Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň arasynda gepleşikler boldy
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň arasynda gepleşikler boldy.
Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolandygyny bellemek gerek. Döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça okgunly ösüş munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Bu iki ýurduň ilkibaşdan birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli ýörelgelerinde guralýan giň gerimli hyzmatdaşlyga tarap ugra bolan üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Ýeri gelende ýatlasak, 2012-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina döwlet sapary bolupdy. Bu sapar däbe öwrülen dostlukly türkmen-ukrain gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň duşuşygy boldy.
Şeýlelikde, türkmen paýtagtynda ýokary derejede geçirilýän häzirki ikitaraplaýyn gepleşikler özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilendir. Şol hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bolup, olaryň netijeli amala aşyrylmagy iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine gabat gelýär.
Şu gün irden Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň awtoulag kerweni Oguzhan köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde öz ukrainaly kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça görşüp, “Oguzhan zalyna” barýarlar.
Bu ýerde belent mertebeli ukrain myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Hormat garawulynyň rota serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Ukrainanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.
Türkmen döwletiniň Baştutany öz ukrainaly kärdeşini Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Prezident Wiktor Ýanukowiç öz gezeginde türkmen Liderini Ukrainanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň we Ukrainanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşi Wiktor Ýanukowiçi “Altyn zala” çagyrýar. Bu ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri boldy.
Belent mertebeli ukrain myhmanyny türkmen topragynda kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparyna däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ägirt uly oňyn tejribä eýe bolan türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda üstünlikli ösýändigini we uly geljeginiň bardygyny kanagatlanmak bilen belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de iki halkyň bähbidine gyşarnyksyz ösjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Wiktor Ýanukowiç mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Türkmenistana ýene gelip görmek we özara duşuşykda öz kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny belledi. Belent mertebeli ukrain myhmanynyň belleýşi ýaly, döwletara türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň esasynda öňden gelýän hoşniýetli däpler, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri durýar, bu bolsa gatnaşyklary ähli ugurlarda üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ukrainanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Prezident Wiktor Ýanukowiç Aşgabatda geçirilýän gepleşikleriň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Özara düşünişmek we netijelilik ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar, iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň dürli ugurly mümkinçiliklerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan taraplaryny nazara almak bilen onuň esasy ugurlaryny anykladylar.
Netijeli syýasy gepleşikleri has-da çuňlaşdyrmak, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryny giňeltmek barada pikirlerini aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Ukrainanyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Prezident Wiktor Ýanukowiçi we Ukrainanyň wekiliýetiniň agzalaryny türkmen topragynda ýene bir gezek tüýs ýürekden mübäreklemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ukrainaly kärdeşine Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we şu günki duşuşyk dostlukly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň dowamy bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak ýolunda Ukrainanyň baştutanynyň döwlet saparynyň ähmiýetiniň örän uludygyny belledi.
Ukrain Lideri bilen ýaňy geçirilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini gurşap alan gepleşikleriň düýpli häsiýetini aýratyn bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň görnetin işjeňleşmegi ozaly bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň umumylygy, nukdaýnazarlaryň gabat gelmegi ýa-da ýakynlygy bilen şertlendirilendir diýip belledi. Iki döwletiň halkara giňişliginde netijeli gatnaşyklary özara bähbitleriň nazara alynmagy bilen guralýar we şonuň esasynda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan belent maksatlary we wezipeleri amala aşyrmaga Türkmenistanyň we Ukrainanyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikler açylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň ýolbaşçylaryna, ilkinji nobatda Prezident Wiktor Ýanukowiçe abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ukrain tarapyna Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny ýola goýmaga we saklamaga, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gürrüň ilkinji nobatda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberlişini üpjün etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararynda berkidilen başlangyç dogrusynda barýar. Ukraina ilkinjileriň hatarynda şol karary goldap, onuň awtordaşlarynyň biri hökmünde çykyş etdi.
