Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde Amyderýanyň üsti bilen geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Düýn Türkmenabat şäherine gelen Türkmenistanyň Prezidenti irden dikuçar bilen, ulag-aragatnaşyk düzüminiň täze desgasynyň – Amyderýanyň kenarlaryny birikdirýän köpriniň ýanynda gondy. Uçuş mahalynda döwlet Baştutany tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu welaýatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimine we netijelerine baha berdi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ukrainaly kärdeşi – Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen bilelikde Lebap welaýatynda durmuş-ykdysady taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan we gurluşygy ukrain hyzmatdaşlara ynanylan desgalaryň açylmagy we olaryň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdylar.
Türkmenabat şäherinde demir ýol we awtomobil köprüleriniň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaralar boldy. Şol köprüler ýakyn wagtda welaýatyň dolandyryş merkezini Farap bilen baglanyşdyrar. Şol gün Atamyrat şäherinde döwlet Baştutanlary Amyderýanyň üsti bilen geçýän “Atamyrat-Kerkiçi” täze döwrebap awtomobil köprüsiniň açylyşyna gatnaşdy. Şu gün bolsa ýurdumyzyň gündogar welaýatynda gadymy Jeýhunyň üstünden geçýän ýene bir täze köpri ulanmaga berildi.
Bu möhüm ähmiýetli desgalar ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülmelidir. Ýeri gelende aýtsak, gadymy döwürlerde şu ýerlerden Beýik Ýüpek ýoly bilen kerwenleriň gatnaýan ugurlary geçipdir, şol ýol Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň arasyndaky medeni we söwda hyzmatdaşlygynyň ýoly bolup hyzmat etdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ýol ählumymy ösüşiň – türkmen halkynyň we goňşy halklaryň rowaçlygynyň hatyrasyna täzeden dikeldilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasy gurulýar, bular döwrebap we ýokary netijeli ulag düzümini döretmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine, ýurdumyzyň Yklymdaky wajyp ähmiýetli söwda ýollarynyň halkara çatrygy hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidir. Döwrebap köprüleriň gurluşygy şu ugurda amala aşyrylýan taslamalaryň hatarynda durýar. Şoňa görä-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde köprüleri gurmak boýunça toplanan tejribä içgin üns berýär. Döwlet Baştutany ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, türkmen hünärmenlerini şu ugur boýunça işläp taýýarlamalary öwrenmäge we olary ornaşdyrmaga çagyrýar.
Şu günler Lebap welaýatynda bolup geçýän wakalary geljege badalga berýän wakalar hökmünde görkezmek bolar. Lebap Türkmenistanyň köp ugurly ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, ýurdumyzyň täsin galdyrýan tebigy serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmekde we şu esasda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmekde wajyp ähmiýetli orny eýeleýän esasy sebitleriň biridir.
Bu ýerde durmuş-ýaşaýyş we medeni maksatly desgalar bilen birlikde, döwrebap senagat kärhanalary gurulýar hem-de ulag düzümi batly depgin bilen ösdürilýär.
Şeýle hem bu welaýat oba hojalygynda uly üstünlikleri gazanýandygy we gazylyp alynýan peýdaly serişdeleriň ýataklaryna baý bolmagy bilen bellidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan oba hojalyk meýdanlaryny üns berip synlaýar hem-de bu ýerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşýar.
Täze köpriniň açylmagyna bagyşlanan dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrülen Seýdi şäherinde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär. Ýaşyl tuglar pasyrdaýar, dabara gatnaşýan köp adamlaryň ellerinde dürli reňkli howa şarlary bar, döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde gadymy Lebabyň giňişliginde milli aýdym-sazlar ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary Amyderýanyň üsti bilen geçýän awtomobil köprüsiniň ýanynda ýörite taýýarlanan meýdançada gonýar, bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, köpri gurujylar, ýaşulular we ýaşlar mähirli garşylaýarlar.
Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Asylly däbe görä, welaýatyň döredijilik toparlary özleriniň şowhunly aýdym-sazlary bilen dabara gatnaşýanlaryň ruhuny göterýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, köpriniň açylyş dabarasynyň bolýan ýerine barýar. Mill lybasdaky çagalar hormatly Prezidentimizde täze köprini açyp bermegini haýyş edýärler. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çyrpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz täze desganyň toý bagyny kesýär. Amyderýanyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsi açyldy. Milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze köpri bilen pyýadalap, Amyderýanyň sag kenaryna tarap ýönelýär. Döwlet Baştutanymyz täze köpriniň merkezinde saklanyp, gadymy Jeýhunyň we türkmen tebigatynyň bu täsin künjeginiň gözelligini synlaýar.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda Seýdi şäherinde Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri gurdular.
Inženerçilik-tehniki talaplaryň ählisine dol laýyk gelýän köpriniň umumy uzynlygy 1400 metre barabar bolup, onuň iki hatarly gatnaw ýolunyň umumy ini 10,5 metr, şol sanda awtoulagyň gatnaýan ugrunyň ini 8,3 metrdir. Köprüniň her tarapynda ini 1,1 metr bolan ýanýoda gurlupdyr, ýörite yşyklandyryjylar hem-de aýmançalar göz öňünde tutulypdyr. Köprä hyzmat edýän hünärmenler üçin derýanyň çep kenarynda ýörite edara ediş binasy gurlupdyr.
Özboluşly we joşgunly Amyderýanyň iki kenaryny baglanyşdyran täze häzirki zaman ulag köprüsi özüniň inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurluşygyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär Ol ýük götterijilik we onuň üstünden geçýän awtoulaglaryň hereket tizligi nazara alnyp bina edildi. Köpriniň gurluşygynda ýokary seýsmiki durnuklylygy we beýleki tehniki ölçegleri üpjün edýän pugta gurnamalar ulanyldy. Metal gurnamalar biri-birine ýokary berkligi bolan nurbatlar arkaly berkidildi. Awtomobil köprisi 17 sütünden ybarat bolup, onuň beýikligi desganyň astyndan gämileriň geçip bilmegini üpjün edýär.
Jeýhunyň üstünde gurlan bu täze köpri iki kenaryň ilatyna ulag gatnawy üçin zerur şertleri üpjün etdi we ol iri senagat toplumlarynyň gurulýan we uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşynyň üstünlikli amala aşyrylýan ýeri bolan Amyderýanyň sag kenaryndaky baý mineral-çig mal serişdelerini özleşdirmek boýunça düzülen maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Köprä gelýän we ondan çykýan awtomobil ýollary yşyklandyryşyň degişli ulgamy bilen üpjün edildi. Bagaja gaz käniniň ýanyndaky ulag ýoly göni Türkmenabat-Mary üstaşyr ýoluna çykýar. Bu bolsa ýoly ep-esli gysgaldýar. Munuň özi daşary ýurtlardan gelýän we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän uly ýük göteriji ulaglar üçin has-da amatlydyr. Şeýlelikde, Amyderýanyň üstünden geçýän täze döwrebap awtomobil köprüsi biziň ýurdumyzda okgunly depginde kemala gelýän transmilli ulag ugrunyň möhüm bölegine öwrüler.
Derýanyň aňyr kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar we milli Liderimize gül desselerini gowşurdylar. Bu ýerde ýerleşdirilen ak öýleriň ýanynda teatrlaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlanýar. Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, özüne garaşyp duran dikuçara tarap ugrady we asmana göterilen dikuçar Türkmenabadyň howa menziline tarap ugur aldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gaýdyp geldi.