Ï Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergi öz işini tamamlady

view-icon 582
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergi öz işini tamamlady. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkiýe Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrligi, şeýle hem “Meridyýen Fuarçilik” halkara sergi kompaniýasy guradylar.

Her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen ykdysady sergi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini äşgär edip, onuň ähli ugurlary boýunça netijeli özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmekde ýene bir wajyp ädime öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, serginiň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Mustafa Seweriň ýolbaşçylygynda uly wekiliýet geldi. 70-den gowrak türk önüm öndüriji kompaniýalary hem-de ýokary öndürijilikli enjamlary we tehnikany, innowasion serişdeleri hem-de tehnologiýalary, getirýän kompaniýalar täze senagat kuwwatyny we eksport mümkinçiliklerini görkezip, ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleri bilen täze netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirdiler.

Olaryň arasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşyk, ýol-ulag pudagy, elektroenergetika ýaly ileri tutulýan ugurlarynda bilelikde işläp, uly tejribe toplan hyzmatdaşlar – “Pakpen plastik boru”, “Dizayn grup”, “Burç elektrik”, “Azim otomativ”, “Gelişim” kompaniýalary bar. Sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini türk gurluşyk potratçylary we söwda agentleri tarapyndan Türkmenistana önümleri getirilýän, şeýle hem geljegi uly türkmen bazaryna teklipleri bilen ilkinji gezek özbaşdak çykýan şereketler bar. Bu bolsa daşary ýurtly işewür toparlaryň milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän we döwletara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň köp ugurlarynda toplumlaýyn maksatnamalary we taslamalary üstünlikli amala aşyrýan biziň ýurdumyza aýratyn üns bermeginiň ýene bir subutnamasy bolup durýar.

Türk senagatçylarynyň we telekeçileriniň dürli görnüşli eksport önümleri, tehnologiýalary we hyzmatlary bilen tanyşdyrýan sergi ýurdumyzyň durmuşyndaky ägirt uly özgerişlikleriň we onuň öňünde durýan täze wezipeleriň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ozaly bilen, giň gerimli gurluşyk maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar, çünki olar döwletiň ähli durmuş ulgamlaryny gurşap alýar. Şäherlerimiz we obalarymyz okgunly özgerýär, ähli ýerlerde senagat desgalary, dolandyryş binalary we medeni-durmuş maksatly toplumlar, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgähler gurulýar. Ýurdumyzda häzirki zaman ulag we elektrik energetika düzümini hem-de beýlekileri döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Ine, şonuň üçin hem bu ugurda harytlaryň dürli görnüşlerini – dünýä hil ülňülerine we ekologiýa howpsuzlygyna gabat gelýän ýokary öndürijilikli gurluşyk enjamlaryny we maşynlary, suw arassalaýjy we ýyladyş ulgamlaryny, transformator beketlerini, turbalary, metal gurnamalaryny, plastik diwarlary hem-de bezeg we reňk, örtüji serişdeleri we toplumlaýyn çözgütleri teklip edýän öňdebaryjy kärhanalaryň diwarlyklary serginiň esasyny düzdi. Bu önümler bilen ilkinji gezek tanyşdyran sergä gatnaşyjylaryň arasynda “Mete panel”, “Çift ýyldyz mermer”, “Güneý”, “Kroman”, “Genel makina”, “Assan panel”, “Hidroplastik”, “ABS”, “Asm aritma”, “Şa-Ra enerji”, “Beta transformator”, “Stropiýer”, “Deltu”, “Turab”, “Dekor”, “Dekapol”, “Seval kablo”, “Tunç kapi” we beýlekiler bar.

Sergide sport desgalaryny gurmak we üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çözgütler hem öz beýanyny tapdy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça sport meýdançalary we zallary üçin ýer örtükleriniň, ýygnalýan gurluşlaryň, türgenleşik enjamlaryň we abzallaryň, ýörite sport egin-başlarynyň innowasion tehnologiýalaryny “SNS Çelik”, “Tim-spor”, “Tinaz” hödürlediler. Ýokary ykdysady görkezijileri bilen tapawutlanýan “Arzum”, “Simfer”, “Naturel”, “Içf işi”, “Sinfale”, “Itimat” şereketleriniň durmuş tehnikasy bilen tanyşdyrýan meýdançalary ünsüňi özüne çekýär.

Taýýar dokma önümleri türk telekeçwileriniň eksportynyň möhüm ugry bolup durýar. Şu sergide “Ýapisi ögru triko”, “Işik perde raýlari”, “Özçetinkaýa teks” şereketleriniň taýýarlaýan zenan lybaslarynyň we trikotaž egin-başlarynyň häzirki zaman nusgalary görkezildi.

Serginiň işlän üç gününiň dowamynda oňa gatnaşan kompaniýalaryň köp sanly tanyşdyryş dabaralary we hyzmatdaşlar bilen işewür duşuşyklary guraldy. Olaryň barşynda türkmen telekeçileri öz işewürligini görkezdiler.

Şeýlelikde, eksport harytlarynyň sergisi türk önüm öndürijileri bilen netijeli gepleşikleri geçirmek üçin açyk meýdança öwrüldi. Olaryň jemleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän we geljegi uly bolan ugurlar kesgitlendi, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýän täze şertnamalar baglaşyldy.

Ýöriteleşdirilen serginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Sergi öz işini tamamlanandan soň oňa gatnaşyjyşlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda myhmansöýerlik we iki dostlukly ýurduň arasyndaky däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda täze ädime öwrülen duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.