Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 628
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky widioşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary hem-de milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk, köpçülikleýin bag ekmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreler, Halkara zenanlar güni mynasybetli guraljak dabaralar bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitde Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçiriljek ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramçylygy barada aýdylanda bolsa, bu senä bagyşlap, welaýatda dabaraly çäreleri guramak, aýal-gyzlara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berilýän pul sowgatlaryny gowşurmak bilen baglanyşykly çäreler ýokary derejede geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, sebitiň senagat düzümini ösdürmek babatda alnyp barylýan işler we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini belledi we bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýat boýunça ýaz ekişinde işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk üpjün edilmelidigini, köpçülikleýin bag ekmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini, şol bir wagtyň özünde ekilen baglara ideg işleriniň talaba laýyk alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz şol bir wagyň özünde göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Hojamuhammedowy we B.Nurmyradowany hem çagyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz gezeginde häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, şypahana merkeziniň çäklerinde we Türkmenbaşy howa menzili bilen Awaza şäherçesiniň aralygyndaky ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän mahabat sütünleri, Awazada geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň günbatar künjegini senagat taýdan ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeni durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, hepdeligiň medeni barada jikme-jik hasabat berdi.

Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň sazlaşykly ösdürilmeginde, şeýle hem halkymyzyň milli medeni mirasynyň giňden wagyz edilmeginde Medeniýet hepdeliginiň uly ähmiýeti bardyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi we çäräniň medeni maksatnamasyna, onuň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ünsi çekdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýaz ekişine görülýän taýýarlyk, şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim Daşoguz şäherinde 350 orunlyk myhmanhanany gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, olaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi we sebitde şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Şu pursatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýazmyradow hem-de Ş.Durdylyýew göni aragatnaşyga çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda Daşoguz welaýatynyň häkiminiň hem-de wise-premýer Ş.Durdylyýewiň ünsüni Daşoguz şäherinde 350 orunlyk myhmanhanany gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere çekip, täze desganyň taslamasyny, umuman, makullap, oňa birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy we «Daşoguz şäherinde 350 orunlyk myhmanhanany gurmak hakyndaky» karara gol çekdi.

Soňra A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ýaz-meýdan işlerine görülýän taýýarlyk çäreleri, şeýle hem köpçülikleýin bag ekmek çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, wise-premýer ak ekinlere we ozal ekilen baglara ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada aýtdy. Hökümet Baştutanynyň orunbasarynyň hasabatynda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda 25 müň gektar suwarymly ýerleri özleşdirmek, Kaka etrabynyň Gozgançaý derýasyndaky suw howdanynyň we Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky suw howdanynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýrdumyzyň oba hojalyk toplumyny yzygiderli ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Şele hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag ekmek çärelerine ykjam taýýarlyk görmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow özüniň hasabatynda häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleri, ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlygy, desgalaryň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak, Halkara zenanlar gününe we ähllihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitiň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli çäreleriň alnyp barylmaýandygy üçin häkimiň işine nägilelik bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm tapgyr bolan ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we welaýatda gök-bakja ekinlerini has köpräk ekmek boýunça degişli işleriň görülmelidigini nygtady. Geljekde gök-bakja önümlerini ilatymyz üçin ýeterlik mukdaryny öndürmek we onuň eksport mümkinçiligini döretmek babatda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçiriläýn widleoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezientimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýaz ekişine göwnejaý taýýarlyk görmek, ak ekinlere ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň göwnejaý derejede guralmaýandygy üçin häkime nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň derwaýysdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz sebitde gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek bilen bagly anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, ulag ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, şeýle hem gök zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şäheri has-da abadanlaşdyrmak we arassaçylyk boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ekilýän bag nahallarynyň çägini giňeltmek, olara göwnejaý ideg etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýewi we S.Toýlyýewi bir wagtda göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze Halkara uniwersitetiniň taslamasy, şeýle hem Köşüde guruljak 4 gatly ýaşaýyş jaýlary, bir mekdebi we 4 sany çagalar bagy üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgysy hödürlendi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew öz gezeginde gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ulgamy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy, şeýle hem Halkara uniwersitetiniň gurluşygy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň ýurduň baş şäheriniň ýokary derejesine, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň häzirki zaman ruhuna doly derejede laýyk gelmelidigini, munuň üçin bolsa ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlyşdyrmagyň, hususan-da, Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň toplumlaýyn häsiýetde durmuşa geçirilmeginiň barşyna aýratyn ünsi çekdi. Şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde täze häzirki zaman çemeleşmeleriň we işläp taýýarlamalaryň ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, häzirki döwrüň özboluşly binagärlik nusgasyna öwrülýän paýtagtymyzyň ösdürilmeginde Köşi ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamalarynda täzeçillik çemeleşmeleriň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, bilim ulgamyny we onuň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirýän, ýokary bilimli, zehinli ýaş nesilleriň kemala gelýän ýurdy bolan mähriban Watanymyzyň ösüşleriň ýoly bilen okgunly öňe gitmegi, dünýä derejesine çykmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.

Görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, milli Liderimiz gurluşyga we täze ýokary okuw mekdebiniň binagärlik keşbine birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi hem-de gurulýan desgalaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi alyp barmagy, gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym we bilim ulgamynda yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ulgamy innowasion ösüşiň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmakda oňyn şertleri döretdi diýip belledi. Ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň geljekki ösüşini şertlendirýän möhüm ugurlardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam etmek bilen, ýaş nesiller, olaryň abadançylygy we saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz soňky ýyllarda birnäçe çagalar şäherjiginiň kemala gelen we her ýylda tomus dynç alyş mahalynda müňlerçe çagany kabul etmäge niýetlenen Gökderedäki çagalar—sagaldyş merkezleriniň tomusky möwsüme taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde göwnejaý dynç almak we çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi we ähli taýýarlyk işlerini 1-nji maýa çenli tamamlamagy tabşyrdy.

Iş maslahatyň barşynda wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiziň göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyň geçen sanynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, paýtagtymyzyň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän döwlet kabulhanasynyň binasynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hususan-da, ol öýlerde oňaýly ýaşaýyş üçin ähli zerur şertler dörediler we çagalar hem-de beýleki durmuş ulgamyna degişli otaglar zerur enjamlar bilen üpjün ediler diýip belledi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde halkymyzyň göwnejaý ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, bu binany şäher häkimliginiň degişli düzümine ýaşaýyş jaý hökmünde ulanmak üçin bermek boýunça gysga wagtda degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol häzirki döwürde içerki bazarda haryt bolçulygyny we dürli görnüşli ýokary hilli önümleriň ýeterlik mukdaryny üpjün etmek boýunça ministrligiň düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, ministr Gökderede iki sany restoranyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Durmuş ulgamynyň ösdürilmeginiň, adamlaryň oňaýly ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gökderede gurulýan täze desgalaryň gurluşygynyň depginleriniň pesdigini bellemek bilen, bu babatda ministre nägilelik bildirdi hem-de olaryň ýokary hilli, öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmegi berk talap etdi.

Ýokary hilli azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bolçulygynyň, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz söwda ulgamynda alnyp barylýan işlerini ýokary halkara ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz ministre ýüzlenip, Oba hojalyk ministrligi bilen bilelikde ilaty gök önümleriň ähli görnüşleri bilen üpjün etmek boýunça sazlaşykly işleri durmuşa geçirmegiň zerurdygy barada anyk görkezmeleri berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow 21-nji martda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde geçiriljek «Nowruz — parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy» atly halkara ylmy maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, umumyadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Nowruz baýramçylygy täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýaly gadymy döwürlerden bäri milli häsiýetine laýyk gelýän gymmatlyklary alamatlandyrýar we olar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýyl biziň ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän bu ajaýyp bahar baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde boljak maslahatyň örän uly ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, baýramçylyk maksatnamasyna degip geçdi. Bellenilişi ýaly, baýramçylyk dabaralary diňe bir bu halkara maslahatyny däl, eýsem, daşary ýurtlaryň sungat usstlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek festiwaly we aýdym-sazly çykyşy özünde jemleýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz maslahatyň we Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini we dabaralarda köp sanly daşary ýurtly wekilleriň türkmen halkynyň myhmansöýer däplerine laýyk kabul edilmelidigini nygtady.

Iş maslahatyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.