Ï Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady

view-icon 848
Şu gün türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VII ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Sergini “Pars Pegah Tejarat” sergi kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Her ýyl Aşgabatda geçirilýän ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny hem-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny ynamly artdyryp, halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrýar. Munuň özi geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemäge çalyşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda ägirt uly gyzyklanma döredýär. Aşgabatda geçirilen harytlaryň we hyzmatlaryň şu gözden geçirilişi hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol harytlary bolsa Eýranyň kompaniýalarynyň onlarçasy – iri önüm öndürijiler, söwda firmalary we telekeçiler hödürlediler. Olaryň arasynda ýurdumyz bilen köpden bäri ygtybarly hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalar, şeýle hem özleriniň teklipleri we taslamalary bilen ilkinji gezek türkmen bazaryna çykýan işewürler bar.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgüniň giň zallarynda hem-de onuň ýanaşyk ýerlerinde ýerleşdirilen giň möberli sergi goňşy ýurduň ägirt uly senagat önümçiliginiň we eksport mümkinçilikleriniň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi.

Biziň hyzmatdaşlarymyz “Fars & Khugestan”, “Fanavazan enerjy”, “Mavaleb Sepahan”, “Ramplast”, “Shahrud Cement”, “Pirouz Bam Golbahar”, “Jouybar luleh pipe”, “Moghavemat Bandar”, “Sepahan industrial stell”, “Ista strukture”, “Abraham sanat” we beýleki köp sanly kompaniýalar dünýäniň ençeme ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň köp görnüşlerini görkezdiler. “Iran Khodro Ashabat” kompaniýasynyň kiçi awtosalony hem sergä gelenleri ýene-de begendirdi. Bu kompaniýanyň “Sсania Classik” awtobuslarynyň we “Pegout” ýeňil awtoulaglarynyň täze nusgalary bu gezek “Saipa diezel” hem-de “Saipa khodro” kompaniýalarynyň täze awtomobil önümleriniň golaýynda ýerleşdirildi.

Biziň ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlar bolan ýol-ulag, nebitgaz, elektroenergetika, himiýa pudaklarynda, suw hojalygynda we oba senagat toplumynda desgalary gurmak boýunça toplumlaýyn taslama çözgütleri, şeýle hem ýokary öndürijilikli enjamlar, gurluşyk materiallary, metal düzümleri, turba önümleri, gözegçilik-ölçeg gurallary we beýleki önümler sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar tarapyndan hödürlenildi. Olaryň arasynda “Kayson”, “Azar Pasillo”, “Iran electrical equipment”, “Iralia”, “Kian Persia”, “Mechanized green house”, “Zarrin bana Parsian”, “Peic Petrol”, “Rah va abnieri Novin” we beýleki kompaniýalar bar.

Derman senagatynda, azyk pudagynda, bagçylyk ulgamynda ýöriteleşdirilen önüm öndürijileriň hem gazanan üstünlikleri sergide öz beýanyny tapdy. “Soda sahra” kompaniýasy tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän ajaýyp güller we bezeg agaçlary aýratyn sazlaşyk döredýär. Ekologiki energetikanyň meseleleri dünýäniň ähli ýurtlary üçin örän derwaýysdyr. “Atien snabad gostar traiding” kompaniýasynyň hödürlän elektrik energiýasyny öndürmek üçin Gün batareýalarynyň nusgasy hem bu meselä aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ykdysady gözden geçirilişiň işiniň üç gününiň dowamynda dürli pudaklaryň hünärmenleri, işewür toparlaryň hem-de önümçilik ulgamynyň wekilleri, telekeçiler özara gatnaşyklaryň geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça oňyn tejribe toplanandygyny bellediler. Ykdysady gözden geçirilişde guralan netijeli duşuşyklar, hödürlenen taslamalar we öňe sürlen teklipler, pikir alyşmalar eýýäm ýakyn geljekde täze şertnamalarda öz beýanyny tapyp, iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Eýran harytlarynyň türkmen paýtagtyndaky ýöriteleşdirilen sergisi halkara işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşup, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagynyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara diplomlar we halkara nusgaly sertifikatlar gowşuryldy.

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, myhmansöýerlik, ykdysady gözden geçirilişiň ýokary derejede guralandygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňden goldanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.