Türkmenistan şeýle hem biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzümleriniň hataryna, şol sanda 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine saýlanmagynda Ukrainanyň goldawyna ýokary baha berýär. Iki döwlet tarapyndan bilelikdäki işler GDA-nyň çäklerinde hem alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eden döwründe Ukrainanyň uly ýardam berendigini aýratyn belledi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem beýleki iri halkara düzümleriniň, hususan-da, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky Guramanyň çäklerinde ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ukraina şu ýylyň başyndan şol guramada başlyklyk edýär. Türkmenistan Ukrainanyň ÝHHG-da başlyklyk etmeginiň maksatlaryny we wezipelerini goldaýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň esasynda parahatçylygy we howpsuzlygy has-da berkitmek, dawalaryň öňüni almak, häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek baratda möhüm maksatlar durýar diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi halkara gatnaşyklarynyň has ähmiýetli meseleleri boýunça pikir alyşmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny, şol sanda howpsuzlyk meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryny has giňeldendigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça ÝHHG-niň howandarlygynda Aşgabat şäherinde ýokary derejedäki duşuşygy geçirmegi teklip etdi.
Bu barada aýtmak bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýakyn wagtda dünýäde durnukly energiýa üpjünçiligi üçin kepillikler ulgamyny döretmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usulyny emele getirmek pikirini ilerletmek boýunça halkara guramalarynyň çäklerinde özara ylalaşylan hereketleri işläp düzjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň howandarlygynda degişli halkara bilermenler toparynyň döredilmegini bu ugurda ilkinji nobatdaky ädim hökmünde görkezdi. Şunda döwlet Baştutanymyz Ukraina bu pikiri üstünlikli amala aşyrmaga ukyply bolan ýokary intellektual we bilermenler mümkinçiliklerine eýe bolup durýar diýip belledi.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady yhyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan we Ukraina öz mümkinçiliklerini we ägirt uly serişdelerini nazara almak bilen, şol hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz soňky döwürde hyzmatdaşlygyň oňat depginleriniň gazanylandygyny we ony has-da giňeltmegiň mümkinçilikleriniň dörändigini kanagatlanmak bilen belläp, munuň iki döwletiň umumy bähbitlerine gabat gelýändigini aýtdy.
Häzirki wagta çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz, ulag we şähergurluşyk ýaly pudaklarda bilelikdäki möhüm taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ukrainanyň kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýändigini nygtap, biziň ýurdumyzyň ukrain hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Ertir Lebap welaýatynda möhüm ulag-aragatnaşyk desgalarynyň açylmagyna, şeýle hem düýbüniň tutulmagyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek meselesini dowam edip, degişli ugurda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini gözläp tapmaga üns bermegiň möhümdigini belledi. Şunda taraplaryň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, şeýle hem onuň ýokary we innowasion tehnologiýalaryna esaslanyp çalt ösýän ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge bolan islegleri oňaýly şert bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistan dünýä bazarlaryna iberilýän bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmäge ukyply bolan ýokary tehnologiýaly we köp pudaklaýyn senagatyň döredilmegini ileri tutýar. Mysal üçin, häzir nebiti gaýtadan işleýän, nebithimiýa, dokma senagatlarynyň, oba hojalygynyň önümleri uly islege eýe bolup durýar. Ukraina ykdysadyýeti çalt ösýän, kuwwatly senagaty we iri oba hojalyk önümçiligi bolan ýurt bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Mundan başga-da, ukrainaly hyzmatdaşlarymyzda biziň ýurdumyzda netijeli ulanyp boljak geljegi uly işler bar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-ukrain toparynyň başlyklaryna özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny öwrenmegi we olary toparyň nobatdaky, dördünji mejlisinde ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrmagy teklip etdi. Bu mejlisi şu ýyl Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutuldy. Bu barada aýtmak bilen döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Ukrainanyň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösüş depginine uly itergi berip biljekdigine, onuň möçberlerini iki ýurduň hakyky mümkinçiliklerini we kuwwatyny şöhlelendirýän derejä ýetirip biljekdigine ynam bildirdi. Bu babatda anyk sepgitler Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň 2012-2015-nji ýyllar üçin döwletara maksatnamasynda kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-aragatnaşyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň aýraiyn möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Munuň özi Türkmenistanyň we Ukrainanyň geografik taýdan örän oňaýly ýerleşmegi bilen hem şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda ulag gatnawlary babatda, şol sanda Orta Aziýa, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigi barada pikirini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk ulgamyny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde görkezip, oňa häzir biziň ýurdumyzda uly ähmiýet berilýär diýip belledi. Ukrain kompaniýalaryny Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge gatnaşmaga çagyrmak bilen döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň kenarynda eýýäm uly möçberde maýa goýlan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň amala aşyrylýandygyny mysal hökmünde getirdi.
