Atamyrat şäherine tarap ugur aldy. Atamyrat şäheri häzirki wagtda gündogar welaýatyň möhüm ähmiýetli demir ýol we awtoulag ýollarynyň geçýän ýerindäki möhüm orny eýeläp, ulag kommunikasiýalarynyň umumydöwlet we halkara ulgamynyň üstaşyr geçiriji iri merkeziniň derejesine eýe bolýar.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu welaýatda örän wajyp desgalar ulanmaga berildi. Amyderýanyň üstünden geçýän “Atamyrat-Kerkiçi” demir ýoly, Türkmenbaşy-Farap awtomobil ýoly açyldy. Türkmenabatda pagta egriji fabrik, Ýylgynagyzda suwy galdyryjy toplum açyldy, täze Döwletli etraby döredildi, “Farap” şypahanasynyň täze binalary we köp sanly beýleki häzirki zaman desgalary işe girizildi. Şol desgalar Lebap welaýatyny ösdürmek, ilatyň ýaşaýşynyň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Täze ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda Köýtendag etrabyndaky ähli häzirki zaman düzümi bilen üpjün edilen täze Garlyk şäherçesini, şeýle hem kaliý dökünlerini hem-de sement öndürýän kärhanalary görkezmek bolar.

Şu gün bu täze desgalaryň hataryna Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprüsi hem goşuldy. Ol Türkmenistanyň diňe bir günorta-günbatar böleginiň, durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin däl, eýsem biziň ýurdumyzda kemala getirilýän transmilli ulag geçelgelerini döretmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Bu iri möçberli maýa goýum taslamasyna Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň sentýabrynda badalga berlendigini bellemelidiris. Şonda Merkezi Aziýada iri desgalaryň biri bolan, Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi ulanmaga berildi.

Atamyrat şäheriniň golaýynda hakyky baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Şol ýere welaýatyň jemgyýetçilik wekilleriniň köp sanlysy ýygnandy. Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň iň täze taryhyna möhüm ähmietli sahypa hökmünde goşuljak waka garaşýarlar.

Ajaýyp däbe görä, Türkmenistanyň we Ukrainanyň Liderlerini gül desseleri hem-de duz-çörek bilen garşylaýarlar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Wiktor Ýanukowiçi hökümetiň agzalary, esasy ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, demir ýol hem-de awtoulag pudaklarynyň işgärleri mähirli garşylaýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň hem-de hormatly myhmanlarynyň arasynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary, diplomatik wekilhananyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Iki ýurduň Prezidentleri ýörite bellenen ýere baryp ýygnananlary mähirli mübärekleýärler. Şol ýerde ýörite çadyr gurlupdyr. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Liderlerini ýaşlar mübärekleýärler. Şu waka mynasybetli köpriniň ähli düzümi hem-de oňa ýanaşyk ýerler baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Bu dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde döredijilik toparlary çykyş edýärler, mähriban Watanymyzy hem-de bekrarlyk döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny wasp edýän aýdymlar ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Baştutany Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçi hem-de Ukrainanyň hökümet wekiliýetiniň agazalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, türkmen halkynda: “.. Adamy tanajak bolsaň, onuň bilen ýoldaş bol” diýen nakylyň bardygyny ýatlatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäginde möhüm orny eýeleýändigini belläp, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça uly işleri geçirýändigini nygtady.

Türkmenistan ýangyç serişdeleri babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini we şunuň bilen baglylykda, şol baýlyklaryň türkmen halkynyň hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine hyzmat etmegi babatda zerur çäreleri görýändigini nygtady.

