Ï Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 727
Şu gün Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça direktory jenap Masaru Honmanyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen wekiliýetiň agzalary bilen geçirilen duşuşyklaryň gün tertibine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda iri Ýewropa bankynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem milli Liderimiziň biziň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine bolşy ýaly, sebitleýin we umumy dünýä ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky bilen ykdysadyýetiň hususy ulgamynda, bank we ulag pudaklarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar. Soňra Türkmenistanyň Hökümetinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, Türkmenistanyň Merkezi bankynda bolan duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak dowam etdirildi.

Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň iri halkara maliýe düzümleri, şol sanda öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet bermek bilen, netijeli hem-de özara peýdaly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegini ugur edinýändigi bellenildi.

Türkmen ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşine ýokary baha bermek bilen, myhmanlar ykdysadyýetiň ösüş depginleriniň ýokarlanmagynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda makroykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýändigini bellediler. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň yzygiderli akymy ýurduň ykdysady ýagdaýyna we onuň ykdysadyýetiniň geljekki durnukly ösüşiniň çaklamalaryna bagly bolup durýar diýip bellemek bilen, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady ulgamy özüniň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň äşgär edýär hem-de pugta maýa goýum mümkinçiliklerine eýedir diýip nygtadylar we munuň dünýäniň maliýe çökgünligi şertlerinde aýratyn möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu günler Türkmenistanyň Stambulda geçirilýän Halkara maýa goýum forumynyň giň möçberliligi hem-de ýokary netijeliligi bellenildi. Oňa Ýewropa bankynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatyny goldamak bilen, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň agzalary sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri milli hem-de halkara taslamalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge mundan beýläk-de meýillidiklerini mälim etdiler.

Jenap Masaru Honmanyň we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalarynyň biziň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda duşuşygy meýilleşdirildi.