Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary jenap Knut Wollebeki kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň Türkmenistan bilen oňyn gatnaşyklary gyşarnyksyz giňeltmäge örän gyzyklanýandygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň seçilip alnan daşary syýasat ugruna wepaly bolup galýandygyny belläp, hemişelik Bitaraplyk, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk onuň esasyny düzýär diýip nygtady hem-de soňky ýyllarda iri halkara guramalary we sebitleýin düzümler, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklarda baý tejribäniň toplanandygyny kanagatlanmak bilen belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we myhman dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we adamzada degişli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça köpýyllyk netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, taraplar şol ugurlary ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Merkezi Aziýa sebitindäki ýagdaý we hususan-da, goňşy Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy, Owganystana Türkmenistan şu ýyllaryň dowamynda uly goldaw we kömek berýär.
ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň aýdyşy ýaly, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy türkmen Lideriniň ýöredýän, häzirki wagtda sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýan, oýlanyşykly daşary syýasat ugruna, şeýle hem häzirki zaman türkmen jemgyýetini hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýän durmuş ugruna gönükdirilen içeri syýasatyna ýokary baha berýär we ony tutuşlygyna goldaýar, türkmen jemgyýetinde bu gün ylalaşyk hem-de agzybirlik dabaralanýar, munuň özi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan ýokary maksatlary hem-de wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda beýleki ýurtlara hödürläp biljek uly mümkinçilikler we oňyn tejribe bar diýip, Knut Wollebek nygtamak bilen, ýurtda üstünlikli geçirilýän bilim özgertmelerini mysal hökmünde getirdi, onuň ýaş nesil üçin hem, tutuşlygyna alnanda, ýurduň geljegi üçin hem örän uly ähmiýeti bardyr.
Myhman oňyn özgertmeler ugry bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünliklerine ýokary baha berip, türkmen halkyna bagt, täze üstünlikler we ýurduň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, şeýle hem bütin dünýäde adamlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen umumy tagallalary birleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Iwo Petrow gatnaşdy.

* * *
Şu gün Aşgabada saparynyň çäklerinde myhman Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda umumy gyzyklanma bildirilýän ähli möhüm ugurlar boýunça Türkmenistanyň we ÝHHG-niň özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi hakynda pikir alşyldy.