Halkara giňişliginde geçirilýän “açyk gapylar” syýasaty türkmen halkyna abadançylykda we asudalykda ýaşamaga mümkinçilik berýär. Raýatlarymyzyň abadançylygy ýylsaýyn artýar, biziň mähriban Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň senagatlaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda, her gün diýen ýaly ajaýyp özgertmeler amala aşyrylýar, ýurdumyzda täze desgalar gurulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan golaýdaky we alysdaky köp sanly ýurtlar bilen daşary söwda aragatnaşyklaryny giňeldýär. Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda yhlasly zähmet çekýän daşary ýurt kompaniýalarynyň müňlerçesiniň netijeli işlemegi hem söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň okgunly ösýändigine, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan we Ukraina öňden gelýän dostlukly ýurtlardyr we açyk hyzmatdaşlardyr. Olaryň baý ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň kuwwatlyklary bardyr. Şu hyzmatdaşlygyň netijesinde nebitgaz senagaty ulgamynda, gurluşykda, dürli inženerçilik kommunikasiýalyrnda, medeniýet we bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy amala aşyryldy.

Häzirki wagtda parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän iki halkyň erk-islegi netijesinde gadymy Jeýhunyň ösüşiň hem-de hyzmatdaşlygyň, berkararlyk döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülen ýene-de bir köpri peýda boldy.

Biziň ýurdumyzyň örän baý sebitinde ukrainaly hyzmatdaşlarymyz tarapyndan gurlan demir ýol we awtomobil köprüleri ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ugur alnan ýolumyzyň örän oýlanyşyklydygyna şaýatlyk edýär. Şol desgalar biziň döwletimiziň dünýä bileleşiginde sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň serişdelere baý, energetiki we eýeleýän ýeri bilen bagly mümkinçilikleriniň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidi üçin ulanylmagy barada aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn berkemeginiň tüýs ýürekden guwandyrýandygyny hem-de hyzmatdaşlygyň taryhdaky we täze döwrdäkt ýagdaýlary özünde jemleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň we Türkmenistanyň Baştutanlary bilen birlikde uly desgalary gurmak baradaky başlangyçlaryň öňe sürülmeginiň we açylmagynyň wajyp ähmiýetlidigini nygtady. Hususan-da, bilelikde Amyderýanyň üsti bilen Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň düýbi tutuldy we ulanmaga berildi, iki ýurduň Liderleri sement zawodynyň we awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmaga gatnaşdylar, şu gün irden bolsa Garlykda sement zawodyny ulanmaga bermek bilen bagly dabara gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün biziň ukrainaly dostlarymyz bilen bilelikde uzynlygy 1415 metre ýetýän hem-de gadymy we bol suwly Amyderýanyň kenarlaryny baglanyşdyrýan awtomobil köprüsini baýramçylyga mahsus ýagdaýda açdyk diýip aýtdy. Milli Liderimiz şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň gündogar welaýaty Türkmenabadyň merkezinde Amyderýanyň üsti bilen geçýän täze köprüleriň ýene-de ikisiniň – uzynylygy 1600 metre ýetýän awtomobil köprüsiniň we uzynlygy 1750 metre ýetýän demir ýol köprüsiniň düýbüni tutarys diýip aýtdy.

Türkmen Lideri şu gün biz dabaraly ýagdaýda Türkmenabat şäherinde bahasy 488 million dollara barabar bolan hem-de sagatda 500 ýolagçyny kabul etmäge we ugratmaga ukyply boläak täze howa menziliniň düýbüni tutarys, şu desgalaryň ählisiniň gurluşygy ukrainaly gurluşykçylaryň gatnaşmagynda amala aşyrylar diýip belledi.

Türkmen Lideri wagtyň geçmegi bilen bu täze desgalaryň köp sanly beýleki binalar bilen birlikde welaýatyň we onuň merkeziniň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyşjakdygyny aýtdy.

Amyderýanyň üstünde gurlan täze köprüleriň we uly howa menziliniň ulanmaga berilmegi bilen, welaýatdaky örän köp tebigy baýlyklaryň doly möçberde özleşdirilimegine giň ýol açylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, welaýatyň ykdysadyýeti batly depgin bilen ösdüriler. Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iri senagat merkezleri we täze iş orunlarynyň müňlerçesi dörediler, welaýatyň şäherleri we şäherçeleri, şol sanda täze Garlyk şäheri gülläp ösýän ýerlere öwrüler diýip aýtdy.