Ýurtlaryň ikisinde ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň we telekeçilik düzümleriniň depginli ösýändigini nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Işewür hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek mümkinçiligine garamagy teklip etdi, ol Türkmenistanyň we Ukrainanyň kompaniýa larynyň hem-de firmalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklaryň türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellemek bilen pursatdan peýdalanyp, geçen ýylyň noýabrynda Ukrainada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilen mahaly biziň ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik bildirilendigi üçin minnetdaryk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti tutuşlygyna alnanda soňky ýyllaryň medeni alyş-çalyş babatda wakalara baý bolandygyny nygtap, bu üstunlikli iş tejribesini dowam etdirmek baradaky pikiri aýtdy.
Türkmen döwletiniň Baştutany biziň ýurdumyzyň netijeli ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklap, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Ukrainanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda ylym we tehnologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn maslahaty geçirmegi teklip etdi. Türkmenistan bilim babatda Ukraina bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi, türkmen ýaşlarynyň Ukrainanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okamaklaryny dowam etdirmegi hem-de höweslendirmegi hem maksat edinýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ukrainanyň Rektorlar geňeşini döretmek baradaky meseläni öwrenmek baradaky teklibi aýtdy, şonda kärdeşler duşuşyk, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp hem-de tejribe alşyp bilerler. Türkmen Lideri bilelikdäki birinji çäre hökmünde şu ýyl Aşgabatda Ukrainanyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, şol sanda onuň esasy ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryny çagyrmak bilen bilim ýarmarkasyny geçirmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hökümetara gatnaşyklarynyň täze mazmuna baýlaşmagy bilen geljekde-de depginli ösjekdigine ynam bildirip, Ukrainanyň başarjaň hem-de zähmetsöýer halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutany sözüniň ahyrynda türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine goşýan uly goşandy, hyzmatdaşlyk etmäge oňyn gatnaşygy we taýýardygy üçin Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçe minnetdarlyk sözlerini hem aýtdy.
Ukrainanyň Prezidentine söz berilýär.
Belent mertebeli türkmen myhmany öz çykyşynyň barşynda pursatdan peýdalanyp, gelip ýeten uly baýramçylyk – Döwlet baýdagynyň güni bilen Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny mähirli gutlady hem-de parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Prezident Wiktor Ýanukowiçiň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Baştutany bilen ynanyşmak, dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki ýurduň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda we pudaklarynda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ençeme möhüm meseleleri, şeýle hem halkara gatnaşyklarynyň möhüm taraplary gozgaldy. Ilkinji nobatda möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleler gyzyklanyp ara alnyp maslahatlaşyldy. Ukrainanyň Baştutany ikiçäk görnüşde geçen gepleşikleriň netijeli, düýpli häsiýetini belläp, iki döwletiň ösüşiniň strategiki maksatlaryna laýyk gelýän türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň orta möhletli hem-de uzakmöhletli maksatnamalaryny işläp taýýarlamak baradaky pikiri aýtdy.
Bu babatda belent mertebeli myhman hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan tekliplerini doly goldaýandygyny beýan edip, Ukrainanyň we şol sanda öz ýurdunyň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Birnäçe iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi onuň netijesi boldy.
Prezident Wiktor Ýanukowiç bu meseläni dowam etdirip, türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, energetika pudagyny özara peýdaly tagallalary gönükdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri diýip atlandyrdy, şol pudakda iki ýurduň hem düýpli tejribesi bar hem-de bu ugurda bilelikdäki işi dowam etdirmek baradaky pikiri aýtdy.
