Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň baş sekretary jenap Mustafa Iseni kabul etdi.
Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, myhman milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw eden Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň mähirli salamyny we hatyny, şeýle hem Türkiýäniň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi. Jenap Mustafa Iseniň belleýşi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen dostlukly, doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurduň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine we Premýer ministrine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Türkmenistan hem Türkiýe bilen döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly üns berýär, şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklaryny birleşdirýän dostluk we köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar häzirki döwürde türkmen-türk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip belledi.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony has-da ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem beýleki birnäçe pudaklarda giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Aşgabatda açylýan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan serginiň iki ýurduň arasyndaky netijeli işewür gatnaşyklaryň giňelmegine hyzmat etjekdigi bellenildi. Bu sergä türk kompaniýalarynyň onlarçasy gatnaşýar.
Döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän gumanitar-medeni ulgam türkmen-türk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça däbe öwrülen gatnaşyklary berkitmegiň we giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi iki doganlyk halkyň has ýakynlaşmagyna ýardam eder. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn ylym-bilim we medeni gatnaşyklary, bu möhüm ugurlarda toplanan tejribeleri alyşmak täze itergä eýe boldy, onuň ösdürilmegine ýurtlaryň ikisinde hem uly üns berilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň baş sekretary deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.