Şu gün Türkiýe Respublikasynyň iri şäherleriniň biri bolan Stambulda Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty öz işiine başlady. “Haliç” maslahatlar merkezi wekilçilikli duşuşygyň geçirilýän ýeri boldy.
Maslahata gatnaşmak üçin halkara işewür toparlarynyň, maliýe düzümleriniň wekilleri, esasy bilermen-seljerijiler, alymlar, şeýle hem döwlet gullukçylary, döwlete dahylsyz düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we köp ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň işgärleri Stambula geldi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, türk we dünýä kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmek, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini açmak maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji fewralda karara gol çekmek bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkiýe Respublikasynyň Biržalarnyň we söwda edaralarynyň birleşmesi, Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar baradaky komiteti we türk-türkmen işewür geňeşi bilen bilelikde 2013-nji ýylyň 5-6-njy martynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatyny geçirmäge ygtyýar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem, onuň çäklerinden daşarda hem yzygiderli geçirilýän maýa goýum maslahatlary döwlet häkimiýetiniň we işewürliginiň wekilleri bilen möhüm ykdysady meseleleri, ilkinji nobatda maýa goýumlary çekmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam edýär. Şeýle-de munuň özi işewürliere Türkmenistanyň maýa goýum kuwwaty barada maglumat almaga, senagat önümçiligini hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, hyzmat ediş ulgamlaryny we sarp ediş bazarlaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge maýa goýumlarynyň çekilmegini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Tutuşlygyna alnanda, şeýle maslahat gyzyklanýan taraplara öz önümlerini we biziň ýurdumyzy ösdürmek üçin geljegi uly taslamalary hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Stambulda häzirki halkara maýa goýum maslahatyny geçirmek Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegi, şeýle hem türk we dünýä kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Ir bilen Altyn Şah aýlagynyň kenaryndaky Kasimpaşa sebitinde ýerleşen “Haliç” maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatynyň resmi açylyş dabarasy boldy, oňa 40-a golaý ýurtdan wekilleriň 700-e golaýy ýygnandy. Dabara iki ýurduň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem Türkiýäniň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň kompaniýalarynyň 400-e golaýynyň we halkara guramalarynyň 20-ä golaýynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşyna Türkiýe Respublikasynda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri hem çagyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň şeýle uly düzümi gysga möhletde ykdysady durnuklylygy gazanan we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüş hem-de rowaçlyk ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyna şaýatlyk edýär.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar esasy türk kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan guralan sergi bilen tanyşdylar.
Açylyş dabarasynyň barşynda bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatyna gatnaşyjylara Gutlagyny gyzyklanmak bilen diňlediler. Türkmen Lideri öz gutlagynda häzirki tapgyrda türkmen döwletiniň gazananlaryny görkezmek babatda bu wakanyň ähmiýetini belläp, maslahatda biziň ýurdumyzyň maýa goýum ulgamyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berjek täze garaýyşlaryň beýan ediljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň gutlag wideohatyny uly üns bilen diňlediler, gutlagda Stambulda şeýle giň we wekilçilikli düzümde ilkinji gezek geçirilýän Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatynyň taraplaryň iki doganlyk döwletleriň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň hem-de ynamyň mäkäm esasyna daýanýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga örän uly üns berýändigine we taýýardygyna şaýatlyk edýändigi bellenilýär. Türkiýäniň baştutany soňky 20 ýylda döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini we kämillik derejesine ýetendigini kanagatlanmak bilen belläp, netijeli türkmen-türk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda hem-de işjeňleşmeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatlaryny nygtady.
Prezident Abdulla Gülüň nygtaýşy ýaly, türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda geçirilýän hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýän döredijilikli syýasat netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir Orta Aziýa sebitinde däl, eýsem, dünýä derejesinde ösýän döwletdir. Türk lideri häzirki maslahatyň ähmiýeti hakynda söz açyp, Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwaty we ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy baý tebigy serişdeler bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlaryndan maýadarlar üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip belledi. Şunda Türkiýäniň baştutany şu maslahatyň geçirilmegi türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Biržalarynyň we söwda edaralarynyň birleşmesiniň başlygy jenap Rifat Hisarjyklyoglu maslahata gatnaşyjylary gutlap, soňky ýyllarda türkmen-türk ykdysady gatnaşyklarynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygyny we iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýola goýlan ynanyşmak gatnaşyklary esasynda kuwwatly itergi alandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň her ýyl artýan möçberleri, şeýle hem häzirki wagtda esasy türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşmeginiň aýdyň mysalydyr.