Türkmen Lideri ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri adamlaryň we halklaryň jebisleşmegini alamatlandyrýan şu günki ajaýyp wakalar bilen gutlady. Türkmenistanyň Baştutany biziň ata-babalarymyz asyrlarboýy köprüleriň we ýollaryň gurulmagyny asylly iş diýip hasapladylar hem-de biz bu ajaýyp we öz ähmiýetini ýitirmeýän ýörelgelere eýerýäris we olary baýlaşdyrýarys diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidentine biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyhzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine şahsy goşandy hem-de gurluşykçylara, beýleki hünärmenlere, dünýäniň ýokary ülňülerine we ulag hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýän bu ajaýyp inženerçilik binasynyň gurulmagyna gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, şu günki çäreleriň esasy many-mazmunynyň ýene-de bir berk köpriniň – türkmen we ukrain halklarynyň arasyndaky dostlugyň köprüsiniň gurulmagyndan ybaratdygyny belledi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy hemmelerde ruhubelentlik döretldi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Ukrainanyň Prezidentine söz berildi.

Wiktor Ýanukowiç ýygnananlary bu şanly waka bilen gutlap, öz gezeginde bu köpriniň türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmekde möhüm ähmiýetlidigini belledi. Ukrainanyň Lideri şu gün biz bilelikde wajyp ähmiýete eýe bolan ýene-de bir desgany – möwç urýan Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini açýarys diýip aýtdy. Munuň özi uly üstünlikdir hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň ýurduň udag düzüminiň ösdürilmegini çaltlandyrmak üçin ähli zerur işleri amala aşyrýandygyny görkezýän subutnamadyr. Bu inženerçilik desgasynda ony döredenleriň ýokary tehniki oý-pikiri we yhlasly zähmeti öz beýanyny tapdy.

Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, bu köpriniň diňe bir Türkmenistanyň halk hojalygy üçin däl-de, eýsem dünýäniň ulag geçelgelerine goşulyşmak, taryhy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir.

Köprüler binagärligiň gadymy görnüşleriniň biridir. Irki döwürlerden bäri olar tebigatyň bölen zatlaryny birleşdirýär. Şunuň biolen baglylykda, Prezident Wiktor Ýanukowiç täze köprüniň möhüm ähmiýetlidigini hem-de diňe bir Amyderýanyň iki kenaryny däl-de, ukrain we türkmen hyzmatdaşlaryň hem kalplaryny birikdirendigini aýratyn belledi.

Wiktor Ýanukowi şu gün bu köpriniň Ukrainanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň beýanyna, hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklere eýedigini görkezýän aýdyň subutnama öwrülendigine ynanýaryn diýip aýtdy. Bu köpri ukrain-türkmen hyzmatdaşlygyna degişli täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna giň ýol açýar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär – döwlet Baştutanlary ýygananlaryň el çarpmagynda toý bagyny kesýärler. Amyderýanyň üsti bilen geçýän täze awtomobil köprüsi ulanmaga berilýär. Iki ýurduň Prezidentlerine ajaýyp gül desseleri gowşurylýar hem-de olar täze köpri arkaly Amyderýanyň beýleki kenaryna tarap pyýada ugraýarlar.

Bu ýerde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär. Daş-töwerek baýdaklar, trasparantlar, howa şarlary bilen bezelipdir, garşylaýanlaryň ellerinde gül desseleri bar.

Ata Watanymyzyň we tutuş türkmen halkynyň rowaçlygy we abadançylygy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür arzuw edilýär. Bu ýere gelen adamlaryň her biriniň kalbyny gülläp ösýän ata Watanymyza buýsanç we bagtyýarlyk duýgusy gurşap alýar.

