Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk

view-icon 609
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň ertir Aşgabatda açyljak sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Fatih Jeýlan bilen duşuşyk boldy.

Duşuşykda gadym döwürlerden bäri dostlukly we doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki eýýamda üstünlikli amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän köp sanly taslamalarda, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirmeginde öz beýanyny tapýandygy bellenildi. Muňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem dürli derejedäki, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygy aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, taraplaryň netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda dowam etdirmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Duşuşyga gatnaşanlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda netijeli gepleşigi mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Fatih Jeýlanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň türkmen paýtagtyna saparynyň çäklerinde esasy taryhy-medeni künjekler bilen tanyşmagyna, Türkmenistanyň Baş milli muzeýine we Türkmen halysynyň milli muzeýine barmagyna garaşylýar.