Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

view-icon 715
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” toparynyň prezidenti we baş direktory jenap Žil Remini kabul etdi.

Fransuz işewüri türkmen döwletiniň Baştutany bilen salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp kabul edendigi üsin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda ýakynda bellenilen umumymilli baýramçylyk—Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk we raýat awiasiýasy ulgamlarynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri gozgaldy.

Jenap Žil Remi özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge örän uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap hem-de ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň işjeň depgini we Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlenen türkmen bazarynyň dünýä işewürligi üçin örän özüne çekijidigini belläp, “Sifalyň” hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan täze uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge örän işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyga şeýle oňyn çemeleşmäni makullap, Türkmenistanyň ylmy-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara aýratyn üns bermek bilen, ilkinji nobatda, bu ugurda ýeterlik tejribesi bolan özüniň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin açykdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda “Sifalyň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.