Ýolugra iki döwletiň Baştutanlaryna sahnalaşdyrylan tomaşa görkezilýär, şunda türkmen halkynyň milli taryhynyň gahrymanlary we şan-şöhrata eýe bolan şahsyýetleri esasy gahrymanlara öwrülýär. Bu tomaşa arkaly döwürleriň we nesilleriň halkymyzyň görnükli we ajaýyp ogullarynyň üsti bilden beýan edilýän berk arabaglanyşygy, ata-babalarymyzyň ruhy ýörelgeleriniň we milletiň ahlak, etiki, medeni gymmatlyklarynyň nesilden-nesle geçýändigi görkezilýär.

Şol bir wagtyň özünde köpriniň perimetri boýunça ýörite meýdançalarda halkymyzyň müňýyllyklara barabar şöhratly taryhynyň sahypalary alamatlandyrylyp, türkmen milletiniň görnükli ogullarynyň keşpleri janlandyrylýar, olaryň durmuş ýoly we bitiren işleri häzirki wagtda-da ýaşlar üçin ata Watany çäksiz söýmegiň, oňa ygrarly bolmagyň we öz halkymyza janaýamazakly gulluk etmegiň nusgasy bolup durýar.

Sahnalaşdyrylan kompozisiýa arkaly dabara gatnaşyjylara türkmenleriň nesilbaşysy hasaplanýan hem-de beýik işleri bilen şan-şöhrata eýe bolan, ata Watanymyzyň eziz halkymyzyň iň oňat arzuw-islegleriniň hasyl bolan beýik geljegini öňünden gören Oguzhan türkmeniň eýýamyny göz öňüne getirmäge ýardam berýär. Rowaýata görä gadymy döwürde, türkmenleriň beýik, buýsançly we erkinligi söýüji ruhunyň kemala gelip taplanan hem-de türkmenleriň bitewi, jebis millet bolup durýandygyna we özüniň beýik borjuna ynamynyň berkän mahalynda, Oguzhan türkmen özüniň alty ogluny ýygnap, olara elmydama agzybir bolmagy, ululara hormat goýmagy, agzybir we jebis bolup ýaşamagy nesihat edýär.

Öz halkynyň abadançylygy barada alada eden meşhur akyldarlaryň, şahyrlaryň, alymlaryň, gaýduwsyz esgerleriň we serkerdeleriň, adalatly hökümdarlaryň gör näçesi milli taryhda öçmejek yz galdyrdylar, şoňa görä-de, olaryň asyrlarboýy ýatdan çykmaýan keşpleri durmuşa höwes döredýän güýje eýedir.

Dabara täsirli horeografiki kompozisiýa bilen jemlenýär. Türkmen Lideriniň -- Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne badalga beren we halkymyzy ruhlandyryjy türkmen Liderine, Garaşsyz, Bitarap ata Watanymyza bagyşlanan aýdymlar ýaňlanýar.

Ýolugra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç täze desgany üns berip synlaýarlar.

Täze strategiki ulag geçelgesi Lebabyň we tutuş Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan döwrebap awtomobil köprüsi diňe bir Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginiň durmuş-ykdysady tpaýdan ösüşi üçin wajyp ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, ýurdumyzda çalt depgin bilen döredilýän transmilli ulag geçelgesiniň düzümine degişli möhüm bölekleriň birine öwrüler. Jeýhunyň üsti bilen geçýän bü köpri iki kenardaky ilatyň ulag gatnawy üçin oňaýly şertleri döreder we Amyderýanyň sag kenaryndaky sebitde baý mineral – çig mal serişdelerini çalt depgin bilen ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar, bu ýerde kaliý dökünlerini we sementi işläp çykarmak boýunça iri senagat toplumlarynyň gurluşygyna badalga berildi, uglewodorod serişdelerini çykaprmak bilen bagly iş üstünlikli alnyp barylýar.

