Şu gün Germaniýanyň iri sergi toplumy bolan Messe Berlin toplumynda ITB Berlin-2013 halkara syýahatçylyk sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy we bäş günüň içinde edilen işleriň jemi jemlendi. 180-den gowrak ýurtlaryň hatarynda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyry boýunça biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk operatorlary tanyşdyrdylar.
ITB (Internationale Tourismus-Börse) ählumumy syýahatçylyk ulgamynda möhüm waka hökmünde nobatdaky gezek bazara gatnaşýanlaryň hemmesi üçin möhüm bolan ösüş meýillerini kesgitläp, ekspozisiýa meýillerinden başga-da özünde işewür çäreleriň we köpdürli tanyşdyryş dabaralarynyň örän köp sanlysyny jemledi. Olar milli syýahatçylyk pudaklarynyň gazanan üstünliklerini, dürli mazmunly aragatnaşyk maksatnamalaryny, maslahatlary, bilermenler bilen duşuşyklary, metbugat maslahatlaryny we beýlekileri şöhlelendirýär.
Türkmen wekiliýetiniň sergisiniň çäklerinde guralan we özara gatnaşyklar babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we bilelikdäki taslamalar üçin temalary gözläp tapmaga bagyşlanan maslahat syýahatçylyk işewürleriniň ünsüni özüne çekdi. Şunuň ýaly çekişme köpden bäri zerur bolup durýar, sebäbi ýewropaly syýahatçylaryň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmasy günsaýyn artýar, köne maglumatlar möwrütini ötürýär, syýahatlary guraýjylar bolsa ýurduň häzirki ýagdaýyna gabat gelýän maglumatlary almak isleýärler. Şunuň bilen baglylykda türkmen syýahatçylyk maslahaty Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ýewropaly syýahatçylyk işewürleriniň meýillerini aýdyň görkezdi.
Maslahatyň barşynda, şeýle hem gös-göni biziň diwarlygymyzyň ýanynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän kärdeşleri bilen gepleşikler bu pudagyň döwlet hem-de hususy edaralaryna wekilçilik edýän milli syýahatçylyk operatorlary üçin garaşylýan we anyk mümkinçilikleri has takyk kesgitlemäge, teklipleri alyşmaga mümkinçilik döretdi. ITB Berlin-2013 sergisinde olar onlarça pikirleri we geljegi uly taslamalary toplalydar.
Bu babatda syýahatçylykda hyzmatlar ulgamyny, ilkinji nobatda eksport hyzmatlaryny ösdürmek boýunça tejribe alşylmagyna aýratyn üns berildi. Çünki takyk meýilleşdirilen we guralan syýahatçylyk häzirki wagtda eksportyň örän zerur bolan we örän netijeli görnüşi bolup durýar. Ol maddy we tebigy baýlyklaryň çykarylmagyna talap etmeýär, ýagny sarp edijä öz ýerinde hyzmatlary hödürleýär.
Galyberse-de, syýahatçylyk ulgamy hojalygyň beýleki pudaklaryndan tapawutlylykda tebigatyň, medenietiň, taryhy ýerleriň, amatly ekologiýa ýagdaýynyň, şeýle hem häzirkizaman binagärlik ajaýyplyklarynyň aýawly saklanylmagyna, biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň gözelligini artdyrmaga gyzyklanma bildirýär.
Biziň ýurdumyzda syýahatçylyk işewürligini ösdürmegiň uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, Türkmenistan Berlin sergisinde hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn giňeltmäge, halkara köpçüligine nietlenen has gyzykly bilelikdäki taslamalary goldamaga taýýardygyny aýdyň görkezdi. Dünýä siwilizasiýasynyň ykrar edilen taryhy merkezleriniň biri, şeýle hem netijeli içeri we daşary syýasatyna, kuwwatly ykdysadyýete, baý medeni däplerine we günaýyn artýan halkara abraýyna eýe bolan ýaş garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä syýahatçylyk sergisine gatnaşmagy üstünlikli boldy.
