Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministrini kabul etdi

view-icon 818
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri doktor Tewfik ben Fawzan Al Rabiýany kabul etdi. Ol düýn Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň birinji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip Aşgabada geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutatyna Saud Arabystanynyň Patyşasy Abdalla Ben Abdel Aziz Al-Saudyň we Mirasdüşer şazada Selman Ben Abdel Aziz Al-Saudyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk barada arzuwlary beýan edilen mähirli sözlerini ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, jenap Tewfik ben Fawzan Al Rabiýa türkmen Liderini golaýda bellenilip geçilen umumymilli baýram – Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz mähirli sözler üçin minnetdaryk bildirip we Saud Arabystanynyň Patyşasyna we patyşa maşgalasynyň agzalaryna mähirli sözlerini aýdyp, ilki başdan deňlik, birek birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň oňyn häsiýete eýedigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belläp, umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady, şeýle hem ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini bellediler. Şunda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar bolsa taraplaryň mizemez hoşmeýilli erk-islegine we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan berk meýline daýanýar.

Taraplaryň pikirine görä, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara topary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýelemelidir. Bu toparyň birinji mejlisi şu günlerde türkmen paýtagtynda geçirildi. Bilelikdäki toparyň Saud Arabystany tarapyndan başlygy bolup durýan jenap Tewfik ben Fawzan Al Rabiýanyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda netijeli gepleşikler geçirildi.

Ministr Saud Arabystany Patyşalygynyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandygyny aýdyp, munuň özüniň okugnly ösýän Türkmenistanyň ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwaty, şeýle hem ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendigini nygtady.

Myhman türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden haýran galýandygyny aýdyp, türkmen dokma senagatynyň ösüşiniň üstünlikli tejribesini aýratyn belledi, şol tejribe bolsa Saud Arabystanynda ulanylyp bilner. Ýokary tehnologiýaly himiýa senagaty hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri hoşlaşanlarynda, iki dostlukly ýurduň we halklaryň köpugurly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Turki Ben Haled Ben Faýsal Al Haşr gatnaşdy.