Ï Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy

view-icon 650
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegi göz öňünde tutýan giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamanyň amala aşyrylmagyna döwlet Baştutanymyz aýratyn üns berýär.

Türkmen topragyny agzybir, joşgunly zähmeti bilen bezemek üçin halkymyz ajaýyp bahar baýramy bolan Nowruzyň öň ýanynda asylly däbe öwrülen uly ählihalk ýowaryna çykdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy martda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz bu ýowar barada söz açyp, ýurdumyzda umumy döwlet derejesinde amala aşyrylýan bag ekmek maksatnamasynyň ähmiýetiniň örän uludygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmäge ýardam etjek bu çäräni paýtagtymyzyň we welaýatlaryň daş-töwereginde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Şu güneşli gün ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta böleginiň gar basan dag eteklerinde, Çandybil etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Bu ýerde oturtmak üçin dürli görnüşli-pürli, saýaly, miweli we beýleki agaç nahallary irgözünden taýýar edildi. Bu ýerde aýdym-sazlaryň owazy, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini wasp edýän döredijilik toparlarynyň çykyşlary has-da belent ýaňlanýar.

Jemgyýetiň we daşky gurşawyň ösüşiniň sazlaşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksadydyr. Tebigaty goramak, onuň köpdürlüligini aýawly saklamak şol maksatnamanyň möhüm ugrudyr. Bu syýasat milli maksatnamalarda öz beýanyny tapdy. Döwletimiziň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň tebigy-howa aýratynlyklaryny, şeýle hem Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek üçin çäreleri öz içine alýar.

Ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Bu ýerde gurlan çadyrlar we baýramçylyga mahsus ýagdaý şu günki waka aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu gün tutuş türkmen topragynda halkymyzyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň, parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik maksatlaryna ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halky gadym döwürlerden bäri öz topragyny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edip geldi. Olar öz arzuwlaryny durmuşa geçirmäge ymtylyp, gülläp ösýän ýaýlalary, miweli baglary we üzümçilikleri döredipdirler. Häzirki döwürde türkmen halkynyň bu köp asyrlyk arzuwy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäherlerimizi we obalarymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça amala aşyrýan maksatnamasy netijesinde wysal bolýar.

Şunda milli özboluşlylygyň aýratynlyklary hem öz beýanyny tapýar. Çünki Türkmenistanda gadym döwürlerden bäri agaç eken adama uly hormat goýlupdyr. Adamlar ajaýyp bagy synlap, üstünden onlarça ýyllar ötse-de, şol bagy eken adamy hemişe ýatlaýarlar. Agaçlara örän aýawly garaýarlar. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň tokaýlary döretmek we giňeltmek baradaky başlangyjy ählihalk goldawyna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agaç ekmek üçin taýýarlanan ýere gelýär. Bu ýerde milli Liderimiz agaç nahalyny oturdyp, köpçülikleýin bag ekmegin ýazky möwsümine badalga berýär. Döwlet Baştutanymyzyň asylly göreldesine ählihalk ýowaryna gatnaşýanlar agzybirlik bilen eýerýärler. Bu mukaddes işden hiç kim – ýaşulular hem, ýaşkiçiler hem çetde durmady. Megerem, milli özboluşlylygyň aýratynlyklary hem şunda öz beýanyny tapýandyr. Bu il bähbitli parz işe hemmeler agzybirlik bilen gatnaşýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan öz ýaş tokaýlary, ýylyň dowamynda gök öwüsýän seýilgähleri, özboluşly suw çüwdürimleri, giň gök zolaklary bilen myhmanlary haýrana goýýan ýurda öwrüldi.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, türkmen paýtagtynyň töweregindäki dag eteklerinde el bilen döredilen ýaýlalar gök öwüsýär. Bu gün baýyrlyklar pürli we saýaly agaçlary bilen gözüňi dokundyrýar. El bilen döredilen tokaýlyklar ösüp, boý alýar, her ýyl geçirilýän köpçülikleýin çäreler netijesinde olaryň tutýan meýdany giňelýär. Olar halkyň tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde – Änewden başlap Gökdepä çenli we ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda ýaýylyp ýatan tokaýlyklar göwnüňi göterýär. Bu gün Köpetdagyň eteklerine arça agaçlary bezeg berýär. El bilen döredilen gök zolak jana şypaly howany döredýär. Türkmenistany gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça asylly işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agaç nahalyny oturdandan soň, ýowara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmen topragyna perzentlik söýgüsini beýan edýän ägirt uly çäre bu gün tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandy. Bag ekmek işine türkmenistanlylaryň 465 müňe golaýy gatnaşdy. Çäräniň barşynda pürli, saýaly we beýleki agaç nahallarynyň 755 müňe golaýy oturdyldy, şeýle hem ozal ekilen agaçlaryň 1 million 578 müň 500-den gowragyna ideg edildi.

Mahlasy, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban Diýarymyz gür baglyga bürenýär. Bu gün ýurdumyz gadymy we müdümi juwan türkmen topragynyň gülläp ösmeginiň we täzelenmeginiň alamaty hökmünde bereketli baglaryň, gök ýaýlalaryň, ajaýyp seýilgähleriň we gür tokaýlyklaryň ülkesine öwrülýär.