Belent mertebeli myhman söwda-ykdysady ulgamda Türkmenistan blien uzakmöhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga Ukrainanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtap, däp bolan ynsenperwer-medeni gatnaşyklaryň, şol sanda bilim ugry boýunça gatnaşyklaryň ähmiýetini hem belledi. Şol ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.
Prezident Wiktor Ýanukowiç Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň jemleriniň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Ukrainanyň Odessa oblastynyň döwlet administrasiýasynyň arasynda Ylalaşyga; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Ukrainanyň Kiýew oblastynyň döwlet administrasiýasynyň arasynda Ylalaşyga; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Naftogaz Ukrainy” Milli paýdarlar kompaniýasy” Açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Ukrainanyň Döwlet maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti bilen Ukrainanyň Milli olimpiýa komitetiniň arasynda Ylalaşyga; Bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Ukrainanyň Bilim we ylym, ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2013-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekilýär.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç Dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak hakynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna geçýärler, şol ýerde metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga iki tarapyň ýokary derejede gyzyklanma bildirmegi ruhunda geçen Aşgabat gepleşikleriniň jemlerini teswirläp, şu gün netijeli pikir alyşmagyň bolandygyny nygtady, onuň barşynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň bar bolan uly mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmegiň ýollaryna garaldy we olar ara alnyp maslahatlaşyldy. Uzakmöhletleýin esasda mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, olar döwletara gatnaşyklarynyň uly şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýär we olary mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur şertleri döreder.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça Türkmenistanyň we Ukrainanyň umumy ýa-da ýakyn garaýyşlary bardyr. Türkmen döwletiniň Baştutany bu meseläni dowam etdirip, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk üçin, şeýle hem Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýanlygy üçin Ukrainanyň ýolbaşçylaryna we ilkinji nobatda Prezident Wiktor Ýanukowiçe minnetdarlyk bildirdi.
Gürrüň, ilkinji nobatda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen ýörite Rezolýusiýasynda berkidilen, dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ygtybarly hem-de durnukly ibermegi üpjün etmek boýunça başlangyç barada barýar. Bu Rezolýusiýany onuň awtorlarynyň biri hökmünde ilkinjileriň hatarynda çykyş eden Ukrainanyň işjeň goldamagy, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we bu düýpli mesele boýunça bilelikde iş alyp barmaga olaryň taýýardygy hakyndaky meselede iki ýurduň garaýyşlarynyň umumydygyny aýdyň görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Türkmenistan bu işiň başyny başlamak bilen, halkara möçberinde durnukly energiýa üpjünçiligi häzirki döwrüň giň möçberli wehimlerine jogaplaryň biri bolmalydygyndan ugur aldy. Meseläniň şunuň ýaly orta atylmagy giň möçberli ösüşiň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýär we şonuň üçin hem ähli halkara jemgyýetçiligi üçin örän möhüm bolup durýar diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzümine, şol sanda 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş geňeşine saýlanmagynda Ukrainanyň goldaw bermegine hem Türkmenistan ýokary baha berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada söz açyp, türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň beýleki abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da, ÝHHG-nyň çäklerinde mundan beýläk-de ösüşe eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şol guramada Ukraina şu ýyl başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Aşgabatda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseläni ara alyp maslahatlaşmak boýunça ÝHHG-nyň howandarlygynda ýokary derejedäki duşuşygy geçirmegi teklip etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz nobatynda Ukrainanyň giň möçberli we sebitleýin derejelerde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny döretmäge gönükdirilen Ukrainanyň daşary syýasat ugruna we halkara başlangyçlaryna hormat goýýar hem-de olary goldaýar.
Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky oňyn hem-de gyzyklanma bildirilýän syýasy gatnaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depgini bilen berkidilendir diýip, türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdirmek bilen, gepleşikleriň barşynda taraplaryň bu ulgamda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň bardygyny nygtamak bilen ikitaraplaýyn söwdany we maýa goýumlaryny goýmagy giňeltmekde bar bolan uly mümkinçilikleri belledi. Özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini giňeltmek, türkmen kärhanalarynyň önümleriniň ukrain bazarlarynda işjeň ýaýramagy üçin hem mümkinçilikler bardyr.
