Ï Türkmenistan täze eýýamda maýa goýumlary babatdaky mümkinçiliklerini dünýä äşgär etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan täze eýýamda maýa goýumlary babatdaky mümkinçiliklerini dünýä äşgär etdi

view-icon 649
Şu gün öz işini tamamlan Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahaty ýurdumyzyň maýa goýumlary boýunça ösüşiň täze derejesine çykýandygyny aýdyň tassyklaýan nobatdaky subutnama öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýörite kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkiýe Respublikasynyň Biržalarynyň we söwda edaralarynyň birleşmesi, Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar baradaky komiteti, şeýle hem Türk-türkmen işewürlik geňeşi bilen bilelikde guraldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň we Türkiýäniň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu wekilçilikli duşuşyga gatnaşmak üçin Stambulda dünýäniň 40-a golaý ýurdundan – Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Italiýadan, Malaýziýadan, Albaniýadan, Polşadan, Çehiýadan, Gresiýadan, Makedoniýadan, Gazagystandan, Täjigistandan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan 700-e golaý adam ýygnandy.

Foruma gatnaşýanlaryň arasynda halkara işewür toparlarynyň, maliýe düzümleriniň, iri türk kompaniýalarynyň wekilleri bar. Foruma Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ösüş banky, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça banky, Sitibank, Organization of the Blaсk Sea Eсonomiс Сooperation, Feldman Finanсe Сorp., Sсheider Eleсtriс, FoRD, Saipem Spa Türkmenistan Branсh, S.С. Romeleсstro S.A. Honeywell, Huawei Teсh. Investment Со., LTD, SIEMENS, BG Group, Alstom Grid Energy Industry, Oraсle, Inpas Сompany Russia, Nyk Group Europe Ltd, Arup, BEKO BAYI, Сontinental Deuсhe, Eurasian Media Group, Siveсo Romania S.A. we beýlekiler hem öz wekillerini iberdiler. Umuman alanyňda, bu maslahata kompaniýalaryň 400-e golaýyna we halkara guramalarynyň 20-ä golaýyna wekilçilik edildi. Bu ýerde dürli döwletlerden tanymal bilermenler-seljerijiler, alymlar hem ýygnandylar.

Bu maslahatyň ikinji iş gününiň barşynda oňa gatnaşyjylar dünýäde kuwwatly energetika döwleti hasaplanýan Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa toplumlaryny ösdürmegiň döwlet strategiýasy bilen tanyşdyryldy. Şonda ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekilleri çykyş etdiler.

Şonda Türkmenistanyň gymmatly ýangyç çig malynyň örän uly gorlaryna eýe bolmak arkaly, bar bolan tebigy baýlyklary tutuş adamzadyň bähbidine ulanmaga çalşyp, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpugurly ulgamynyň döredilmegini işläp taýýarlaýandygy we yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagy tagallalary birikdirmek, serişdeleri we maýa goýumlaryny gönükdirmek üçin özüne çekiji ugur bolup durýar.

Häzirki wagtda nebit we gaz boýunça adaty we geljekki bazarlardaky ornuny pugtalandyrmak türkmen ýangyç- energetika toplumyny ösdürmegiň esasy strategiki maksatlarynyň birine öwrüldi. Ilki başdaky maglumatlar munuň üçin oňaýly ýagdaýyň bardygyny görkezýär. Ýangyç serişdeleriniň gözlenip tapylan hem-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň bilermenleri hem-de dünýäniň iri kompaniýalary tarapyndan geçirilen toplumlaýyn barlaglar arkaly tassyklanan we uly umyt baglanýan ugurlary muňa aýdyň mysal bolup biler.

Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky ýangyç serişdelerini senagat taýdan çalt özleşdirmek we işläp taýýarlamak boýunça öňde durýan wezipeleriň giň gerimli bolmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegine badalga berip biler. Ýangyç geçiriji ulgamyň ösdürilmegi, milli tanker flotunyň döredilmegi, portdaky düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagy, deňizde nebit guýulýan täze terminallaryň, gazy gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurulmagy Türkmenistana özara peýdalylyga we halal bäsdeşlige mahsus şertlerde hyzmatdaşlary saýlap almakda täze mümkinçilikleri döredýär.

