Ï Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi

view-icon 661
Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň birinji mejlisi boldy, oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri doktor Tewfik ben Fewzan Al-Rabianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Topara başlyklyk edijiler mejlisi açyp, döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de bu gatnaşyklaryň netijeli häsiýetde bolmagynyň özara hormat goýmagyň hem-de deňhukuklylygyň ýörelgelerine esaslanýan we däbe öwrülen gatnaşyklar bilen şertlendirilendigini bellediler hem-de şu duşuşygyň Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden badalga berjekdigine ynam bildirdiler. Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu wekiliýetiň türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, toparyň döredilmeginiň iki dostlukly döwletiň halklarynyň bähbitleri üçin doly möçberli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändigini aýdyň tassyklaýandygyny belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda toparyň agzalary hyzmatdaşlyk babatda örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmelidigini we diwersifikasiýalaşdyrylmalydygyny nygtadylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda, söwda-ykdysady ugur, nebitgaz pudagy, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilimegine gönükdirilen anyk ädimler kesgitlenildi.

Toparyň saud tarapyna wekilçilik edýän agzalary Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilendigini belläp, Saud Arabystany Patyşalygynyň işewür toparlarynyň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin örän amatly türkmen bazaryna gatnaşygynyň gerimini giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdylar.

Gumanitar ugur, ilkinji nobatda, bilim we ylym boýunça hyzmatdaşlyga degişli meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanda hem-de Saud Arabystanynda guralýan halkara maslahatlaryna we beýleki döredijilik çärelerine gatnaşmagyň hasabyna medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşanlar iki ýurduň döwlet ösüşinde ileri tutulýan ugurlary hökmünde sport we syýahatçylyk boýunça hem netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny biragyzdan bellediler.

Ertir toparyň işi dowam etdiriler. Mejlisiň jemi boýunça birnäçe möhüm ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine we özara arkalaşykly hereket edilmeginiň netijeliliginiň has-da artdyrylmagyna gönükdirilen teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.