Ï Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergi açyldy

view-icon 758
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkiýe Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde iri sergi operatorlarynyň – “Meridyýen Fuarçilik” türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş iki dostlukly ýurduň arasyndaky doly möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge ýardam eder.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky iki doganlyk halkyň taryhy-medeni gatnaşyklarynyň we ruhy däp-dessurlarynyň umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklar soňky ýyllarda täze okgunly ösüşe eýe boldy we hil taýdan täze derejä çykdy.


Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda söwda we maýa goýum, gurluşyk, energetika we ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, dokma we gaýtadan işleýän senagat ýaly ýurdumyz üçin ileri tutulýan ulgamlarda işjeň iş alyp barýan türk kompaniýalarynyň 600-den gowragy hasaba alyndy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge hem türkiýeli hyzmatdaşlar saldamly goşant goşýarlar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topary hem-de türkmen-türk işewürler geňeşi özara bähbitli işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekde, täze gatnaşyklary ýola goýmakda we bilelikdäki taslamalary öňe ilerletrmekde möhüm orun eýeleýär.

Türkmen paýtagtynda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergiler we işewürler maslahatlary iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugruna öwrüldi. Mysal üçin, Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk senagatyna we gurluşyk materiallary senagatyna, şeýle hem eksport harytlaryna bagyşlanan sergileri her ýyl geçirmek däbe öwrüldi. 2009-njy ýylda türk işewürleri Halkara awtomobil ulaglary sergisinde – Türkmenistanda ilkinji gezek açylan awtosalonda ýurdumyzyň awtomobil gurluşygynyň we tehniki taýdan hyzmat etmegiň mümkinçiliklerini üstünlik bilen görkezdiler. Şu ýylyň mart aýynda Stambul şäherinde geçiriljek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumy hem daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde möhüm ähmiýetli ädim bolar.


Şu gün Aşgabatdaky Sergi köşgünde türk önüm öndürijileriniň we önümleri iberijileriň – geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge çalyşýan, köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän işewür toparlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň we söwdanyň köp ugurlarynda ägirt uly maýa goýum mümkinçilikleri babatda biziň ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýän täze işewür toparlarynyň 70-den gowragy özleriniň ykdysady kuwwatyny dolulygy bilen görkezýär.

Gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu mynasybetli Türkiýäniň düzüminde 136 wekil bolan topary Aşgabada geldi. Bu wekiliýete ýurduň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Mustafa Sewer ýolbaşçylyk edýär.

Serginiň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu wakanyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.


Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan we Türkiýe syýasy, ykdysady, bilim, energetika, medeniýet, durmuş hem-de beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň ýokary nusgasyny görkezýär. Döwletlerimiziň arasynda gol çekilen 100-den köpräk şertnamalar döwletara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny düzýär. Milli Liderimiz Aşgabat şäherinde açylýan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan serginiň özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine, ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagyna ýardam etjek çäreleriň biridigini belläp, türkmen we türk işewürleriniň gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, harytlaryň eksporty boýunça taslamalary dowam etdirmekde hem bu serginiň uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady hem-de gözden geçirilişiň işiniň üstünlikli bolmagyny aruzw etdi.


Soňra Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Mustafa Sewer gutlag sözi bilen çykyş edip, türkmen-türk ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi we serginiň ýokary derejede guralandygy hem-de iki dostlukly we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça netijeli gatnaşyklar üçin has amatly şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Köp sanly türk kompaniýalarynyň we firmalarynyň hödürlän eksport harytlarynyň şu sergisi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol kompaniýalar we firmalar bolsa gurluşyk materiallaryny we tehnikalaryny, suw arassalaýyjy we ýyladyş ulgamlaryny, elektroenergetika senagaty üçin enjamlary, metal düzümlerini, durmuşda ulanylýan tehnikalary, himiýa senagatynyň harytlaryny, dokma önümlerini, azyk önümlerini, kosmetiki serişdeleri we beýleki harytlary öndürmekde öňdäki orunlary eýeleýär.


Sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýnalary we gapylary (“Pakpen plastik boru”), asma akustiki potoloklary (“Mete panel”), mermer plitalary (“Çift ýyldyz mermer”), armirlenen kabelleri we armaturalary (“Güneý”, “Kroman”), ýygnalýan desgalar, şol sanda sport toplumlary we stadionlar üçin metal düzümlerini we enjamlary (“SNS Çelik”, “Genel makina”, “Assan panel”) öndürýän iri kompaniýalar bar. “Hidroplastik”, “Dizaýan grup” kompaniýalary suw üpjünçilik, lagym ulgamy we suwaryş üçin turbalaryň köp görnüşlerini, “ABS” we “Asm aritma” kompaniýalary suwlary arassalaýyş ulgamlaryny hödürleýärler. “Şa-Ra enerji” (eletrik geçiriji stanisýalar, ýol prožektorlary we panno), “Beta transformator”, “Burç elektrik” kompaniýalary energetika ulgamyndaky ýokary gazananlary görkezdiler. “Meloman” kompaniýasy sesi izolirlemegiň serişdelerini, şeýle hem maslahat zallary üçin degişli enjamlary, “Сoşkunlar havai” kompaniýasy bolsa feýerwerkler we salýutlar üçin dürli serişdeleri hödürlediler.

Durmuşda ulanylýan tehnikalaryň we aşhana enjamlarynyň (“Arzum”), şol sanda gaz we elektrik plitalarynyň iň täze nusgalarynyň (“Simfer”, “Naturel”, “Içf işi”), gaz peçleriniň we suw ýyladyjylaryň (“Pinar emaýe”), şeýle hem dürli ýuwujy serişdeleriň (“Titiz”) we çagalar üçin arassaçylyk önümleriniň (“Ataс makina” we “Alsafa”) pawilýonlary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. “Ogaz” we”Beşler kuwyýemiş” kompaniýalarynyň wekilleri süýji tagamlar hem-de içinde guradylan miweler bolan şokoladlar bilen hezzet etdiler.


Garaşylyşy ýaly, serginiň çäklerinde Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri gurluşyk materiallaryny we enjamlaryny, halkyň sarp edýän harytlaryny we beýleki önümleri öndürmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze teklipleri hödürlär. Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýalarynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onda türk kompaniýalarynyň önümçilik kuwwaty, nou-haulary we halkara bazarlarynda alyp barýan işleri barada zerur bolan maglumatlar berler. Şeýlelikde, sergä gatnaşýanlar, hususan-da, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň wekilleri we hünärmenleri, telekeçiler duşuşyklaryň barşynda özleriniň türkiýeli kärdeşleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Sergi öz işini 23-nji fewrala çenli dowam etdirer.