Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň arasynda bolan gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň arasynda bolan gepleşikler

view-icon 676
Şu gün Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Bireleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

BAE-niň lideriniň biziň ýurdumyza resmi sapary belent mertebeli myhmany Aşgabat şäheriniň howa menzilinde garşylamak dabarasy bilen başlandy. Paýtagtymyzyň howa menzili iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelipdir.

Uçaryň ýanynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini türkmen topragynda milli lybasdaky gyzlar gül desseleri hem-de duz-çörek bilen garşylaýarlar.

Türkmen döwletiniň Baştutany öz kärdeşini garşylamak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Munuň özi däbe öwrülen dostluk döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedediginiň aýdyň şaýady bolup durýar. Şol gatnaşyklar iki ýurduň Prezidentleriniň şahsy gatnaşyklarynda hem aýdyň ýüze çykýar.

Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, haly ýodajygy bilen resmi wekiliýetlere niýetlenen VIP zalyna barýarlar. Haly ýodajygynyň ugrunda hormatly garawulyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet baştutanlarynyň arasynda esasy gepleşikleriň başlangyjy bolan gysgaça söhbetdeş boldy.

Iki ýurduň Liderleriniň awtomobil kerweni howa menzilinden “Oguz han” Köşkler toplumyna tarap ugur alýar. Şol ýerde Birleşen Arap Emirlikleriniň baştutanyny resmi kabul etmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlary Köşkler toplumynyň içine, “Oguz han” zalyna barýarlar. Hormat garawulynyň serkerdesi belent mertebeli myhmana rapot berýär. Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Hormat garawulynyň öňünden bilelikde geçilenenden soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. BAE-niň baştutanyny şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň wekilleri mübärekleýärler. Öz nobatynda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Soňra iki ýurduň baştutanlary däbe görä, Türkmenistanyň hem-de BAE-niň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler, şondan soňra ikiçäk ýagdaýda gepleşikleriň geçirilen Altyn zalyna barýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birlpeşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýany ýene-de bir gezek türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Biziň ýurdumyz Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz bellemek bilen, pursatdan peýdalanyp belent mertebeli myhmana iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugatlandyrmaga we giňeltmäge uly üns berýändigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki wagtda iki döwletiň hyzmatdaşlygy okgunly ösýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Taraplaryň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, medeni we ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uzak möhletleýin wezipelerini ösdürmegiň esasy şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistan hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däbe öwrülen özara düşünişmek hyzmatdaşlygy işjeňlik bilen ösdürilýär. Biz bu gatnaşyklary dünýäniň geosyýasy we ykdysady giňişliginde iki dostlukly döwletleriň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen strategiki hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy maksat edinýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygy üçin Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýana minnetdarlyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ähli halkyna iň gowy arzularyny aýtdy.

Soňra özara ynanyşmak, dostluk we işjeň ýagdaýa eýe bolan duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Onuň Alyhezreti Şeýh Halifa Ben Zaýed Al-Nahaýýan Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny dowam etdirmäge hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny gözlemäge taýýardygyny tassykladylar.

Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlanandan soňra “Seljuk han” zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2013-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda standartlaşdyrmak, metrologiýa, güwälendirmek we akkreditirlemek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýanyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň Bilelikdäki Beýanamasy kabul edildi.

Iki ýurduň hökümetleriniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana Türkmenistanyň gadymy we myhmansöýer topragyna “Hoş geldiňiz” diýmek bilen, Aşgabatda täze duşuşyga örän şatdygyny aýtdy.

Türkmen-emirlikler ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýlan ylalaşykly işler soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Mysal üçin, häzirki wagta çenli döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 20-den gowragyna gol çekildi. Olar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.

Döwlet Baştutanymyz syýasy gatnaşyklar meselesine degip geçip, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Türkmenistanyň halkara giňişlegindäki bilelikdäki hereketleriniň örän takyk we oňyn häsiýete eýe bolup durýandygyny aýtdy. Halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde örän netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen belent mertebeli myhmana biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanmagyny hem-de Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy boýunça öňe süren başlangyçlaryny ilkinjileriň hatarynda goldandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belläp, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň diplomatik esaslaryny döredýän gatnaşyklaryň bu görnüşini mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynda, ulag – aragatnaşyk babatda, durmuş maksatly hem-de beýleki desgalary gurmakda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýdyp, bu özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar, munuň özi her ýyldaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň artmagy bilen tassyklanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle maglumatlary getirdi. 2006-njy ýyldan bäri (267 million amerikan dollary) ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi 4 esseden hem gowrak artyp, 2012-nji ýylda 1 milliard 423 million amerikan dollaryna barabar boldy. 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende (895 million amerikan dollary) 2012-nji ýylda söwda dolanyşygy 59 göterim ýokarlandy. Şu döwürde Türkmenistanyň umumy söwda dolanyşygynda Birleşen Arap Emirlikleri altynjy orny eýeledi.

2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda BAE-niň işewürleriniň gatnaşmagynda 54 kärhana hasaba alyndy. Şeýle hem häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda jemi bahasy 5 milliard 274 million amerikan dollary, 5 million 90 müň ýewro we 2 million manat bolan 96 taslama amala aşyryldy hem-de amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe we işewür toparlarynyň biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara gyzyklanmasynyň artýandygyny belläp, bu ugurda giň möçberli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitet hem munuň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Bu komitetiň ilkinji mejlisi geçen ýylyň noýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde geçirildi we söwda, nebitgaz, energetika, oba hojalyk, ulag – aragatnaşyk pudaklaryna degişli anyk ylalaşyklaryň gazanyldy.

Gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk we dostlukly gatnaşyklar taryhy hem-de medeni umumylyga eseslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu ulgamda ysnyşykly gatnaşyklar soňky ýyllarda giň häsiýete eýe boldy we bilim, ylym, medeniet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary baýlaşdyrlan hyzmatdaşlyk ep-esli giňeldildi. Häzirki wagtda Bilelikdäki komitetiň çäklerinde bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-emirlik iş toparyny döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagy, gumanitar gatnaşyklary ösdürmek maksadynda şu ýyl Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniet günlerini, 2014-nji ýylda bolsa Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Birleşen Arap Emirliklerniň Prezidentine söz berilýär.

BAE-niň baştutany türkmen döwletiniň Liderine mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, öz ýurdunda gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmelere uly gyzyklanma bilen syn edilýändigini we doganlyk türkmen halkynyň parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň ýolunda gazanýan üstüniklerine we ýeňişlerine guwanýandyklaryny belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, Onyň Alyjenaby Şeýh Halifa Ben Zaýed Al-Nahaýýan şu duşuşygyň netijeli döwletara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek ýolunda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Eýýäm gadymy döwürlerde söwda, ylym, bilim hyzmatdaşlygynda netijeli gatnaşyklaryň başlangyjy ýola goýuldy diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Iri bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň üstünlikli amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändiklerini nygtamak bilen, BAE-niň baştutany şu gezekki Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. BAE-niň Prezidenti öz çykyşyny tamamlamak bilen, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylyk, döredijilik we iri möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda täze uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti we BAE-niň Prezidenti “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykýarlar we özlerine garaşyp duran awtoulagyň ýanyna barýarlar. Prezidentleriň awtoulag kerweni Aşgabadyň halkara howa menziline tarap ugraýar.

Bu ýerde iki dostlukly ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. Soňra BAE-niň Prezidenti türkmen paýtagtynyň howa menzilinden ugrady.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň uly dosty – Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň iki halkyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde we dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim bolan Türkmenistana nobatdaky resmi sapary tamamlandy.