Şu gün Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagtynda ITB Berlin —2013 iri halkara syýahatçylyk sergisi öz işine başlady. Onda dünýäniň 187 ýurdy bilen bir hatarda Türkmenistan jahankeşdelik ulgamynda we syýahatçylykda öz mümkinçiliklerini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça forumyň işine gatnaşmak üçin biziň ýurdumyzyň wekiliýeti Berline bardy.
ITB sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşan Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bu iri möçberli çäräniň diňe bir işewür häsiýeti hem-de ykdysady ähmiýeti bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň syýasy jähetden hem ýokary derejä eýedigini belledi.
Serginiň açylyşynyň öňüsyrasynda bolan dabarada şu ýyl ITB hyzmatdaş ýurtlaryň baştutany bolan Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Susilo Bambang Ýudoýono, Berliniň burgomistri we beýleki hormatly myhmanlar çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, ITB Berlin—2013-i diňe bir sergi hökmünde däl-de, eýsem, ony medenietleriň, däp-dessurlaryň, halkara derejesindäki gatnaşyklaryň we işewürligiň merkezi hökmünde atlandyrmak bolar. Şeýle hem onuň ynanyşmak we özara peýdaly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine, parahatçylygyň we ählumumy ösüşiň berkidilmegine gönükdirilendigi bellenildi.
ITB Berlin—2013 sergisiniň açylyş dabarasynyň maksatnamasy däp boýunça oňa gatnaşyjy ýurtlara ýolbaşçylyk edýän döwlet tarapyndan gurnaldy. Serginiň açylyşyny köp milletli orkestriň sazy astynda ajaýyp bezegli çykyşlar bezedi. Onda Indoneziýanyň aýdymçylarynyň, sazandalarynyň we tansçylarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Şu gün serginiň ilkinji iş güni boldy. Onda dünýäniň 187 ýurdundan on ýarym müňe golaý gymmatlyklar görkezildi. Munuň özi 160 müň inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyrylan ýüzlerçe bezegli bölümlerden we müňlerçe diwarlyklardan ybarat boldy. Tutuş şäherçäni emele getiren bu ýerde dürli dillerdäki we dürli öwüşginli şowhunlar ir säherden başlandy. Serginiň dowamynda işjeň pikir alyşmalar, duşuşyklar guraldy. Özara peýdaly hyzmatdaşlyk boýunça teklipler, meýiller mälim edildi. Bu ýerde bary-ýogy birnäçe sagadyň dowamynda özüň üçin tutuş dünýäni açmak mümkinçiligi döredi.
47-nji gezek geçirilýän ITB Berlin sergisi häzirki döwürde syýahatçylyk boýunça iri halkara forumy bolup durýar. Onda dünýä syýahatçylygynyň döwrebap meýilleri, ulgamyň ösüşiniň we hyzmatdaşlygyň konsepsiýalary aýdyň äşgär edilýär. Sergä gatnaşýan her bir ýurt özüniň bu ulgamdaky serişdelerini we mümkinçiliklerini netijeli beýan etmek ugrunda tagallasyny gaýgyrmandyr. Guralan sergi bölümlerini biri-birinden tapawutlandyrmak ýeňil bolmasa-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň guran sergileriniň iň nurana hem-de ajaýyp bolandygyny aýtmak mümkin. Bu ýurtlaryň sergi bölümine gelip görenler özlerini dürli öwişgünli gündogar bazaryna gelen ýaly duýýarlar. Olarda milli lybaslaryň, däp bolan nyşanlaryň, halk sazlarynyň özboluşly owazlarynyň ajaýyp sazlaşygy duýulýar. Türkmenistanyň sergi bölümi bu forumyň geçirilýän çäginiň ilkinji ornunda bolmak bilen, bu ýere gelýän myhmanlary Beýik Ýüpek ýoly diýen ýazgy bilen garşylaýar.
Beýik Ýüpek ýolunyň hereket etmeginde ägirt uly taryhy ähmiýeti bolan biziň ýurdumyzyň sergisi örän amatly ýerde ýerleşipdir. Bu gün biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna degişli gymmatlyklarynyň görkezilýän bölümi daşary ýurt syýahatçylyk ulgamynyň wekilleriniň ýokary gyzyklanmalaryna mynasyp boldy. Çünki serginiň birinji güni pudagyň hünärmenlerine nietlenendir. Ertirden başlap bolsa, ITB Berlin—2013 isleg bildirýänleriň hemmesi üçin açyk bolar.
Türkmenistanyň nurana öwüşginde, nepis derejede bezelen sergisinde milli nyşanlarymyz täzeçillik çemeleşmeleriň peýdalanylmagy netijesinde görnükli ýerlerde goýlupdyr. Bu bölüm ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmek bilen bir hatarda, syýahatçylyk ulgamynda we beýleki pudaklarda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini ugur edinýän iri wakalar barada hem gürrüň berýär. 2013-nji ýylyň sentýabrynda Awazada geçiriljek Syýahatçylyk maslahaty, Aziada—2017 bilen baglanyşykly wakalar barada gürrüň berýän diwarlyklar Türkmenistanyň sergisiniň esasy bölegini düzýär. Şeýle hem bu ýerde Türkmen bedewiniň baýramyna, Awazada geçiriljek Medeniýet hepdeligine we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýän beýleki halkara çärelerine bagyşlanan dürli neşirler we çakylyklar bar.