Serginiň öňki günleri türkmen ekspozisiýasyny gelip göränleriň 90 göterimine golaýyny syýahatçylyk bazaryna gatnaşýan hünärmenler düzen bolsa, ITB Berlin-2013 sergisiniň iň soňky iş güni syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň köpçülikleýin gyzyklanmasyna beslendi. Olar ähli zatlar – gezelenç ugurlary hem-de ol ýa-da beýleki ýere nädip özbaşdak baryp bolýanlygy, ýol kireýi we wiza hasaba alnyşy, milli tagamlaryň aýratynlyklary we ýadygärlik üçin Türkmenistandan näme alyp gaýtsaň gowy bolýandygy bilen içgin gyzyklandylar.
Biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk kartasy diwarlygyň iň meşhur bölegine öwrüldi. Kartanyň şekili ýerleşdirilen giň gerimli surat pannosy özboluşly interaktiw portala öwrülip, köp sanly myhmanlara, şeýle hem taryha sarpa goýýanlara we täsinlikleri gözleýjilere gadymy ýadygärlikler we şäherler, köne binagärlik we beýleki taryhy ýerler boýunça gyzykly syýahatlar dünýäsiniň gapylaryny açdy.
Mundan başga-da türkmen syýahatçylyk kompaniýalarynyň diňe biziň diwarlygymyzyň çarçuwalary bilen çäklenmändigini bellemek gerek. Olaryň käbirleri Türkmenistanyň ITB Berlin-2013 sergisine gatnaşmagynyň umumy konsepsiýasynyň çäklerinde beýleki ýurtlaryň bilelikdäki diwarlyklarynda tanyşdyryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny wagyz etmek onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda syýahatçylyk operatorlary tarapyndan Beýik Ýüpek ýoly boýunça serhetüsti syýahatçylyk ugurlary işlenip düzüldi we giňden peýdalanylýar. Olar taryhy - medeni we etnografiýa ugurly gezelençler bolup, bu ugurlar Türkmenistanyň çäginden hem geçýär. Birbada birnäçe ýurtlary öz içine alýan şeýle syýahatlar, iş tejribesiniň görkezişi ýaly, satuwlar bazarynda has zerur bolup durýar. Ýöne esasy zat olaryň diňe bir ykdysady taýdan düşewüntliliginde hem däl-de, eýsem syýahatçylyk netijeçinde Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldildi we öz wezipesini – adamlary we halklary, medenietleri we sebitleri ýakynlaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmegini dowam edýär.
Ýüpek ýolunyň ýurtlaryny birleşdiren sergä gatnaşyjylar bilelikde islendik işiň hötdesinden gelip bolýandygyna ynanýarlar. Sebäbi syýahatçylykda ol ýa-da beýleki ýurda geografik taýdan dahylly desgalary wagyz etmek däl-de, eýsem Ýewraziýa ähmiýetli toplumlaýyn ýadygärlik hökmünde tanyşdyrmak has netijeli bolup durýar.
Şeýle usul ITB Berlin-2013 sergisiniň esasy pikiri bilen sazlaşýar: diňe ylalaşykly çemeleşme syýahatçylygy ösdürmäge, onuň dünýä ykdysadyýetine goşandyny artdyrmaga, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň bilermenleriniň hasaplaýyşlary ýaly, onuň eýeleýän ornuna gowy düşünmäge ýardam edip biler.
Hut ylalaşykly, bilelikdäki çemeleşme serginiň bäş gün dowam eden işiniň netijeliligini hem-de Orta Aziýa ýurtlarynyň umumy meýdançasyny kesgitledi. Başy başlanan gepleşikleriň dowamy hökmünde özara gatnaşyklar boýunça täze meýilnamalar bellenildi. Mysal üçin, Gazagystanyň wekiliýeti Türkmenistanyň wekillerini Beýik Ýüpek ýolunyň geljegi baradaky meseleler boýunça halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek, olary halkara syýahatçylyk bazarynda ilerletmek bolup durýar.