Şeýle hem halkara işewür toparlarynyň wekilleri üçin eksport babatda örän amatly mümkinçiligiň we maýa goýumlary babatdaky özüne çekiji ýagdaýyň türkmen elektroenergetikasynda we nebit himiýasynda, baý çig mal ýataklarynyň bolmagynda jemlenýändigi bellenildi. Himiýa senagatyny ösdürmek, oba hojalygy üçin mineral dökünleriň, elektronikada we uçarlaryň gurluşygynda ulanylýan demir magnisiniň önümçiligini ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikler bar.

Syýahatçylyk dünýäniň işewür toparlarynyň öz tagallalaryny gönükdirip biljek ýene-de bir ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, umumy mejlisleriň biri ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň meselelerine we şu ugurdaky maýa goýumlaryna degişli mümkinçiliklere bagyşlandy. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekiliniň maslahata gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda halkara işewür toparlarynyň we degişli düzümleriň şu ugurda hyzmatdaşlyk etmek we has takygy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasy babatda bildirýän gyzyklanmasynyň artýandygy we munuň şu maslahatda hem tassyklanylandygy bellenildi. Munuň özi Hazaryň türkmen kenarýakasyny abadanlaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmak isleýänleriň sany artýar we artar diýen netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Başgaça aýdanyňda, teklipleriň bazary, maýa goýumlarynyň bäsdeşligi we maýa goýumlaryny gönükdirmegiň şertleri emele gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk etmek üçin elmydama açykdygyny belleýär. Özara peýdalylyga, milli bähbitleriň we halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmegine, borçlaryň halal ýerine ýetirilmegine mahsus ýörelgeler esasynda guralýan deňhukukly hyzmatdaşlyk ähli taraplaryň bähbidine gulluk edipdi we şeýle bolmagynda hem galar. Şu jähetden aýdanyňda, entek ulanylmaýan mümkinçilikler az däldir.

Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy jenap Sefa Gomdeňiziň, Türkiýe Respublikasynyň syýahatçylyk ulgamy boýunça maýadarlarynyň assosiasiýasynyň prezidenti jenap Turgut Guriniň, Ziraat adyndaky Türkmen-türk täjirçilik bankynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça bankynyň, şeýle hem IKDAŞ, Sistemaer HSK, Turkish Petroleum, Sсhneider Eleсtriс, Сiti Group, Сoсa-Сola kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglylykda, şu maslahatyň wajyp ähmiýetlidigi bellenildi. Ýygnananlar bilelikdäki täze maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga taýýardyklaryny hem-de hyzmatdaşlygyň döwrüň talaplaryna, özara peýdaly we deňhukukly gatnaşyklaryň ruhuna laýyk gelýän netijeli nusgasyny kemala getirmek maksady bilen, yzygiderli gatnaşyklaryň dowam etdirilmelidigini aýtdylar.

Şu gün tamamlanan maslahata gatnaşanlaryň biragyzdan bellemegine görä, bu duşuşyk milli ykdysadyýete gös-göni gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymynyň artmagyna ýardam berer. Ýurdumyzda maýa goýumlaryny çekmek arkaly geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berer. Şol maýa goýumlary ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply we dünýä bazaryna goşulyşan ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşantdyr.

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahaty ýurdumyzyň serişdeleri, maliýe amallaryny, ygtybarly taslamalara gönükdirilýän maýa goýumlaryny dolandyrmak boýunça toplan tejribesiniň dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýändigini aýdyň görkezdi.

Şeýle hem maýa goýum maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Şol duşuşuklaryň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

Halkara maýa goýum maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda bu maslahatyň geçirilmegine ýardam berlendigi, Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen jikme-jik tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler.