Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin Wekilhanasynyň baştutanynyň orunbasary jenap Ihtiýar Aslanow bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we bu halkara guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara düşünişmek we gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda ösdürilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Wekilhanasynyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň adamlaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy bellenildi.