Ï Türkmenistan-GFR: hukuk ulgamynda tejribe alşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-GFR: hukuk ulgamynda tejribe alşylýar

view-icon 755
Şu gün paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynda bolan maslahat hukuk babatda netijeli türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek meselelerine bagyşlandy.

Bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Damokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty we Halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guralan maslahata Mejlisiň, biziň ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Halkara bilermenleri we türkmen hukuk öwrenijileri maslahata gatnaşyjylara awtorlyk hukugynyň umumy düzgünleri, onuň taglymlaýyn we iş ýüzündäki taraplary bilen tanyşdyrýan çykyşlary hödürlediler.

Hukuk ulanyş işi babatda halkara tejribesi hakynda GIZ-iň bilermenleri - sebitleýin taslamanyň direktory, Berlin şäheriniň dolandyryş kazyýetiniň kazysy jenap Ýorg Pudelka, GFR-iň Kil şäheriniň uniwersitetiniň professory Lado Çanturiýa, şeýle hem haryt nyşanlary boýunça bilermen hanym Nigina Negmatullaýewa çykyş etdiler.

Maslahatda bellenip geçilişi ýaly, adamyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak üýtgewsiz ýagdaýda Türkmenistanyň syýasatynyň birinji derejeli wezipesi bolmagynda galýar. Türkmenistan abraýly halkara guramalarynyň tassyklanylan resminamalaryna laýyklykda kabul eden borçnamalaryna takyk eýerip, adamyň hukuklaryny üpjün etmäge we bähbitlerini goramaga degişli umumylykda ykrar edilen halkara hukuk kadalary hem-de düzgünleri babatda milli kanunçylygy we hukuk ulanyş iş tejribesini yzygiderli kämilleşdirýär.

Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar türkmen hukuk öwrenijileriniň hukuk ulgamynda halkara guramalary we daşary ýurtly hünärmenler bilen, şol sanda Halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýetiniň taslamasy bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellediler. Maslahata gatnaşyjylar soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instiutynyň hem-de GIZ-iň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtap, netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda hukuk ulgamynda hem giňeltmäge iki tarapyň hem çalyşýandygyny beýan etdiler, şol gatnaşyklaryň çäklerinde biziň ýurdumyzda halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda eýýäm bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, köp sanly duşuşyklar, maslahatlar guraldy.