Köpriniň taslamasy Kiýew şäheriniň “Soýuztransproýekt” we “Ukrgiprobudmost” ylmy-barlag taslama institutlarynyň hünärmenleri tarapynldan işlenip düzüldi. Onuň uzynlygy 1415 metre, iki zolakly gtanawly böleginiň ini 11,5 metre barabardyr, üstesine-de, gapdallarynda ýolagçylar üçin ýodalar bar. Bu ýerde 40-48 metre barabar çuňluga kakyp salmak tehnologiýasy boýunça ýokary markaly betondan we berk armaturadan edilen kuwwatly sütünleriň 14-si guruldy. Sütünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin olara aýnaly –poliefir turbalar “geýdirildi”. Köp tonnalyk polat gurluşlar we köpri gurluşygynyň beýleki elementleri üçin berk binýatlar şol sütünlere daýanýar. Şeýle hem köprä girilýän we çykylýan awtomobil ýollary çekilip, bular yşyklandyryş boýunça degişli ulgam bilen üpjün edildi.

Täze döwrebap ulag geçelgesi inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köprüleri gurmagyň halkara kadalaryna dolulygyna laýyk gelýär. Taslamada agram, ýük göterijilik, hereketiň tizligi, has berk ähli gurluşlary ulanmak, ýokary seýsmiki ýagdaý we beýleki tehniki häsiýetnamalar göz öňünde tutulýar. Köpri Rihteriň şkalasy boýunça 9 balla barabar güýçli ýer titremelere çydamlydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistandaky şunuň ýaly ähli desgalarda hil we ulanyş parametrleri babatda şeýle ýokary talaplar bildirilýär, häzirki wagtda ýurdumyzda ähli görnüşdäki ulag gatnawyny, şol sanda awtomobil gatnawyny ösdürmek boýunça uly möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar, ýol düzümini kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça ähli zerur ulgamlary özünde jemleýän täze we ýokary tizlikli awtoulag ýollary gurulýar, bar bolan awtoulaglaryň ählisiniň durky täzelenýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ulag ulgamyny ösdürmek döwlet syýwasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biii bolup durýar. Ýurdumyz yklymdaky möhüm söwda ýollarynyň taryhyň dowamynda emele gelen çatrygynda ýerleşýär hem-de häzirki wagtda onuň halkara ulag geçelgesi hökmündäki möhüm ähmiýeti has-da artýar. Şoňa görä-de dünýä ülňüleri gurulýan döwrebap awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasy diýlip hasaplanýar. Şol ýollarda inženerçilik desgalarynyň onlarçasyny – döwrebap ulag geçelgelerini, köprüleri we estakadalary gurmak göz öňünde tutulýar, bular awtomobil ýollaryna düşýän agramy azaltmaga mümkinçilik berer, seýsmiki we sile garşy goragy üpjün eder we hereketiň howpsuz bolmagyny kepillendirer.

Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp tonnalyk maşynlaryň uly akymy biziň ýurdumyzyň çägi bilen geçýär. Amyderýanyň üsti bilen geçýän we halkara ülňülerine laýyk geldýän döwrebap awtomobil ýollarynyň ulanmaga berilmegi üstaşyr gatnawyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Derýadaky köprüleri ulanyş boýunça döwrebap infrastruktura täze taryhy eýýamda sebitdäki we dünýädäki ähli döwletler bilen özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirýän Türkmenistanyň çägi bilen üstaşyr geçýän ugruň möhüm düzümine öwrüler.

