Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, käbir täze desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak hem-de ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleriň barşy bilen tanyşdy. Iş sapary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça amala aşyryldy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz täze awtomobil ýollaryny, köprüleri, estakadalary we ulag-ýol çatryklaryny gurmak, şol sanda bu desgalary paýtagtymyzyň täze binalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýän ýerlerinde gurmak meselesine degip geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki Aşgabadyň binagärlik keşbini kemala getirmek we şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň şäheriň esasy düzümleriniň biri bolup durýan ulag ýol ulgamyny okgunly ösdürmek bilen utgaşdyrylmalydygyny belledi. Gurluşyk işleriniň hili we desgalaryň ygtybarlylygy, öňdebaryjy tehnologiýalary, bu babatda iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we obalarynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň ählisine bildirilýän esasy talaplardyr.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleri synlady. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji tapgyrynda gurluşygy alnyp barylýan we 13-nji nobatdakysynda gurulmagy meýilleşdirýän desgalaryň taýýarlygy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çärelere aýratyn üns berdi. Ýakyn geljekde bu ýerde täze desgalaryň ençemesini -- ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň täze binalary gurlup ulanmaga berler.
Uçuş mahalynda döwlet Baştutanymyz şeýle hem paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde bina edilýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, awtomobil ýollarynyň, şol sanda aýlaw ýolunyň, estakada köprüleriniň, inženerçilik hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny synlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň okgunly ösýän gündogar künjeginde ulag-ýol düzüminiň möhüm desgalary bolan halkalaýyn ýoluň gurluşygynda alnyp barylýan işler, ýollary gurmakda ulanylýan usullar, ýanýodalaryň gurluşygy hem-de bu künjekde paýtagtymyzyň ilaty üçin döredilýän amatly şertler, yşyklandyryş ulgamy, döwrebap duralgalaryň aýratynlyklary bilen jikme-jik gyzyklandy.
Ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini nazara almak bilen we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, Aşgabadyň ösmegini üpjün etmekde paýtagtymyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamy möhüm orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtgatymyzda we onuň töwereklerindäki ýollarda ulag gatnawlarynyň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen gurulýan ýol-ulag düzüminiň desgalary häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine doly laýyk derejede bina edilýär. Bu bolsa gurulýan inženerçilik desgalarynyň owadanlygyny, berkligini we uzak wagtlap hyzmat etmegini şertlendirýän esasy ýagdaýlardyr.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine tarap ugrukdy. Guşuçar belentlikden Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ýoluň ugurdaş desgalary has-da aýdyň görünýär. Milli Liderimiz bu künjekde alnyp barylýan işleri synlap, Aşgabadyň demirgazyk künjeginde Garagum derýasynyň üstünden geçýän köprini özüne birikdirýän köpugurly estakada köprüsinde alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz uçuş mahalynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlaryny synlady we olarda alnyp barylýan işlere, jaýlaryň üpjünçilik meselelerine uly üns berdi. Ýokary derejeli ýaşaýyş we göwnejaý dynç alyş üçin ähli amatlyklary bolan bu jaýlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşret eýesi bolýan maşgalalary jaý toýlaryny toýlaýarlar.
Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda çäkleriň ekologik ýagdaýyna, olary bagy-bossanlyga öwürmäge we abadanlaşdyrmaga, arassaçylygy üpjün etmäge aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýollary abatlamak, şeýle hem ählihalk ýowaryna ykjam taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi. Hususan-da, uçuş mahalynda hiç bir zat gözden sypmady. Milli Liderimiz birnäçe ýerlerde ulanylman ýatan metal bölekleriniň bardygyny belläp, olary Owadandepedäki metallurgiýa zawodynda ulanmak üçin ýygnamak hem-de zawoda tabşyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Paýtagtymyzy we onuň daş-töwereklerini abadanlaşdyrmak hem-de arassaçylygyny üpjün etmek her bir adam üçin mukaddes borç bolup durýar. Ähli ýerde arassaçylygyň üpjün edilmegi häzirki döwrüň durmuş ýörelgesine gündelik kada öwrülmelidigi hemmä aýan hakykat bolmalydyr.
Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ahal welaýatynyň golaýdaky ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz häzirki wagtda bu ýerlerde gowaça ekişine taýýarlyk hem-de galla ekinlerine ideg etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşy we halas ediş işleri baş müdirliginiň binasyna bardy, şol ýerde milli Liderimiziň garamagyna möhüm desgalaryň birnäçesiniň taslamalary hödürlenildi.
