Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.
Mejlisiň başynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli zenanlaryny ýetip gelýän Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp baýram perzentleriniň bagtyýar durmuşyna guwanýan eziz enelerimize, gül-gunçalara deňelýän mähriban gelin-gyzlarymyza goýulýan uly hormatdan nyşandyr diýip belledi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, merdana ata-babalarymyzyň zenan mertebesini hemişe belentde tutandyklaryny aýtdy. Olar eziz enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa hormat goýmak däbini mukaddeslik derejesine ýetirip, nesillerimize miras goýupdyrlar. Bu ajaýyp ýörelgeler Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da kämilleşdi we täze many-mazmuna eýe boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyzyň jemgyýetde tutýan orny has-da belentdir. Ýurdumyzda gelin-gyzlarymyzyň erkana ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, hemmetaraplaýyn bilim almagy, öz saýlap alan, halaýan hünärlerini öwrenmegi, eziz enelerimiziň hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetirşdirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz mähriban zenanlarymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar, yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler, gözel Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli we tutumly işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip aýtdy.
Milli Liderimiz biz geljekde hem mähriban zenanlarymyz barada hemişe alada ederis, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri dörederis diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň elmydama uly hormata mynasyp bolan aýal-gyzlaryň zähmetini we hukuklaryny hemmetaraplaýyn gorajakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz eziz enelerimizi, edep-ekramyň we gözelligiň nusgasy bolan hormatly gelin-gyzlarymyzy ajaýyp bahar paslynda giňden we dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, mähriban zenanlarymyza berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, abraý-mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň 2-nji martda geçirilen 18-nji maslahatynyň jemleri, onuň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň jähetinde işlenip taýýarlanan täze birnäçe kanunçylyk taslamalaryna we kadalaşdyryjy-hukuknamalaryna garalandygy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Mejlisiň deputatlary ýerlerde we habar beriş serişdelerinde türkmen döwletiniň durmuş ulgamyna gönükdirilen syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyny şertlendirýän täze kanunçylyk resminamalarynyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.
Döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, durmuşyň ähli ulgamlarynda kanunçylygy berkitmek boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işleriň esasynda taýýarlanan kanunçylyk resminamalarynyň ähmiýetini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäreleri ýurdumyzyň häzirki ösüş tapgyryndaky ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak arkaly geçirmegiň derwaýysdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşyna degip geçmek bilen, milli Liderimiz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynyň has möhüm ugurlarynyň ösüşiniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegini, milli ykdysadyýetimiziň, ylmyň we medeniýetiň hemmetaraplaýyn ösüşini yzygiderli dowam etmek üçin, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, adamlaryň we her bir raýatyň hukugynyň hem-de erkinliginiň goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda zenanlaryň hormatyna dabaralar guralýar. Medeniýet ulgamynyň ylmy we medeniýet merkezlerinde, bilim edaralarynda, teatrlarda, muzeýlerde we beýleki edaralarda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan konsertler, sahna oýunlary, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçirilýär.
Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanda neşir edilýän gazetleri we žurnallary esaslandyryjylary bellemek hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi. Ol ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň derejesini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek, şeýle hem olaryň redaksiýalaryny gaýtadan hasaba almak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Sazlaşykly ösýän türkmen jemgyýetinde, ýurdumyzda türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine durmuş ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň barşynda Halkara zenanlar baýramy mynasybetli guralýan dabaralaryň we beýleki çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi we olaryň habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
«Türkmenistanda neşir edilýän gazetleriň we žurnallaryň esaslandyryjylaryny bellemek hakyndaky» karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz habar beriş serişdeleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, olaryň hünär we döredijilik mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow DIM-niň işi barada hasabat bermek bilen, şu aýda ýurdumyzda Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelerine taýýarlyk görmegiň barşy barada aýtdy.
Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyny 2013-2017-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi hem-de ýurdumyzyň daşary ýurtlarda diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň açylmagy bilen baglylykda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Malaýziýada Türkmenistanyň ilçihanasyny we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde) Türkmenistanyň konsullygyny açmak boýunça degişli işleriň geçirilendigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýyl Türkmenistanda Nowruz baýramynyň halkara derejesinde geçirilýändigini aýratyn belledi hem-de bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bu ajaýyp bahar baýramçylygyna bagyşlanan ähli çäreleriň guralmagyna ykjam taýýarlyk görülmegini we göwnejaý geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza geljek daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlaryň we daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň we hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy milli ýörelgelerine kybap derejede mynasyp kabul edilmegi boýunça degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanda geçiriljek ähli çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) ilçihanasyny açmak hakyndaky Permana iki ýurduň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek bilen baglylykda, bu wakalaryň möhüm ähmiýetlidigini belledi hem-de soňky ýyllarda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygyny açmak hakyndaky» karara gol çekip, bu ädimiň ilkibaşdan deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan beýik ynsanperwerlik we ruhy-ahlak ýörelgelerine esaslanyp hem-de Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, şeýle hem halklarymyzyň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän we hakydasynda hem-de kalbynda ýaşap gelýän, milletleriň arasynda ysnyşykly dostluga we hyzmatdaşlyga çagyrýan Halkara Nowruz baýramy mynasybetli, Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek hakyndaky buýruga hem gol çekdi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgelere ygrarly bolmak arkaly, owgan halkyna parahat we abadan durmuşda ýaşamak ugrundaky maksadyna ýetmekde goldaw berýändigini hem-de geljekde-de goňşy ýurdy durmuş-ykdysady taýdan dikeltmekde hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, hereket edýän kadalaşdyryşy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümçiligini artdyrmak, olara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem zerur bolan tehniki serişdeleri, suwdan netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen enjamlary satyn almak üçin daýhan hojalyklaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna ýeňillikli karz serişdelerini bermek bilen baglanyşykly kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz teklibi umuman oňlap, döwletimiziň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň ähli pudaklaryny höweslendirmek, obasenagat toplumynyň önümçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görjekdigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, amatly şertlerde ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi obasenagat toplumyna hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga şert döreder, bu bolsa ahyrky netijede ýeriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyny, ýokary hilli oba hojalyk önümleriň öndürilişiniň mukdarynyň artdyrylmagyny üpjün eder.
«Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky» karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine zerur gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçilik edýän dolandyryş ulgamynda, dokma senagatynda alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli 17-18-nji martda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýaplyk işleri hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän bu sergi ýurdumyzyň telekeçileriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki häzirki zaman tapgyrlaýyn ösüşini aýdyň beýan eder.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dokma pudagynda gazanylýan üstünliklere arkaýynlanman, ulgamyň önümçilik depginlerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahatyň we serginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän telelkeçiler üçin wajyp ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwlet derejesindäki netijeli çäre bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda milli durmuş-ykdysady maksanamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan hususy ulgamyň wekilleriniň sany barha artýar.
Milli Liderimiz sözüni dowam etmek bilen, maslahat we sergi biziň ýurdumyzda telekeçiligiň işjeň ösdürilmegine ýardam berer diýip belledi we bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Serginiň çäklerinde geçiriljek maslahat bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň gün tertibine hususy önümçilige täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri işjeň ornaşdyrmagyň, hususy önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmegi we hyzmatlary ýerine ýetirmegi ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek meseleleriniň girizilmegini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow oba hojalyk pudagyna degişli meseleler barada hasabat berdi. Wise-premýer gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi barada aýdyp, daýhan hojalyklarynyň oňat hilli tohumlar, şeýle hem ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasy bilen doly üpjün edilenldigini belledi. Beýleki oba hojalyk işleriniň, hususan-da, güýzlük buýdaýa ideg etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we suw bilen üpjün etmek boýunça işler depginli alnyp barylýar.