Dabara tamamlanandan soňra döwlet Baştutanlary ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara tarap ugraýarldar. Dikuçar asmana galyp, Türkmenabada tarap ugur alýar. Birnäçe wagtdan soňra dikuçar Türkmenabat şäherindäki täze howa menziliniň düýbüniň tutuljak ýeriniň ýanynda gonýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly möçberli we düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny görkezýän ýene-de bir ajaýyp nyşana öwrüljek täze howa menziliniň guruljak ýerindäki meýdança baýramçylyga mahsus görnüşde bezelipdir, Dabaranyň hormatly myhmanlaryny uçarmanlaryň lybasyndaky çagalaryň topary garşylaýar, Lebabyň döredijilik toparlary milli aýdym-sazlary we joşgunly tanslary ýerine ýetirýärler. Daş-töwerekde dürli reňkdäki baýdaklar pasyrdaýar, gutlag sözleri aýdylýar.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentlerine gül desseleri gowşurylýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç ýygnananlar bilen mähirli görşüp, haly düşelen ýoda bilen ýöräp, meýdançada goýlan münbere tarap barýarlar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde çykyş edip, türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, bilelikde işlemek arkaly baý tejribe toplanandygyny hem-de däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlara degişli oňaýly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny we şol mümkinçiliklerden dolulygyna peýdalanmagyň iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini nygtadylar.

Dabaranyň esasy pursaty gelip ýetýär – ýygnananlaryň el çarpmagynda iki ýurduň Liderleri geljekki nesillere niýetlenen hata gol çekip, ony ýörite gutuda ýerleşdirýärler. Şol guta geljekki howa menziliniň binýadynda goýulýar. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç susguç bilen beton guýup, täze gurluşygyň başlanmagyna badalga berýärler.

Geçirijilik ukyby sagatda 500 ýolagça barabar boljak täze aerowokzal toplumynyň taslamasy Ukrainanyň “Altkom” maliýe-senagat topary” atly jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, bu kompaniýa şu ugurda baý tejribe toplady. Hususan-da, onuň düzümine girýän “Altkom” maliýe-senagat topary” atly jogapkärçiligi çäkli jemgyýet Ukrainanyň iri senagat we işewürlik merkezi diýlip hasaplanýan Donesk şäherinde halkara howa menziliniň gurluşygyny üstünlikli amala aşyrdy. Ýeri gelende, bu kompaniýanyň şu gün ulanmaga berlen we Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm desgasyna öwrülen Amyderýanyň üsti bilen geçýän Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprüsiniň gurluşygy boýunça baş potratçy bolandygyny aýtmak gerek.

Howa menziliniň ukrainaly hyzmatdaşlar tarapyndan işlenip taýýarlanan taslamasy boýunça ýolagçy, VIP we ýük terminallaryny, uzynlygy 3800 metre ýetýän emeli uçuş-gonuş zolagyny, öwrüm edilýän ýodalary, howa gämileri üçin duralgalary we perrony, howa gatnawyny dolandyryş gullugynyň diňlerini, beýleki desgalaryň birnäçesini, şol sanda howa menziliniň dürli gulluklarynyň we bazalarynyň binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem topldumyň çäginde lukmançylyk merkezi, naharhana, 100 orundyk myhmanhana, awtoulaglar üçin üsti ýapyk duralga ýerleşer. Howa menziliniň işlemegini üpjün edýän ähli zerur ulgamlaryň hem-de baglanyşdyryjy inženerçilik we ulag kommunikasiýalarynyň bolmagy göz öňünde tutuldy.

Mälim bolşy ýaly, islendik howa menzili şäheriň “howa derwezesi” diýlip hasaplanýar. Şoňa görä-de, gelýän awia ýolagçylar, ýagny myhmanlar ýa-da ýurdumyzyň raýatlary üçin serwisiň ýokary hilli bolmagy, galyberse-de berjaý edilýän hyzmatlaryň myhmansöýerligiň asylly ýörelgelerine we şol bir wagtyň özünde halkara ülňülerine laýyk gelmegi howa menziliniň gulluklarynyň işgärleri üçin esasy ugur bolup durýar.

