Ï Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Nowruz baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Nowruz baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

view-icon 730
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baharyň nurana baýramy bolan şu ýyl biziň ýurdumyzda halkara derejesinde bellenilýän Nowruz baýramçylygyna taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Ahal ýaýlasynyň gözel künjekleriniň birine geldi.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Halkara Nowruz baýramynyň geçiriljek ýerinde gondy. Milli Liderimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, milli bahar baýramy bolan Nowruz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar

2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Nowruz baýramçylygy UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bu boýunça ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Oňa laýyklykda, her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz baýramy diýip yglan edildi we ol döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde ykrar edildi.

Ýylyň ýaz paslynda Köpetdagyň etegindäki Ahal ýaýlasy has-da gözel görnüşe girýär. Bu ýerde halkymyzyň joşgunly kalbyna çalymdaş ýaýlalarda halkara derejesinde guraljak baýramçylyga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Halkara Nowruz baýramçylygynyň geçiriljek ýerinde baýramçylygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça wise-premýerleriň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Ahal ýaýlasynda guralmagy meýilleşdirilýän medeni çäreler, olaryň geçiriljek ýerleri hem-de ýaýbaňlandyryljak çeperçilik sergileri, aýdym-sazly çykyşlar we beýleki maksatnamalaýyn çäreler barada jikme-jik hasabat berdi. Wise-premýer daşary ýurtlaryň aýdym-saz hem-de folklor toparlarynyň çykyş etmegi meýilleşdirilýän künjekler, olaryň bezeg aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Hususan-da, hökümet Baştutanynyň orunbasary baýramçylyk geçiriljek künjeginde dükanlaryň, ussahanalaryň beýleki desgalaryň, hiňňildikleriň, gadymy ýadygärlikleriň mysaly görnüşleriniň, at üstündäki oýunlaryň geçiriljek ýerleriniň, baýramçylyga gatnaşýan döwletleriň däp-dessurlarynyň görkeziljek ýerleriniň we beýleki çäreleriň guraljak ýerleriniň taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ýerde guraljak baýramçylyk dabaralarynyň hem-de şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň ählisiniň milli ruhumyza we halkymyzyň asylly ýörelgelerine, myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän derejede guralmalydygyny, olarda milletiň ruhy dünýäsiniň öz beýanyny tapmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz bu ýerde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň gözbaşyny köp asyrlyk şöhratly taryhymyzdan alyp gaýdýan Nowruzyň halkymyzyň gadymy toý dessurlaryny alamatlandyrýandygyny bellemek bilen, şanly sene mynasybetli milli däplerimize laýyk gelýän oýunlaryň, dessurlaryň we folklor toparlarynyň çykyşlarynyň guralmalydygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy, düzedişleri girizdi hem-de olarda türkmen halkynyň milli ýörelgeleriniň aýdyň beýanyny tapmalydygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gurluşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bu ýaýlada alnyp barylýan degişli işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gurulýan binalarda işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri hakynda Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hasabat berdi. Häkim öz çykyşynda baýramçylyk geçiriljek ýerde degişi gulluklaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Şeýle hem Halkara Nowruz baýramçylygyna görülýä taýýarlyk işleri mynasybetli geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow baýramçylyk bilen baglanyşykly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Ahal ýaýlasynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine we Nowruz mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejede bolmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz biziň ýurdumyzda geçirilän Halkara Nowruz baýramçylygynyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň ruhuna laýyk gelmelidigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ahal ýaýlasynda geçiriljek Halkara Nowruz baýramçylygyna dünýäniň birnäçe döwletleriniň köp sanly wekilleriniň gelmegine garaşylýandygy, olaryň baýramçylyga gatnaşmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Milli Liderimiz netijeli halkara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýän Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belläp, ýurdumyzyň çäginde halkara derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga gelýän daşary döwletleriň wekiliýetleriniň türkmeniň myhmansöýerlik däplerine laýyk kabul edilmegi we olaryň baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz hoşniýetli we parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän döwletimiziň bu ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi ugunda zerur işleri alyp barýandygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Halkara Nowruz baýramçylygynda guralmagy meýilleşdirilýän köpçülikleýin-jemgyýetçilik çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Nowruz baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi babatda ylym, bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynyň öňünde durýan meseleler, olary üstünlikli çözmegiň ugurlary boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew baýramçylyk günlerinde ulag we aragatnaşyk düzümleriniň durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän maksatnamalaýyn çäreleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gözel künjeginde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara Nowruz baýramçylygynda ulag hem-de aragatnaşyk düzümleriniň bökdençsiz işini ýola goýmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Halkara Nowruz baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda baýramçylygy guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygynyň, ösdürilmeginde, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň dünýä ýüzünde wagyz edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan Halkara Nowruz baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilişine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Hojamuhammedowa, Ý.Kakaýewe we A.Ýazmyradowa ýüzlenip, ýurdumyzda belent derejede guralýan halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine ähli ulgamlaryň goşandynyň bolmalydygyny bellemek bilen, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýerlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan iş maslahatyna gatnaşýan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gözegçilik edýän düzümleriniň Halkara Nowruz baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmeginde möhüm ornunyň bardygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede guralmagynyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we olaryň öňünde durýan anyk wepezipeleri kesgitledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olara ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde, şeýle hem gadymy milli ýörelgelerimiziň rowaç almagynda möhüm ähmiýeti bolan Halkara Nowruz baýramçylygynyň göwnejaý derejede geçirilmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.