Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly jenap Kun Minneni kabul etdi. Duşuşyk Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän “Arçman” şypahanasynda geçirildi. Milli Liderimiz bu ýerde gysga wagtlaýyn dynç alýandygyna garamazdan, wajyp döwlet işleri bilen meşgullanmagyny dowam edýär.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirmek bilen, myhman hormatly Prezidentimizi Türkmenistanda giňden bellenilen umumymilli baýramçylyk—Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. Jenap Kun Minne özüniň döredijilikli we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara giňişliginde belent abraýa eýe bolmagyny şertlendiren türkmen Lideri bilen duşuşmak mümkinçiliginiň dörändigine şatdygyny belledi. Häzirki döwürde türkmen döwleti ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen, şeýle hem özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýan özgertmeler bilen tutuş dünýäde bellidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň syýasatynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we innowasion tehnologiýalary hasaba almak bilen, ýurtda ýaýbaňlandyrylan köpugurly özgertmeleriň çäklerinde ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda jenap Kun Minne Ýewropa ýurtlarynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň işewür toparlarynyň ägirt uly durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýan we sebitleýin hem-de halkara ähmiýetli iri möçberli düzümleýin taslamalary öňe sürýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmek baradaky meýliniň uly ähmiýete eýedigini belläp, munuň özi ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna goşulmagyny we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirer diýip aýtdy.
Belgiýa Patyşalygynda hormatly konsul hökmünde Türkmenistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny bellemek bilen, myhman netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine, iki döwletiň arasynda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen EB-niň ýurtlarynyň arasynda netijeli işjeň gatnaşyklaryň giňeldilmegine öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirdi we hormatly Prezidentimize ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.