Türkmenistan Belgiýanyň Gent şäherinde geçirilen “Flanders Horse Expo – 2013” atly Halkara atçylyk sergisine gatnaşdy. Bu sergi Ýewropada her ýylda atçylyk pudagy we atçylyk sporty boýunça guralýan uly sergileriň biridir. Baharyň ilkinji günlerinde Belgiýanyň iri sergi merkezinde sergä gatnaşmak üçin 30 ýurtdan kompaniýalaryň 180-e golaýynyň wekilleri ýygnanyp, atçylyga degişli önümleri we işläp taýýarlamalary, hyzmatlary we tehnologiýalary bilen tanyşdyrdylar.
Şeýle hem bu ýerde çapyksuwarlar we at münmek bilen bagly köp sanly mekdepler, tutuş dünýäde barha artýan atçylyk klublary bilen tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Sergä gatnaşanlaryň arasynda atçylyga degişli esasy halkara kompaniýalar, halkara atçylyk assosiasiýalarynyň we aýlawlaryň wekilleri, seýisler we tanymal çapyksuwarlar bar.
Biziň ýurdumyzyň hem sergä çagyrylmagy türkmen atçylygynyň gazanan ajaýyp üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň, şeýle hem şu ugurda toplanan tejribe we bu pudagy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri babatda uly gyzyklanma bildirilmeginiň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli ekspozisiýa “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Daşary işler ministrligi, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy we şunda Türkmenistanda atçylygyň häzirki okgunly ösüş depginleri äşgär edildi.
Biziň günlerimizde dünýäniň köp sanly künjeklerinde atçylyk zawodlarynyň täzeden dikeldilmegine, bu pudagyň ylmy we okuw binýadyna, atçylyk-sport klublary babatda gyzyklanma bildirilýär, şu jähetden alanyňda türkmen atçylygynyň asyrlaryň synagyndan geçen ýörelgeleriniň netijeliligi, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň milli mekdebi hünärmenleriň ünsüni çekýär. Hut türkmenler milli atşynaslaryň belent sungaty arkaly ösdürip ýetişdiren ahalteke bedewini dünýä peşgeş bermek bilen çäklenmän, bu gymmatly we ajaýyp häsiýetli bedewleriň tohumyny arassa saklamagy başardylar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaplary atçylyk pudagynyň hünärmenleriniň we sergä gelen köp sanly adamlaryň, bedewleriň gözelliginiň muşdaklarynyň ünsüni çekdi. Türkmen halkynyň ajaýyp bedewlere mähirli garaýşyny beýan edýän “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly täsirli neşirleriň terjime edilmegi daşary ýurtly okyjylara türkmen halkynyň ruhy mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga, bu meşhur tohuma degişli bedewleriň taryhyny jikme-jik bilmäge, Türkmenistanda atşynaslygyň geljegini aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik berjekdigi ikuçsuzdyr.
Hünärmenler bedewiň sporta hökman gatnaşmalydygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ugurda ýöredýän syýasatyna ýokary baha berildi. Şol syýasata laýyklykda, ýurdumyzda döwrebap atçylyk-sport toplumlary gurruldy, çapyksuwarlaryň we seýisleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy, atçylyk sportuny wagyz etmek we muňa ýaşlary çekmek boýunça çäreler görülýär.
Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary “Flanders Horse Expo – 2013” atly serginiň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary hem-de gyzyklanma bildirýän dürli kompaniýalara we assosiasiýalara wekilçilik edýän beýleki adamlar bilen duşuşdylar. Şonda degişli düzümleriň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlyga, atçylyk sporty boýunça pudagara derejesinde Türkmenistan bilen gös-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenlere Türkmen bedewiniň baýramy barada gürrüň berildi, şol günler halkara derejeli çäreler: ahalteke atçylygy boýunça ylmy maslahat, saýlama tohumlara degişli bedewleriň gözellik bäsleşigi we ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka guralar.
Serginiň işiniň barşynda ippologiýa ylmyny ösdürmek, atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, saýlap-seçmek we tohumçylyk boýunça işiň geçirilmegine täzeçe çemeleşmeler, halkara atçylyk ýaryşlaryny guramak ýaly meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy we tejribe alşyldy.
Şeýle hem sergi önüm öndürijiler, telekeçiler we atçylyk sporty üçin we atlar üçin dürli enjamlary, şaý-sepleri ibermek bilen ýörite meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleri üçin halkara forumyna öwrüldi. Şu jähetden alanyňda, Türkmenistanyň bazary hem işewürleriň ünsüni çekdi, olar bu ýerde atçylyk sporty, şeýle hem türkmen bedewiniň ähmiýetine aýratyn üns berýän syýahatçylyga degişli hyzmatlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyna aýdyň göz ýetirdiler.
Şoňa görä-de, bir aý mundan ozal Germaniýadaky “Spoga horse” atly ekspozisiýada bolşy ýaly, Türkmenistanyň Belgiýadaky halkara atçylyk sergisine gatnaşmagy türkmen atşynaslygyny we meşhur ahalteke bedewini giňden wagyz etmek üçin Ýewropa tarap açylan özboluşly ýola öwrüldi.
... Köplenç halatda hut bedewiň adamy “il hataryna” goşandygy aýdylýar: bedew bilen uzak ýerlere gidilipdir we syýahat edilipdir, ýeňipdiler, täze mümkinçilikleri açmak arkaly (häzirki döwrüň ulaglary bilen deňeşdireniňde haýal hem bolsa), siwilizasiýanyň ýoly bilen ynamly hereket edilipdir. Häzirki wagtda dünýä ylmy-tehniki ösüşiň täze tapgyryny başdan geçirmek bilen, atyň we adamyň özara arkalaşykly hereketine degişli tejribä ýene-de ýüzlenýär. Türkmen halky tebigatyň we adamyň zehininiň sazlaşykly bileleşiginiň ölçegi hökmünde asyrlarboýy şol tejribäni aýawly saklapdyr we baýlaşdarypdyr.