Soňra çykyş eden Yslam ösüş bankynyň wise-prezidenti jenap Birama Bubakar Sidiben Türkmenistany we Yslam ösüş bankyny deňhukuklylyk we uzakmöhletli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip belledi. Bu gatnaşyklaryň hatarynda dürli ulgamlarda bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň birnäçesi bar. Yslam ösüş bankynyň wise-prezidenti Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatynyň ähmiýetini belläp, onuň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.
Myhmanlara Türkmenistanyň halkara maýa goýum we milli taslamalary durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi. Şol taslamalar netijesinde häzirki tapgyrda Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň ykdysady kuwwaty artýar hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesi we maddy hal-ýagdaýy gyşarnyksyz ýokarlandyrýar.
Soňra geçirilen umumy maslahatyň barşynda türkmen ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak we tehnologiki taýdan täzelemek, onuň bäsdeşiige ukyplylygyny pugtalandyrmak, biziň ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, geljegi uly taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek, şeýle hem maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depgini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda uly möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Çeýe, öňdengörüjilikli we döwrüň anyk talaplaryna kybap gelýän ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Türkmenistanyň ykdysady ösüş maksatnamasynyň esasy maksady dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çalt çykarmak üçin ýurdumyzyň serişdeler, senagat, zähmet we aň-düşünje kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistan tarapyndan seçilip alnan, durmuş ugruna gönükdirilen bazar ykdysadyýetini tapgyrma-tapgyr kemala getirmek strategiýasyna esaslanan ugur ýurdumyza dünýä bileleşiginde mynasyp ornyny kepillendirýär. Dünýä üçin açyklyk, ylmy-tehniki ösüşe ugur almak, durmuş abadançylygyny gazanmak ykdysady syýasatyň esasy ölçeglerdir. Şu maksatlara laýyklykda, halkara hukugynyň kadalaryna kybap gelýän kanunçylyk binýadyny döretmek boýunça yzygiderli iş alnyp barylýar, iri möçberli ykdysady we durmuş özgertmeleri amala aşyrylýar.
Bu babatda, Türkmenistanda, ilkinji nobatda, milli we dünýä möçberli edaralaryň deňeçer gatnaşygynda, maýanyň we önümleriň bazarynda döwlet hem-de hususy ulgam beýan edilýän ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty önümçilik serişdeleriniň artmagynyň, hili ýokarlandyrmagyň we olary ulanmagyň usullaryny kämilleşdirmegiň hasabyna artýar. Anyk jemi içerki önümiň ösüşiniň oňyn depgini milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny sazlaşykly, toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet düýpli maýa goýumlary syýasaty bilen hem üpjün edilýär.
Ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek hem häzirki tapgyrda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm tarapy bolup durýar. Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilen goldawy hem-de başlangyçlary netijesinde bu ulgam düýbünden täze mazmuna eýe boldy. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň baý tebigy serişdeleri özleşdirmek boýunça täze uly önümçilikleri döretmekde tejribesi bar, olar daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda, gurluşyk ulgamynda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, azyk bolçulygyny üpjün etmegiň wezipelerini çözýärler. Mundan başga hem ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleri önümçilige serişdeleri maýa goýýarlar, täze pudaklarda üstünlikli işleýärler.
Şonuň netijesinde häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ykdysadyýetine öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly, deňhukukly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde okgunly goşulýar. Türkmen Lideriniň çuňňur oýlanyşykly täzeçil syýasaty biziň ýurdumyza giň möçberli maliýe-ykdysady çökgünligiň zyýanly täsirinden gaça durmaga hem-de mundan beýläk-de işjeň durmuş-ykdysady ösüşi üçin mäkäm esasy döretmäge mümkinçilik berdi. Ilatyň maddy hal-ýagdaýyny üpjün etmek we durnuklylygy gorap saklamak Türkmenistanyň dünýäniň has depginli ösýän döwletleriniň hatarynda mäkäm orun almagyna ýardam etdi.
Türkmen ykdysadyýetiniň ýagdaýyna berilýän oňyn baha munuň tassyklanmasydyr, Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri ençeme gezek şeýle baha berdiler. Bütindünýä banky tarapyndan Türkmenistana orta derejeden ýokary girdejisi bolan ýurduň derejesi berildi. Esasy maliýe guramalarynyň bilermenleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary görkezijilerini belläp, biziň döwletimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň guwançly çaklamalaryny aýtdylar. Bu babatda Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine saýlanmagyny hem belläp geçmek gerek, munuň özi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli reformalar we uly möçberli özgertmeler strategiýasynyň üstünliginiň şaýatnamasy bolup durýar.
Türkmenistanda ykdysady we maliýe durnuklylygy gazanmakda, önümçiligiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maýa goýum syýasatynyň wajyp orny bardyr.
Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara we onuň köp sanly myhmanlaryna giňişleýin çykyşlar hödürlendi, olarda maýa goýumlar babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary beýan edildi. Bellenip geçilişi ýaly, býujetden daşary maliýeleşdiriş çeşmelerini giňeltmek, kadalaşdyryjy-kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de netijeli maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan goldamagyň esasynda düýpli maýa goýumlary we ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly ýagdaýy kemala getirmek bu babatda esasy wezipelerdir.
Soňký ýyllaryň dowamynda geljegi uly türkmen bazarynda daşary ýurtly maýadarlaryň işlemegi üçin amatly durmuş, maliýe-ykdysady, hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ähmiýetli çäreleriň hatarynda birnäçe kadalaşdyryjy-kanunçylyk namalarynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinde daşary ýurt maýadarlaryň işiniň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we daşary ýurtly maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň görnüşlerini hem-de şolary goýmagyň obýektlerini belleýän “Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini belläp geçmeli. Döwletimiz maýadarlara berilýän salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde düýpli goldawy üpjün edýär.
Häzirki günde Türkmenistanda pugta maýa goýum mümkinçilikleri bilen netijeli ykdysady ulgam kemala getirildi, dürli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin has göwnejaý şertler döredildi, olaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, obasenagat toplumy, dokma senagaty, bilim we ylym ulgamy, hususy telekeçilik we başgalar bar.
Şonuň netijesinde jemi milli önümi öndürmekde maýa goýumlarynyň paýy okgunly ýokarlanýar, maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar. Bu babatda biziň ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ählisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň tassyklaýan hem-de soňky ýyllarda maýa goýumlarynyň möçberleriniň artmagyny häsiýetlendirýän sanlar getirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konsepsiýasy /UNISTAD/ tarapyndan çap edilen “2012-nji ýylda dünýä maýa goýumlary hakyndaky çykyşda” getirilen maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan ilkinji gezek göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň sanawynda ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi.
Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan Bitaraplyk derejesine daýanmak we döwletara gatnaşyklaryny özara peýdalylyk hem-de taraplaryň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerinde gurap, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinen “açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, ol dünýä bileleşiginde ýokary baha eýe boldy. Daşary ykdysady aragatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň we birnäçe döwletleriň arasynda gazanylan degişli ylalaşyklaryň hem-de ikitaraplaýyn ähtnamalaryň baglaşylmagyna ýardam edýär.
Mahlasy, türkmen döwletiniň açyklygy, onuň amatly maýa goýum ýagdaýy, ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýady we pugta döwlet kepillendirmeleri bilen bilelikde doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy daşary ýurt maýadarlaryny geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklandyrýan möhüm şertlerdir. Biziň ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleriniň, amatly ýerleşişi, şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasat Türkmenistanyň nurana geljegine berk ynam döredýär.
Maslahatyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministri jenap Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň ykdysadyýet ministriniň orunbasary jenap Mustafa Sewer, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary jenap Hasan Myrat Merjani we beýlekiler öz çykyşlarynda milli ykdysadyýetdäki, durmuş ulgamyndaky we döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň beýleki ugurlaryndaky ajaýyp üstünlikleriň, şeýle hem ýurduň dünýä derejesinde barha artýan abraýy türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasatyň netijesi bolup durýandygyny belläp, türk işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklaryny nygtadylar.
Maslahata beýleki gatnaşyjylaryň -- Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň wise-prezidenti jenap Turalaý Kençiniň, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýanyndaky halkara hyzmatdaşlygy we utgaşdyryş agentliginiň /TIKA/ prezidenti jenap Serdar Jamyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa, Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Kawkaz ýurtlary boýunça direktory jenap Masar Honmanyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň söwda we ösüş bankynyň direktory jenap Hosseýin Gazawiniň, türkmen-iňlis söwda-senagat geňeşiniň başlygy jenap Ronald Neşiň çykyşlarynda Türkmenistanda bilen hyzmatdpalşlygy işjeňleşdirmäge daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
Maslahatyň işiniň birinji gününiň çäklerinde gurluşyk, inženerçilik we ulag düzümleri, elektrik energetikasy, dokma senagaty, bank ulgamy, saglygy goraýyş we derman senagaty, obasenagat toplumy, telearagatnaşyk we öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýalary babatda geljegi uly maýa goýum taslamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ertir halkara maýa goýum maslahaty öz işini dowam eder. Gün tertibine nebitgaz we himiýa toplumlaryna, şeýle hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe okgunly ösüşe eýe bolan syýahatçylyk we sport ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň geljegi bilen bagly meseleler giriziler.