Soňky ýyllarada ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ýokary depginler bilen ösüp, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň howa ulaglary boýunça işgärleri "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek arkaly, ýolagçy we ýük daşamak boýunça tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirýärler. Galyberse-de, olar daýhanlara, maldarlara, nebitçilere we gazçylara kömek berýärler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan berjaý edilýän awia hyzmatlarynyň möçberiniň ösüş depginleri ýylsaýyn artýar.

Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli ykdysadyýeti ösdürmekde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňedltmekde raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Şeýle hem ol howa ulaglary bilen bagly hyzmatlaryň halkara bazaryna goşulyşmak, daşary ýurtlarda Garaşsyz Türkmenistana wekilçilik etmek arkaly ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny iş ýüzünde amala aşyrýar.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegiň, döwleti yzygiderli ösdürmegiň möhüm ähmiýetli şerti hökmünde döwrebap ulag-kommunikasion düzümi döretmek şol Milli maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag ulgamynyň ähli ugurlary, şol sanda raýat awiasiýasy boýunça uly möçberli taslamalara degişli başlangyçlary öňe sürýär. Bu ýerde täze howa menzillerini, terminallary, inženerçilik-tehniki maksatly desgalary gurmak, şeýle hem bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň durkuny täzelemek, şeýle hem yzygiderli ýagdaýda awiaparkyň üstüni ýetirmek barada gürrüň gidýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy.

Soňra döwlet Baştutanlary dabara gatnaşanlar bilen mäzirli hoşlaşyp, dikuçaryň duran meýdançasyna tarap ugraýarlar. Dikuçar asmana galyp, Türkmenabat—Farap aralygynda täze awtomobil we demir ýol köprüleriniň düýbüniň tutuljak ýerine tarap ugur alýar.

Bu ýerde hakyky baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär: dabara gatnaşýan köp sanly adamlar döwlet Baştutanlarynyň gelmegine tolgunmak bilen garaşýarlar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç duz-çörek hödürlenýär, gül desseleri gowşurylýar. Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky dostlugyň berkemegi we rowaçlyk, türkmen we ukrain halklaryna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, belent mertebeli myhmany we ukrainaly dostlarymyzyň ählisini türkmen topragynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, düýn tamamlanan gepleşikleriň örän netijeli bolup, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga we umuman, halkara gatnaşyklaryna degişli derwaýys mesleleeriň köpüsi boýunça özara düşünişilýändigini görkezendigini aýtdy.

Öz gezeginde Prezidenti Wiktor Ýanukowiç taraplaryň geljekde-de hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini kanagatlanma bilen belläp, şu günki wakalaryň taraplaryň dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi isleýändigini we muňa çalyşýandygyny görkezýän subutnama bolup durýandygyny belledi.

Soňra Türkmenabat-Farap aralygynda awtomobil we demir ýol köprüleriniň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara boldy. Iki ýurduň Lilderleri geljekki nesillere niýetlenen hata gol çekýärler we ony ýörite gutularda ýerldeşdirip, geljekki köprüleriň düýbüniň tutuljak ýerinde goýýarlar.

Milli lybasly çagalaryň haýyş etmegi boýunça Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktolr Ýanukowiç susguç bilen täze ulag-aragatnaşyk desgalarynyň binýatlaryna beton guýup, gurluşygyň başlanmagyna badalga berýärler, munuň özi ýygnananlar tarapyndan ruhubelentlik bilen oňlanýar.

Ähli zerur indženerçilik-tehniki şertlere laýyk gelýän awtomobil köprüsiniň uzynlygy 1600 metre, onuň gatnawly böleginiň ini 21,5 metre barabar bolar. Derýanyň ýokarsyndaky köpriniň ganatynyň beýikligi derýada ýüzýän gämileriň köpriniň aşagyndan päsgelçiliksiz geçmegine mümkinçilik berer.

