Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary we Aşgabat şäheriniň häkimi çagyryldy. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli ösüş maksatnamasynyň jähedinde öňde duran wezipeleri we esasy ugurlary, şeýle hem döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna öňi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli türkmen diplomatlaryny Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni, şeýle hem Watanymyzyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň döwletimiz häzirki döwürde anyk ýörelgelere, aýdyň maksatlara daýanýan daşary syýasaty alyp barýar. Bu syýasatyň esasynda garaşsyz Watanymyzyň we türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji däplerine esaslanýan, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz türkmen diplomatiýasynyň kämilleşmegi, has-da netijeli işlemegi üçin döwlet tarapyndan ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Milli Liderimiz türkmen diplomatlarynyň geljekde hem ýokary hünär ussatlygyny görkezip, çäksiz yhlas bilen zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen ýene bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, bagtly durmuş we mähriban Wtanymyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri öz gezeginde türkmen diplomatlarynyň adyndan milli Liderimiziň tagallasy bilen esaslandyrylan Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen gutlagy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň 2012-nji ýylyň dekabr aýynda tassyklanan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy türkmen diplomatlarynyň işi üçin anyk ýörelge bolup durýar.
Milli Liderimiziň ählumymy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk esaslaryna daýanýan hem-de tutuş adamzadyň bähbidine we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugry häzirki döwürde diňe sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylykly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürilmegi üçin zerur şertleri üpjün edýän we türkmenistanlylaryň abadançylygynyň, bagtly hem-de parahatçylykly durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň kepili bolup durýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýändigi bellenildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleriň ýokary hünär derejesinde we gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň özleriniň esasy borjudygyna gowy düşünýändiklerini bellemek bilen, hökümet Baştutanynyň orunbasary, DIM-iň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi mundan beýläk-de türkmen döwletiniň halkara ölçegler ulgamynda yzygiderli hereketini üpjün etmek, ata Watanymyzyň milli bähbidini goramak, döwletimiziň durnukly ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekili iş maslahatyna şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarowy we Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy.
Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde edilýän işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Başttutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda kanunçylygyň we tertip-düzgüniň berjaý edilmeginde Içeri işler minitsrligine aýratyn ornuň degişlidigini belledi. “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz olara ýüzlenip, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarowyň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini, ýöne onuň ynamy ödemändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysynyň işinde birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny aýan edýän maglumatlary aýtdy. Hususan-da, onuň ýolbaşçylyk eden döwründe atlaryň baş sany azalypdyr. Ýagny, 2011-nji ýylda bedewleriň sany 64, 2012-nji ýylda bolsa 56 baş azalypdyr.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga berlen atçylyk sport toplumlary ulanylman boş dur diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Atçylyk hojalyklarynda seçgi işi talabalaýyk alnyp barylmaýar, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginde weterinariýa gullugy ýaramaz işleýär, weterinariýa ugrundan hünärmenler ýok, dermanlar ýetmezçilik edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Munuň özi biziň atlarymyzyň we atçylarymyzyň köplenç daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyny üpjün edip bilmeýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birleşik tarapyndan atlar üçin ot-iým taýýarlamak boýunça hiç hili çäre durmuşa geçirilmeýändiginiň ot-iým ekmek üçin bölünip berlen ýeriň diňe 30 göteriminiň ulanylýandygyny belledi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi bilen hem hiç kim meşgullanmaýar, birleşiniň ýolbaşçylary assosiasiýanyň işini kämilleşdirmek boýunça hiç hili teklip bermedi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýüze çykayralan kemçilikleriň içinde “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň edara binasynyň hem talabalaýyk saklanylmaýandygy barada maglumat getirildi, şeýle hem binadaky kärende berlen otaglar üçin töleg işleriniň geçirilmeýändigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriňň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa käýinç yglan edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu aýdylandardan degerli netije çykarmak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçiilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň jemagat hojalygy minnistriniň orunbasary Ý.Annaýewi çagyrdy we onuň “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň wezipesine bellenýändigi hakyndaky Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa we Ý.Annaýewe ýüzlenip, birleşigiň işinde bar boan kemçilikleri düzetmek bilen baglanyşykly birnäçe wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ilkinji nobatda atçylyk toplumlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi. Ýurdumyzda atçylygy has-da ösdürmek maksady bilen, Ahal welaýatynda ýene-de bir atçylyk toplumyny gurmagyň, şeýle hem atçylyk boýunça halkara ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan hyzmat merkezini bina etmegiň meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.
Seçgi işleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu ugurdaky işi degişli derejede guramak, şeýle hem weterinariýa gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşyk meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz türkmen bedewlerini mahabatlandyrmagy işjeň alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Öňde goýlan wezipeleriň hatarynda welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek esasy orunda goýuldy. Ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmagyň, ýokara derejeli bedewleriň alynmagyny üpjün edýän seçgi işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň pudagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty ýurdumyzyň medeniýet ministri G.Mämmedowanyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, ministr ýurdumyzyň merkezi, welaýat, şäher we etrap kitaphanalaryndaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşynyň, halkyň gazananlarynyň hazynasy bolup durýan ýurdumyzyň kitaphanalaryna halkymyzyň baý medeni mirasynyň öwrenilmeginde we olaryň dünýä ýüzünde wagyz edilmeginde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ýurdumyzyň ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryny, medeniýet, sungat ugrunda ýetilen sepgitleri giňden wagyz etmek, adamlaryň medeni derejesini ýokarlandyrmak we ýaşlary syýasy, ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek işinde uly ähmiýetiniň bardygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kitaphana işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ünsi çekdi. Kitaphana-maglumat ulgamynda, informatikada häzirki zaman gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini, şeýle hem kitaphana işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ministrine bu babatda birnäçe görkezmeleri bardi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk igşleriniň, şol sanda paýtagtymyzyň ulag ýollarynyň döwrebaplaşdyrylyşynyň depginleri barada hasabat berdi. Şäher häkimi bolsa paýtagtymyzda täze gurulýan desgalaryň ýagdaýy, şeýle hem Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, paýtagtymyzda arassaçylygyň we tertip-düzgüniň üpjün edilmeginiň, gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň, şäheriň inženerçilik-tehniki düzüminiň degişli talaplara laýyk anyk hereket etmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylardan köçeleri yşyklandyrmakdan başlap, ähli meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmegi talap etdi.
Paýtagtymyzda giň möçberli gök zolaklary döretmek maksatnamasyny durmuşy geçirmegiň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady we onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze bag nahallaryny oturtmak boýunça nobatdaky tapgyra girişmegi, şeýle hem ozal ekilen bag nahallaryna gözegçiligi yzygiderli üpjün etmegi tabşyrdy.
Ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady ösüş boýunça giň möçberli maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bina edilýän desgalaryň daşky bezegine degişli meseleleri, şeýle hem ýol gurluşygynda we desgalary bina etmekde häzirki zaman talaplarynyň berk berjaý edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli senenamasynyň şanly baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe möhüm wezipelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna laýyk görnüşde berjaý edilmelidigini belledi.
Iş maslahatyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.