Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi esasy we aýratyn ähmiýetli baýramçylyklarymyzyň biri bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwletimizi ösdürmek boýunça başyny başlan ähli giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda uly üstünlikler arzuw etdiler.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda jebis we agzybir türkmen halky ägirt uly üstünliklere we zähmet ýeňişlerine beslenen ýyllaryň içinde, Döwlet baýdagynyň astynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar.
Milli Liderimiziň egindeşleri adamy döwletiň we jemgyýetiň baş gymmatlygy diýip yglan eden Türkmenistanyň ösen ykdysadyýetli gurply döwlet bolmak bilen, ýurdumyzda durmuş goraglylygynyň kuwwatly ulgamynyň döredilendigini bellediler. Geçen döwrüň içinde ilatyň tebigy gaz, elektrik energiýasy, nahar duzy, suw we benzin bilen mugt üpjün edilmegi hem muny aýdyň tassyklaýar.
Ilatyň durmuş derejesiniň düýpli ýokarlanmagynyň milli Liderimiziň ýöredýän oýlanyşykly syýasy ugrunyň dogrudygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belläp, bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu nurana baýramçylygyň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halky hemişe öz Baýdagyna uly sarpa goýup geldi. Döwlet baýdagymyz hem beýleki döwlet nyşanlary – Tugramyz we Senamyz ýaly ösüşiň dogry ýoluny saýlap alan we bu ýoldan bedew bady bilen okgunly hem-de ynamly öňe barýan özygtyýarly Türkmenistanyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Milli Liderimiz halkymyzyň gelip çykyşy ýaly, türkmen döwletiniň Baýdagynyň taryhy hem müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar diýip belledi. Halkyň dünýägaraýşynda çuňňur köklere eýe bolan türkmen baýdagy halkymyzyň Garaşsyzlyga, özbaşdak döwlet ösüşine hem-de taryhy döredijilige, ösüşiň syýasy we durmuş-ykdysady ýoluna bolan hukugyny beýan edýär. Döwlet baýdagymyzda şekillendirilen, halyçy gelin-gyzlarymyzyň ussatlygy bilen dörän gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasynda berkidilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini aňladýan zeýtun şahalary agzybirligi we jebisligi, edermen ata-babalarymyzyň ruhuna beslenen mukaddes türkmen topragynyň şöhratly geçmişini, düýpli özgertmelere, türkmen halkynyň ýagty geljegine beslenen häzirki gününi şöhlelendirýär.
Biziň her birimiz dünýäde buýsançly parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda ähli meýilnamalarymyzyň we beýik başlangyçlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna tüýs ýürekden buýsanmaga haklydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu ýere ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has belent sepgitlere bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.