Türkmenistan geljekde-de ukrain hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Milli Liderimiz bu aýdylanlaryň tassyklanmasy hökmünde Lebap welaýatynda 14-nji fewralda boljak dabaraly çäreleri mysal getirdi, şonda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Amyderýanyň üstünden ukrain kompaniýalar tarapyndan gurlan täze awtomobil köprüsiniň açylyşy we ulag-aragatnaşyk maksatly täze möhüm desgalaryň birnäçesiniň düýbüniň tutulyşy bolar, olaryň gurluşygy hem Ukrainadan bolan hyzmatdaşlarymyza ynanyldy.
Gepleşiklerde häzirki zaman ýagdaýlary we hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly görnüşlerini işläp taýýarlamak babatda däp bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Prezident maksatnamasyna laýyklykda bäsleşige ukyply eksporta ugur alan önümleri öndürmegi maksat edinýän ýokary tehnologiki we köp pudakly senagaty kemala getirmek Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şunuň bilen baglylykda, Ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-ukrain toparynyň bilelikdäki başlyklaryna hyzmatdaşlygyň has geljegi uly ugurlaryny öwrenmek we olary nobatdaky dördünji maslahatda ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi, şol maslahaty şu ýyl Aşgabatda geçirmek meýilleşdirildi. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak, ony iki ýurduň anyk mümkinçiliklerini beýan edýän derejä ýetirmek meselelerine hem garaldy.
Türkmenistan we Ukraina ulag-aragatnaşyk ulgamynda netijeli hyzmtadaşlyk etmek üçin ähli zerur mümkinçiliklere hem eýedir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň barşynda ulag ugurlary babatda, şol sanda sebitara gatnaşyklar, Orta Aziýa, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň kuwwatyny peýdalanmak babatda ikitarpalaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini jikme-jik öwrenmek teklip edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda syýahatçylyk senagatynyň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup biljekdigini belläp, ukrain kompaniýalaryny bu ugurda baý mümkinçiliklere eýe bolan biziň ýurdumyzda syýahatçylyk düzümlerini ösdürmäge gatnaşmaga çagyrdy. Hazar deňziniň kenarynda halkara derejesindäki has oňaýly şypahana bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň we telekeçiligiň ugry boýunça özara peýdaly türkmen-ukrain gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin hem oňat mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Işewür hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek hakyndaky meselä garamak teklip edildi, şol Geňeşiň işi iki ýurduň kompaniýalarynyň we firmalarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň möhüm düzümi hakynda söz açyp, toplanan tejribäniň binýadynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylda türkmen we ukrain halklarynyň görnükli ogullarynyň ady bilen baglanyşykly taryhy seneleriň - Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň we Taras Şewçenkonyň doglan gününiň 200 ýyllygynyň halkara derejesinde belleniljekdigini belledi. Taraplar Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklaryny has ýakynlaşdyrmaga ýardam edýän Medeniýet günleriniň, döredijilik festiwallarynyň we beýleki bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň iş tejribesini mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti taraplaryň işlenip taýýarlanylan ylym-bilim aragatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyp, özara gatnaşyklaryň emele gelen görnüşleri bilen bir hatarda gepleşiklerde bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň täze mümkinçiliklerine garalandygyny belledi. Mysal üçin, Aşgabatda ylym we tehnologiýalar babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Ukrainanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny durumşa geçirmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn maslahaty geçirmek teklip edildi. Şular ýaly duşuşyk ylmy işi ösdürmegiň möhüm meselelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistan öz ýaşlarynyň Ukrainanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okamaklaryny dowam etdirmegini hem maksat edinýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şu babatda ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň we ylymyň möhümdigini nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Ukrainanyň Rektorlar geňeşini döretmek hakyndaky meseläni öwrenmek teklip edildi. Türkmen tarapy bilim ýarmarkasyna Ukrainanyň bilim ulgamlarynyň ýolbaşçylaryny, şol sanda esasy ýokary okuw mekdepleriň rektorlaryny gatnaşmaga çagyryp, şu ýyl Aşgabatda bilim ýarmarkasyny ilkinji bilelikdäki çäre hökmünde geçirmek baradaky teklip bilen hem çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti aýdanlaryny jemläp, ýokary derejede geçirilen türkmen-ukrain gepleşikleriniň netijelerinden doly kanagatlanýandygyny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge tüýs ýürekden çalyşýandygy üçin Ukrainanyň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, şu günki gepleşikler iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy diýip belledi. Şol gepleşikleriň esasy netijesi hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça geljek üçin ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy wezipelerini takyklamak bolup durýar. Şeýlelikde, taraplaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigi ýene bir gezek tassyklanyldy.
Ukrainanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy, GDA-nyň, BMG-niň, şeýle hem şu ýyl Ukrainanyň başlyklyk edýän ÝHHG-niň çäklerinde türkmen-ukrain gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde we Merkezi Aziýa sebitinde halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek babatda taraplaryň garaýşynyň umumy bolup durýandygy nygtaldy. Munuň özi, hususan-da, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi we Ukrainanyň daşary syýasaty bilen düşündirilýär.
Türkmen-ukrain söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi diýip, Prezident Wiktor Ýanukowiç belledi. Taraplaryň pikirine görä, onuň mümkinçilikleri entek doly derejede ulanylmaýar. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde Bilelikdäki hökümetara topary esasy orun eýeleýär diýip, belent mertebeli myhman belledi. Ukrain lideri sözüni dowam edip, şu gün Ukrainanyň Aşgabatdaky Söwda öýüni hem-de Türkmenistanyň Kiýewdäki Söwda öýüni döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy diýip habar berdi. Olar hem söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm gurallaryna öwrüler.
Taraplaryň pikiriçe gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bar diýip, Wiktor Ýanukowiç sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Ukrainanyň baştutany ukrain kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de Türkmenistanda giň gerimli senagat we durmuş maksatly desgalary gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Gepleşikleriň barşynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hem gürrüň edildi diýip, Prezident Wiktor Ýanukowiç belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegini dikeltmäge hem-de bu ugurda gatnaşyklary giňeltmäge Ukrainanyň gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Biziň ýurtlarymyz gazy öz hajatlarymyz üçin, şeýle hem bilelikde Ýewropa ibermek üçin mawy ýangyjyň iberilýän ugurlaryny işläp düzmek maksady bilen, tagallalary birleşdirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir diýip, belent mertebeli ukrain myhmany belledi. Şonuň bilen bir hatarda elektroenergetika ulgamynda we nebitgaz pudagynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň, şol sanda bilelikdäki taslamalara gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň çäklerinde taraplar oba hojalyk önümlerini öndürýän we gaýtadan işleýän bilelikdäki kärhanalary döretmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy diýip, Ukrainanyň Prezidenti belledi.
Medeni-ynsanperwer ulgamda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip, belent mertebeli ukrain myhmany nygtady. Oňa, hususan-da, 2012-nji ýylda Ukrainada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi ýardam etdi. Şu ýyl bolsa Ukraina türkmen topragynda öz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga taýýardyr. Syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda hem özara gatnaşyklary ösdürmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigini ynamly aýtmak bolar.
Şu gün gazanylan ylalaşyklar gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda bellenildi. Olar dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny berkider diýip, ukrain lideri ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygynyň netijelerinden doly kanagatlanýandygyny aýtdy. Ukrainanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine şu günki gepleşikleriň many-mazmunly we dostlukly häsiýete eýe bolandygy üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Metbugat konferensiýasy tamamlanandan soň iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly zalyndan” çykdylar.
Şu günüň ikinji ýarymynda Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy. Ukrainanyň Baştutany emele gelen asylly däbe görä, hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Şol gün Ukrainanyň Prezidenti görnükli ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň Aşgabadyň taryhy merkezinde oturdylan ýadygärligine gül desselerini goýdy.
Agşam Oguzhan köşkler toplumynyň resmi kabul edişlikler binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.
Ukrainanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.