Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary jenap Ali Saidluny kabul etdi. Ol bu ýerde açylýan EYR-nyň harytlarynyň VII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna geldi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, milli Liderimize Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmut Ahmadinežadyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollapdyr. Jenap Ali Saidlunyň belleýşi ýaly, Eýranda goňşy Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärler. Türkmen we eýran halklaryny asyrlarboýy dowam edýän dostluk we taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde EYR-nyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny ýollap, Türkmenistanyň hem Eýran bilen däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge uly uns berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly depgini munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ýangyç-energetika toplumlarynda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň pikirine görä, yzygiderli geçirilýän sergiler we işewürler maslahatlary netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orun eýeleýär, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artmagy munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.
Jenap Ali Saidlu öz ýurdunyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, munuň üçin ähli şertleriň, ozaly bilen ägirt uly serişdeleriň we ykdysady kuwwatyň, şol sanda daşary ýurt maýadarlarynyň we kompaniýalarynyň has köp sanlysyny geljegi uly türkmen bazaryna çekýän amatly maýa goýum ýagdaýynyň bardygyny belledi.
Türkmenistanyň Baştutany we Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ylym, bilim we medeniýet ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti jenap Ali Saidlu iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem türkmen hem-de eýran halklarynyň, tutuş sebitiň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine üstünlikli ösjekdigine ynam bildirdiler. Şol gatnaşyklar dostluk we doganlyk, uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde guralýar.
Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.

* * *
Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti jenap Ali Saidlu Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi. Şonda ozal gazanylan ylalaşyklary we iki ýurt üçin ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.