Ýurdumyzyň meşhur taryhy – medeni ýadygärlikleri we türkmen topragynyň ajaýyp künjekleri, paýtagtymyzyň häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgeleri şekillendirilen surat sergileri has-da özüne çekiji bolupdyr. Uly monitorlarda, şol sanda 3D görnüşdäki ekranlarda ýurdumyzyň häzirki güni barada gürrüň berýän gyzykly wideofilmler görkezilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň häzirki zaman syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan köp sanly maglumat beriji neşirler we gollanmalar köpleriň ünsüni özüne çekýär. Beýik Ýüpek ýoly, onuň ugrunda ýerleşen gadymy türkmen şäherleri we birwagtlar gülläp ösen ýaýlalar hem-de olara şaýatlyk edýän taryhy ýadygärlikler barada aýdyň düşünje berýän wideoşekiller has-da täsirli bolupdyr.
Şeýle hem ýurdumyzyň milli bölüminde işewür, medeni we sagaldyş syýahatçylygy, şeýle hem täze jahankeşdelik tehnologiýalary ýaly ugurlary emele getirýän ulgamlar has-da aýdyň görkezilýär.
Bu ugurlar häzirki döwürde Türkmenistanyň syýahatçylygyny ösdürmegiň esasyny düzýär. Ýurtda myhmanhana-syýahatçylyk düzümini giňeltmek, oňa täze desgalary we çäkleri girizmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Munuň özi myhmanlara biziň halkymyzyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik berýär.
Hazaryň kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy daşary ýurtly syýahatçylyk işewürleriniň aýratyn gyzyklanmalaryna mynasyp boldy. Halkara şypahana-dynç alyş merkeziniň kemala gelýän bu künjegi Türkmenistanyň anyk meýilnamalara, toplumlaýyn çärelere, durmuş ulgamyna we döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyna daýanýan syýahatçylyk strategiýasynyň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine öwrüldi.
Serginiň myhmanlary bu ýerde guralan gürrüňdeşliklerde, işewür gepleşiklerde we türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen bolan geňeşmelerde ýurtda alnyp barylýan netijeli çäreler barada anyk düşünje aldylar. Serginiň ilkinji gününden başlap, türkmen bölüminde daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen onlarça duşuşyk geçirildi. Özi-de olaryň diňe bir syýahatçylyk ulgamy boýunça däl, eýsem, beýleki pudaklar boýunça hem guralandygyny bellemeli. Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçiren düzümleriň hatarynda awtodromlar üçin iri toplumlaryň gurluşygyny alyp barýan dünýä belli “Tilke” nemes kompaniýasynyň wekilleri bar. Bu kompaniýa Bahreýinde, Malaýziýada, BAE-de, Ispaniýada, Ýaponiýada we beýleki ýurtlarda ýokary derejeli meşhur awtodromlaryň taslamalaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem bu kompaniýa syýahatçylyk ulgamy boýunça binalary we sport desgalaryny, lukmançylyk merkezlerini, myhmanhanalary taslamalaşdyrmak we gurmak bilen meşgullanýar. Bu gün bolsa kompaniýanyň wekilleriniň ünsi häzirki wagtda bu ugurlaryň yzygiderli ösdürilýän we milli strategik maksatnamalaryň çäklerinde syýahatçylyga aýratyn ähmiýet berilýän ýurt bolan Türkmenistana gönükdi.
Şeýle hem serginiň türkmen bölüminiň myhmanlarynyň hatarynda ITB Berlin—2013 sergisine gatnaşyjy ýurduň – Indoneziýanyň wekilleri hem boldy. Olar bu ýerde Aziýanyň dürli sebitleriniň geljegi uly syýahatçylyk mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler we Berlin sergisi bilen ugurdaş Singapurda ITB Asia sergisini geçirýändiklerini aýtdylar we oňa Türkmenistanyň wekillerini hem çagyrdylar.
Berlinde guralan halkara forumynyň işewürlik bölüminde ýurdumyzyň hususy we döwlete degişli syýahatçylyk kärhanalaryna öz tekliplerini hödürlemek, Türkmenstanyň syýahatçylyk ulgamynyň dünýäniň syýahatçylyk düzümine goşulmagyna kuwwatly itergi berjek peýdaly we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredildi.
Ýurduň tebigy we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý dessurlar we özboluşly ýörelgeler Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Olar ýurdumyza bu ulgamdaky halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär we dünýä syýahatçylyk bazarynda öz ornuny berkitmegini şertlendirýär. Syýahatçylyk ulgamynda häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, oňa netijeli çemeleşmeleriň giňden ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň bu ulgamynda telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, syýahatçylyk ugruna ulag-aragatnaşyk, söwda, gurluşyk, oba hojalygy, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi ýaly beýleki pudaklaryň serişdeleriniň çekilmegi, maýa goýum mümkinçilikleriniň döredilmegi we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly bu we beýleki meseleler serginiň çäklerinde türkmen tarapyndan guralan maslahatyň gün tertibine girizildi we olar ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa daşary ýurtly işewürler, halkara we milli syýahatçylyk agentlikleriniň, assosiasiýalarynyň, şeýle hem GFR-iň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri çagyryldy.
Serginiň birinji gününde, haçan-da gazetiň şu sany taýýarlanylýarka maslahat geçirildi. Onuň geçişi we maslahatda seredilen meseleler barada biz özümiziň indiki makalalarymyzda giňişleýin gürrüň bereris.
ITB Berlin—2013 sergisiniň çäklerinde maslahatlaryň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň we “tegelek stoluň” başyndaky gepleşikleriň maksatnamasy göz öňünde tutulýar. Oňa türkmen hünärmenleri hem gatnaşar.