Serginiň işiniň barşynda türkmen syýahatçylyk operatorlary öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem mümkin bolan hyzmatdaşlary bilen işewür gepleşiklerini geçirdiler. Bu hünär duşuşyklarynyň agramly böleginiň tötänden däl-de, eýsem öňünden meýilleşdirilip, oýlanyşykly geçirilendigini bellemek gerek. Munuň özi dartgynly işiň netijeli bolmagyny şertlendirdi.
Mundan başga-da, daşary ýurt işewür toparlarynyň Türkmenistana ünsüniň artmagy şeýle çäreleriň guramaçylaryna biziň ýurdumyzy şunuň ýaly sergilere we duşuşyklara ýörite çakylygyny beýan etmegine sebäp boldy.
Ýeri gelende aýtsak, 2013-nji ýylda Ýewropada halkara syýahatçylyk sergileriniň 200-e golaýy geçiriler. Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşan Londondaky World Travel Market (WTM) Bütindünýä syýahatçylyk ýarmarkasyndan soň Berliniň ITB we Madridde geçirilýän FITUR Halkara syýahatçylyk sergi-biržasy iri we abraýly syýahatçylyk ýarmarkalary hasaplanýar.
Türkmenistan şu ýylyň güýzünde Londonda geçiriljek Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýän bolsa, häzir Berlinde Madridde geçiriljek syýahatçylyk biržasyna çakylyk gelip gowuşdy, ol 2014-nji ýylyň başynda geçiriler.
Türkmen diwarlygynyň myhmany, şu sergini guramaçysy hökmünde çykyş edýän “FITUR” ispan kompaniýasynyň täjirçilik direktory Lurdes Sýerranyň belleýşi ýaly, häzir ispan bazarynda syýahatçylaryň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryna gyzyklanmasynyň artýandygy göze ilýär, munuň özi ýerli syýahatçylyk operatorlaryň Ýewropanyň bazarynda türkmen syýahatçylyk bukjalaryny ýerlemegi artdyrmaga bolan islegleri bilen şertlendirilendir.
Lurdes Sýerranyň pikirine görä, Türkmenistanyň “FITUR” sergisine gatnaşmagy beýleki ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin hem höweslendiriji täsir döredip, ispanlylara hem-de ispan dilinde gürleýänlere özleri üçin diňe täze we özüne çekiji syýahatçlyk ugry däl-de, eýsem biziň ýurdumyzyň özboluşly medeniýetini we baý taryhyny hem açmaga ýardam eder. ITB Berlin sergisiniň hyzmatdaşy bolup durýan ITB ASIA sergisiniň indoneziýaly guramaçylaryndan hem çakylyk gelip gowuşdy. Bu sergi Berlin serginiň deňi-taýy bolup durýar, emma dünýäniň başga künjeginde geçirilýär hem-de Aziýa ýurtlarynyň syýahatçylykdaky ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.
Biziň ýurdumyzyň Berlin sergisinde wekilçilik etmeginiň jemini jemlemek bilen, onuň diňe iş ýüzündäki netijeleri, duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan deslapky ylalaşyklary getirmek bilen çäklenmän, eýsem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan üçin möhüm çäre bolandygyny aýtmak gerek. Onuň üstünligi birnäçe düzümden ybarat bolup, olaryň arasynda biziň ýurdumyz baradaky köne maglumatlary täzelemek, onuň täze keşbini döretmek we Ýewropanyň syýahatçylyk bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň sarp edijileriniň arasyndaky sanawda eýeleýän ornuny ilerletmek şolaryň esasylary bolup durýar.
Türkmen wekilietiniň agzalary öz gezeginde öňdebaryjy daşary ýurt işewürlerini, iri syýahatçylyk assosiasiýalarynyň we milli agentlikleriň ýolbaşçylaryny şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň gözel künjekleriniň birinde – Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Halkara Syýahatçylyk kongresine gatnaşmaga çagyrdylar. Bu giň gerimli maslahat Türkmenistany ähmiýetli syýahatçylyk wakalary üçin giňişlik, halkara syýahatçylygynyň, işewür we maýa goýum işjeňliginiň täze merkezi, özara gatnaşyklar, täze, özboluşly pikirler, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak we bilelikdäki maýa goýum tejribesi üçin giň meýdan hökmünde tanyşdyrar.