Hereketiň howpsuz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, ortadaky bölüji bordýurdan daşgary, köpriniň gutarýan ýerlerinde köprä barýan ýa-da ondan çykýan awtoulaglara gapdaldaky ýollara çykmaga, hereketiň ugruny garşydan gelýän awtoulaglaryň ýoluna çykman üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Köpriniň gurluşygynda ulanyljak gurluşlar häzirki döwrüň talaplaryna dolulygyna laýyk gelýär. Şunda amala aşyrylýan tehniki çözgütlerde ýurdumyzyň çägindäki howa we geologiki şertler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmek Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz yklymdaky möhüm ähmiýetli söwda ýollaryň taryhyň dowamynda emele gelen çatrygynda ýerleşýär hem-de biziň günlerimizde onuň möhüm halkara ulag gatnawynyň ugrundaky ähmiýeti has-da artýar. Galyberse-de, täze demir ýollar halkara demir ýol gatnawyny kämilleşdirmekden daşgary ýurdumyzyň welaýatlarynyň sazlaşykly ösdürilmegine-de degerli ýardam berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň demir ýol ulgamy ep-esli derejede kämilleşip, ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar hem-de uly möçberli täze ulag-kommunikasion taslamalaryň amala aşyrylmagyna taýýarlanýar.

Täze inženerçilik desgasynyň - Türkmenabat-Farap aralygyndaky demir ýol köprüsiniň uzynlygy 1750 metre ýetip, seýsmiki taýdan we hereketiň howapsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça bildirilýän talaplara dolulygyna laýyk gelýär. Ukrainaly hünärimenler çylşyrymly, şol sanda takyklygy we hünär ussatlygyny talap edýän suwasty we buraw işlerini ýerine ýetirerler. Ýeri gelende, bu ajaýyp inženerçlik desgasyny döretmekde ähli tehniki ölçegleriň – ýük we ýolagçy gatnadýan otlularyň agramynyň, olaryň hereketiniň tizliginiň we beýlekileriň göz öňünde tutuljakdygyny aýtmak gerek.

Meýdançada goýlan täsirli stendler arkaly bilelikdäki türkmen-ukrain taslamalary barada aýdyň düşünje berilýär. Şolarda Türkmenabat—Farap demir ýol köprüsiniň ýanynda guruljak awtomobil köprüsiniň bezelen ganatlary şekillendirilipdir.

Bu ýerde Lebap welaýatynda öndürilýän dürli harytlaryň, şol sanda halyçylyga we zergärçilige degişli, azyk senagatynyň we oba senagat toplumynyň önümleriniň sergisi guralyp, dabaranyň täsirliligi has-da artdyryldy. Sergide goýlan zatlaryň arasynda ilatyň sarp edýän harytlary we oba hojalyk toplumynyň önümleri has-da köp. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentileri “Buýan” oba senagat toplumynyň önümlerini, hususan-da buýan köküniň erginini uly gyzyklanma bildirip synladylar, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli we dünýäniň köp dillerine, şol sanda ukrain dilinde terjime edilen we bu sergide goýlan işinde-de buýan köki barada aýdylýar.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç haly düşelen ýoda bilen awtomobile tarap ýöräp ugraýarlar. Welaýatyň ýaşaýjylary we dabara gatnaşyjylar dostlukly döwletiň Baştutanlaryny şowhunldy el çarpmak bilen ugradýarlar. Iki ýurduň Liderleri ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenabatdaky kabulhanasyna tarap ugraýarlar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç bilelikde nahar edinýärler we şondan soňra mähirli we dostlarça hoşlaşýarlar. Iki döwletiň Baştutanlary türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň we Ukrainanyň doganlyk halklaryna abadançylyk, parahatçylyk we ösüş arzuw etdiler.

Ukrainaly belent mertebeli myhmanyň maşyn kerweni Türkmenabadyň howa menziline tarap ugraýar. Birnäçe minutdan soňra Ukrainanyň Prezidentiniň münen awialaýneri asmana galýar we Kiýew şäherine tarap ugur alýar.