Hususan-da, wise-premýer Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, milli Liderimizi paýtagtymyzda awtomobil ýollaryny gurmagyň we durkuny täzelemegiň hem-de abadanlaşdyrmagyň taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Şol taslamalaryň arasynda Bekrewe ýoluna çenli günbatara tarap uzalyp gitjek uzynlygy 4200 metre barabar bolan 10 ýyl abadançylyk köçesiniň dowamynyň taslamasy bar. Ýoluň şu böleginiň gurulmagy Aşgabadyň ulag ýollarynda ulag gatnawlaryny has-da sazlaşdyrmaga, awtoulaglaryň köpüsiniň şäherden sowlup geçmegine mümkinçilik berer. Şeýle hem Köpetdag şaýoluny Andalyp köçesine çenli 7700 metre çenli uzaltmak göz öňünde tutulýar. Şular bilen birlikde Bajygyrandan Arçabil şaýoluna çenli awtomobil ýoluny gurmak meýilleşdirilýär. Şol ýol täze köpriniň üstünden häzirki wagtda aýlaw ýolunyň demirgazyk böleginde gurulýan gümrük terminalyna çenli ýeter. Munuň özi hem uly ýükli maşynlaryň şäherden sowlup geçmegini üpjün eder.
Beýleki taslamalaryň birnäçesi bolsa awtomobil köprülerini, köp derejeli ulag ýol aýrytlaryny gurmak, şäherdäki we şäheriň etegindäki ýollaryň durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak, olary bezemek, yşyklandyrmak, awtobus duralgalaryny ýerleşdirmek, zerur bolan kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek bilen baglanyşyklydyr. Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň gurulýan we guruljak binalarynyň teklip edilýän baş meýilnamasy hem-de täze söwda merkeziniň taslamalary bilen jikme-jik tanşyp, olarda adamlar üçin ähli zerur amatlyklaryň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň hem-de binalaryň ýerleşişiniň daşky görnüşi we çyzgylary bilen jikme-jik tanşyp, paýtagtymyzyň ulag düzüminiň hem-de ýaşaýyş-durmuş we söwda merkezleriniň möhüm bölegi boljak bu desgalaryň uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz olaryň gurluşygynda dünýä tejribesiniň, ýerli tebigy-howa şertleri nazara almagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň, gurluşyk materiallaryny seçip almaga oýlanyşykly çemeleşmegiň hem-de desgalaryň bezegine aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtap, hödürlenen taslamalary, umuman, makullady we olara birnäçe düzedişleri girizdi hem-de bu desgalaryň häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe ähli meseleleri, şol sanda ýollaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çalt depginler bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ileri tutulýandygyny aýratyn belledi we türkmenistanlylar üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu ugurlaryň ählisinde işleriň netijeleri ähli görkezijiler boýunça halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň we oňyn özgertmeleriň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülmelidir.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň ählisi şäheriň ajaýyp keşbi bilen sazlaşmalydyr hem-de ak mermerli Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň gözelligini we özboluşlylygyny açyp görkezmelidir diýip belledi.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn we işgärler binýadyny pugtalandyrmak maksadynda öňde goýan wezipeleri jähtinden ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde amala aşyrylýan işler, şol sanda okuw-terbiýeçilik usulyýet mekrezlerini döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň turuwbaşdan parahatçylyk, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, häzirki wagtda harby ulgamda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, iň häzirki zaman, kuwwatly ýaraglary we harby tehnikalary almagyň hasabyna goşuny döwrebaplaşdyrmak işi yzygiderli alnyp barylýar. Bularyň ählisi harby hünärmenleriň taýýarlanylyşyna talabyň derejesini ýokarlandyrýar. Şol hünärmenler çylşyrymly enjamalara we tehnikalara başarjaňlyk bilen erk etmelidirler, iň täze tehnologiýalary we usullary ulanmagy başarmalydyrlar.
Milli Liderimiz ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak ulgamyny gyşarnyksyz kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtap, serkerdeleriň, şeýle hem gulluk edýän esgerleriň ýokary hünär derejesini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Harby gullukçylary watançylyk we mukaddes harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara işlerinde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.