Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň gümrük we söwda ministriniň orunbasary jenap Mehmet Güzeliň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýet bilen duşuşyk boldy.
Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hususan-da, gümrük ulgamynda we halkara derejesinde ýük daşalmagyny amala aşyrmakda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy.
Türk wekiliýetiniň agzalary ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny, olaryň iki ýurduň we tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýändigini kanagatlanmak bilen bellediler.
Myhmanlar Türkiýäniň soňky ýyllaryň dowamynda durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtap, türk tarapynyň doganlyk türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň deňhukuklylyk, uzakmöhletlilik esasynda guralýan ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem iki dostlukly ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we kuwwatyny nazara almak bilen, oňyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.