Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk

view-icon 715
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Müdirliginiň toparynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Bet Daýson bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýan türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürimegiň mümkinçilikleri gyzykly pikir alşylan meselä öwrüldi.

Soňky ýyllarda birnäçe möhüm ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň ikitaraplaýyn, şeýle hem ilkinji nobatda abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklary giňeltmäge we pugtalandyrmaga taýýardyklaryny bellediler.

Şeýle hem deňhukuklylyk, uzak möhletleýin esasda guralýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri iki ýurduň bähbitleri üçin döwletara gepleşiginiň sazlaşykly ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary, şol sanda Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmelerini we işewürlik maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň örän möhümdigini hem-de şol çäreleriň iki dostlukly döwletiň ösüşinde ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutmak arkaly däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň täze we oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan ugurlaryny tapmaga we üstünlikli özleşdirmäge ýardam berýändigini bellediler.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Müdirliginiň toparynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Bet Daýsonyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda duşuşyk geçirmek göz öňünde tutulýar, bu ýerde myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen we türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýolbaşçylygynda hukuk ulgamy boýunça üstünlikli amala aşyrylýan özgertmäniň esasy jähetleri, şeýle hem Türkmenistanyň giň demokratik özgertmeleriň ýolunda gazanýan uly üstünlikleri bilen tanyşdyrylar.