Şeýle hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, 9-njy martda geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan ýazky oba hojalyk çärelerini guramaçylykly, amatly möhletlerde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň pagtaçylary üçin wajyp ähmiýetli we jogapkärli möwsüminiň ýetip gelýändigini belläp, gowaça ekişinde agrotehnika boýunça ähli zerur çäreleriň berjaý edilmeginiň möhümdigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 27-nji martda gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata bermek bilen, asylly milli däbe görä, bu möhüm çärä il içinde sylanýan, at-abraýly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň daýhanlaryna, oba hojalyk işgärleriniň ählisine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, tutanýerli zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almagy, ene ýeriň berekedini mundan beýläk-de artdyryp, has ýokary zähmet üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we welaýatlarda ählihalk ýowarynyň geçirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berip, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine ýardam berjek bu çäräniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasapry B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem «2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny» mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň möhüm ähmiýetli pudaklaryny ösdürmek üçin örän köp mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Milli Liderimiz şunda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebapldaşdyrmak we tehniki taýdan täzeden üpjün etmek, mineral dökünleri taýýarlamak boýunça döwrebap kärhanalaryň gurluşygy barada gürrüň gidýändigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem nebit we nebit önümlerini daşaýan derýa-deňiz gämilerini gurdurmak we satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Mmaksatnamasynda» kesgitlenen giň möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyna möhüm ornuň degişlidigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz döwletimiziň bu pudaklara yzygiderli goldaw berjekdigini aýtdy hem-de olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn kärhanalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde zerur bolan häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlarynyň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz deňiz, demir ýol, howa we awtomobil ulaglary kärhanalarynyň sazlaşykly işini hem-de hyzmatyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
«Nebit we nebit önümlerini daşaýan derýa-deňiz gämilerini gurdurmak we satyn almak hakyndaky» karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenbaşynyň deňiz menziliniň halkara ulag gatnawlarynyň wajyp merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýandygyny belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu kärhanany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň durmuşa geçirýändigini, şeýle hem ýurdumyzyň deňiz ulaglarynyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigini aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berildi. Wise-premýer gurluşyk, energetika we senagat pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem türkmen paýtagtynda giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň dürli ugurlary, şeýle hem bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynyň, senagat we energetika ulgamlarynyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň, pudaklara innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Halkymyzyň oňaýly ýaşaýşy, netijeli işi hem-de göwnejaý dynç alşy, amatly şäher gurşawynyň we degişli düzümiň döredilmegi üçin zerur bolan şertleriň üpjün edilmegi özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň we dünýäniň öňdebaryjy ülňülerine laýyk gelýän derejede gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň giň gerimde ýaýabaňlandyrylandygy bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda durmuşa geçirilmegini hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini nazara almak bilen, gurluşyk düzüminiň ösdürilmegine gönükdirilen häzirki we geljegi nazarlaýan taslamalaryň işjeň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň yzygiderli abadanlaşdyrylyşyna, giň gerimde gurluşygy alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we durmuş-ykdysady, inženerçilik-jemagat düzüminiň desgalarynyň göwnejaý derejede saklanyşyna yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde adamlaryň oňaýly ýaşaýyş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň anyk netijeleriniň duýulmalydygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy, adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýeti bolan köpçüliklýin bag nahallaryny oturtmak döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz öňde boljak ählihalk ýowarynda diňe bir boş ýerlere bag ekmek işlerine däl-de, eýsem, ilatly ýerleriň golaýynda täze tokaý zolaklarynyň döredilmegine, olaryň adamlara peýda getirmegine üns bermegi wise-premýerden talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 13-14-nji martynda Aşgabatda geçiriljek «Golýazmalar-milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi» atly halkara ylmy maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna gabat gelen bu ylmy çäre daşary ýurt alymlarynda uly gyzyklanma döretdi. Oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkara maslahatynyň bäş ylmy bölümleriniň işine daşary ýurtlaryň iri ylym we bilim merkezleriniň wekilleri hem-de meşhur alymlar gatnaşarlar. Maslahatda türkmen halkynyň we dünýäniň beýleki milletleriniň golýazmalar mirasyny öwrenmegiň möhüm meselelerine garalar.
Milli ylmy mundan beýläk-de ösdürmekde, türkmen halkynyň ruhy, maddy mirasyny düýpli hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde, şeýle hem dünýä ýüzünde wagyz etmekde bu halkara maslahatynyň ähmiýetini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işiň netijelliligini ýokarlandyrmagyň, şol sanda halkara ylmy gatnaşyklaryny we häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiligini giňden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew çykyş edip, gözegçilik edýän düzümleriniň işine, ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesi barada jikme-jik hasabat berdi.
Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we kenarýaka zolagyndaky ýangyç ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleriň barşy, bu ýerde täze guýulary we düzüme degişli beýleki desgalary gurmagyň hasabyna nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy. Çykyşda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek, ekologik howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýangyç çig malynyň gorlarynyň artdyrylmagyny üpjün etmek üçin has çuň ýerlerdäki önümli gatlaklary gözlemek boýunça taslamalara aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Hazar deňziniň nebitiň we gazyň has uly gorlarynyň halkara sanawyna girizilen baý ýangyç serişdelerini doly möçberde özleşdirmegiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiki ugry bolup durýandygyny belledi. Hut şu ýerde, deňiz ýalpaklygynda we kenarýaka zolagynda ýakyn geljekde ýurdumyzda «gara altynyň» çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça öňegidişlik gazanylar.
Gaz çykaryjy ulgam hem uly kuwwata eýedir, gazy gaýtadan işleýän we döwrebap himiýa toplumlarynyň gurulmagy şol mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna ýardam bermelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebitgaz kompaniýalarynyň işine we aýratyn-da, daşky gurşawy goramak boýunça bildirilýän talaplaryň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki käbir meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk, ata Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.