Türkmenistan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüşiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça Milli geňeşmeleriň Meýilnamasyny amala aşyrmaga girişýär. Şu gün bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahatynda aýdyldy. Oňa BMG-niň Aşgabatdaky degişli düzümleriniň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dünýä bileleşigini tolgundyrýan wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Ýurdumyz dünýäniň beýleki döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşylyga degişli meselelere täzeçe we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýar.
Şu jähetden Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Ýurdumyzyň 2013-2015-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, 2012-2015-nji ýyllarda BMG-niň ilat we ösüş, neşe serişdeleri baradaky toparlarynyň, şeýle hem hemişelik esasda BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. “Türkmenistan—BMG” Strategiki maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.
Milli Liderimiz tarapyndan oňyn we iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere esaslanýan syýasatyň ýöredilmegi BMG-niň yglan eden Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna dolulygyna laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, şol maksatlara görä, 2015-nji ýyla çenli dünýädäki ösüşiň esasy ugurlary kesgitlendi. Türkmen Lideriniň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek, ýadro ýaragy boýunça ählumumy ýaragsyzlanmak, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, Hazar deňiziniň sebitinde ekologiýany gorap saklamak, Arala, howanyň üýtgemegine we beýleki ugurlara degişli meseleler çözmek boýunça öňe süren başlangyçlary hem hut şoňa gönükdirilendir.
Dünýä bileleşiginiň öňünde durýan meseleleriň çylşyrymlylygy olary çözmegiň sazlaşykly strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagyny talap edýär. Geçen ýylyň iýunyndan bäri BMG-niň howandarlygynda etmeginde tutuş dünýäde degişli geňeşmeler geçirilip ugraldy, bu geňeşmeler arkaly 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüşiň ählumumy maksatlary kesgitlenmelidir. Häzirui wagtda meýletin ýurtlaryň hataryna dünýäniň 60-dan gowrak döwleti, şeýle hem Türkmenistan goşuldy.
Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň we BMG-niň bielleikdäki Iş topary döredildi, bu topar şol mesele boýunça Milli geňeşmeleriň Meýilnamasyny taýýarlady. Geňeşmeleriň netijelerine görä, 2015-nji ýyldan soňky döwürde Türkmenistanyň ösüşine degişli maksatlary we wezipeleri kesgitlemek boýunça Türkmenistanyň hasabaty taýýarlanar we ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyna iberiler.
Türkmenistan—BMG Iş toparynyň agzalary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şol sanda Türkmenistanda işleýän daşary ýurt žurnalistleriniň soraglaryna jogap berdiler. Metbugat maslahatynyň barşynda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG ÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinte Barrins Geňeşmeleriň netijelerine görä, 2015-nji ýyldan soňky döwüre degişli ählumumy maksatlary we wezipeleri kesgitlemek boýunça meýilnama bilen žurnalistleri tanyşdyrdy.
Metbugat maslahatyna gatnaşanlar Milli geňeşmeleriň ählumumy abadançylygyň, yzygiderli ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.